Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

13-NJI BÖLÜM

Hakyky iman ebedi ýaşaýşa eltýär

Hakyky iman ebedi ýaşaýşa eltýär

 INJILDE: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýilýär (Rimliler 1:17). Bu sözler göwnüňi göterýär. Näme üçin?

 Isa Mesih ýer ýüzündäki gullugyny tamamlap, Hudaýyň ýanyna göge galdy. Ol şägirtleriniň «gözleriniň alnynda ýokary galdyryldy, bir bulut Ony olaryň nazaryndan gizledi» (Resullaryň işleri 1:9). Hudaý ony gökde güýçli Patyşa edip belledi. Ýakyn gelejekde Isa «öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Bütin milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar» (Matta 25:31, 32). Bu haçan bolar?

 Mukaddes Ýazgylara görä, häzirki kyn döwür Mesihiň tizden ähli halklary höküm etmäge geljekdigini görkezýär. Isa şeýle alamatyň boljakdygyny aýdypdy: «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylyk, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar» (Luka 21:7, 10, 11).

Häzirki kynçylyklar Mesihiň tizden halklary höküm etjekdigini görkezýär

 Häzir Isanyň sözleriniň ýerine ýetýändigi has-da aýdyň görünýär. Tizden ol zalym dünýäni ýok eder. Hatda Şeýtany hem ýok eder! Bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler. Ähli adamlar biri-biri bilen, hatda haýwanlar bilen hem parahat ýaşarlar. «Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, bir ýerde ýatar gaplaň we owlak, göle, arslan we bir ýaşar mal biledir, olary bir ýaş bala bakar. Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez» (Işaýa 11:6, 9). Ýaşaýjylaryň hiç biri: «Men syrkaw» diýmez... körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar» (Işaýa 33:24; 35:5). Ölen adamlar hem direler. Ýehowa adamlaryň «gözýaşlaryny süpürer», «indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Işaýa 25:8; Ylham 21:4). Allatagalanyň ilkibaşdaky niýeti amala aşar. Nähili ajaýyp gelejek!

Imanyňyzy berkidiň

 Ýer ýüzünde boljak Jennetde kim ýaşar? Allatagala hakyky imanly adamlary ýaşadar!

 Hakyky imanyň Hudaýyň Sözündäki dogry bilime esaslanýandygyny unutmaň. Hudaý we Isa pygamber barada köpräk bilim almagy dowam ediň!

Hakyky imanly adamlar Jennetde ebedi ýaşar!

 Hakyky iman ýagşy işlere höweslendirýär. Injilde: «Iman hem amallar bolmasa ölüdir» diýilýär (Ýakup 2:26). Siz ýagşy işleri edip, Allanyň güýç, adalatlylyk, akyldarlyk we söýgi ýaly ajaýyp häsiýetlerine eýerersiňiz. Siz şu häsiýetleri ösdürmegi dowam ediň!

 Siz imanyňyzy berkitseňiz, bol berekediň eýesi bolarsyňyz. Şeýdip, siz hem häzir, hem gelejekde bagtly ýaşarsyňyz!