Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

6-NJY BÖLÜM

Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

 HUDAÝ ýeri adamlaryň ýaşamagy üçin ýaratdy. Allanyň Sözünde: «Gökler Rebbiň gökleridir, emma ýeri Ol adam ogullaryna berdi» diýilýär (Zebur 115:16).

 Hudaý Adam atany ýaratmanka, ýeriň bir böleginde owadan bagy döredip, ony Erem bagy diýip atlandyrdy. Töwrat kitabyna laýyklykda, Perat (Ýewfrat) bilen Tigr derýasynyň gözbaşy Erem bagyndan gaýdýar *. Aýtmaklaryna görä, Erem bagy häzirki Türkiýäniň günortasynda ýerleşipdir. Hawa, Erem bagy, hakykatdan-da, ýer ýüzünde bolupdyr.

 Hudaý Adam atany ýaradyp, Erem bagynda ýerleşdirýär hem-de oňa bagy «işläp bejermegi we oňa gözegçilik etmegi» tabşyrýar (Gelip çykyş 2:15). Soňra Hudaý Adam üçin aýaly, ýagny How enäni ýaradýar. Alla olara: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň» diýýär (Gelip çykyş 1:28). Görşümiz ýaly, Alla ýer ýüzüni «boş bolmasyn, adamly bolsun» diýip ýaratdy (Işaýa 45:18).

 Emma Adam ata bilen How ene Hudaýyň kanunyny bilgeşleýin bozup, Oňa garşy çykdylar. Şonuň üçin Hudaý olary Jennetden kowdy. Şeýdip, olar Jenneti ýitirdiler. Ýöne Adam atanyň eden günäsi has köp zyýan ýetirdi. Injilde şeýle diýilýär: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi» (Rimliler 5:12).

 Ýehowa ýer ýüzüni Jennete öwrüp, onda bagtly adamlary ýaşatmak niýetinden el çekdimi? Ýok! Hudaý şeýle diýýär: «Meniň agzymdan çykýan sözüm-de... Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, ýetsin diýip iberen işim-de üstünlikli bolar» (Işaýa 55:11). Jennet ýer ýüzünde dikeldiler!

 Jennetde ýaşaýyş nähili bolarka? Geliň, indiki sahypalardan Mukaddes Ýazgylaryň berýän wadalaryna seredeliň.

^ Gelip çykyş 2:10—14-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Erem bagyny suwarýan derýa Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär. Birinji derýanyň ady Pişondyr... Ikinji derýanyň ady — Gihondyr... Üçünji derýanyň ady — Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Perat derýasydyr». Ilkinji iki derýanyň ady we ýerleşýän ýeri belli däl.