4-nji bölümi gaýtalamak
Mugallym bilen aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Nakyllar 13:20-ni okaň.
Dostlary näme üçin ünsli saýlamaly?
Maşgalada... Mukaddes Kitabyň haýsy maslahaty kömek edip biler?
äre ýa-da aýala...
ene-ata ýa-da çagalara...
(49-njy we 50-nji sapaga serediň).
Nähili geplesek Ýehowa begenýär? Nähili geplesek Ýehowa halamaýar?
Eşik saýlanymyzda ýa-da bezenenimizde Mukaddes Kitapdaky haýsy prinsipler dogry karara gelmäge kömek edip biler?
Ýehowany gynandyrmaz ýaly nädip dynç almaly?
Matta 24:45—47-nji aýatlary okaň.
«Wepaly hem paýhasly hyzmatkär» kim?
Sen ýygnaga nädip kömek edip bilersiň?
Zebur 133:1-i okaň.
Ýygnakda agzybirligiň bolmagyna nädip goşant goşup bilersiň?
Eger agyr günä etsek, Ýehowanyň kömegini nädip kabul etmeli?
1 Taryh 28:9-y okaň.
Ýehowa gulluk etdirmejek bolsalar ýa-da tanyşlaryňdan biri hakykatdan ýüz öwürse, nädip Hudaýa bütin ýürekden gulluk edip bilersiň?
Ýehowa wepaly bolup, ýalan dinden doly çykmak üçin ýene üýtgetmeli zatlaryň barmy?
Yzarlamalara ýa-da synaglara nädip taýýarlyk görüp bilersiň?
Ruhy taýdan hasam öser ýaly nähili maksatlary goýmak isleýärsiň?