Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI BÖLÜM

Jennetde ýaşaýyş nähilidi?

Jennetde ýaşaýyş nähilidi?

Ýehowa Adam ata bilen How enä köp gowy zatlary berdi. Gelip çykyş 1:28

Ýehowa How enäni ýaradyp, Adam ata aýal edip berdi (Gelip çykyş 2:21, 22).

Ýehowa olary hiç hili kemçiliksiz, kämil aň we beden berip ýaratdy.

Olaryň öýi owadan ýer bolan Erem bagydy, ýagny hakyky Jennetdi. Ol ýerden derýa geçýärdi, ir-iýmişli agaçlar we dürli haýwanlar bardy.

Ýehowa olar bilen gürleşýärdi we öwredýärdi. Eger olar gulak asan bolsalar, onda Jennetde ebedi ýaşardylar.

Hudaý olara diňe bir agajyň miwesinden iýmegi gadagan etdi. Gelip çykyş 2:16, 17

Bir perişde Hudaýa garşy çykdy. Ol zalym perişde Şeýtan Iblis.

Ýehowa adam ata bilen How enä diňe bir agajyň miwesinden iýmäň, iýseňiz ölersiňiz diýdi.

Şeýtan Adam ata bilen How enäniň Ýehowa gulak asmagyny islemedi. Şonuň üçin ol How enä ýylan arkaly şol agajyň miwesinden iýseň ölmersiň, Hudaý ýaly bolarsyň diýdi. Elbetde, bu ýalandy (Gelip çykyş 3:1—5).