1-NJI BÖLÜM
Hudaý biziň aladamyzy edýärmi?
HÄZIR aladasyz adam ýok. Millionlarça adamlar uruşlardan, tebigy betbagtçylyklardan, keselçilikden, garyplykdan, parahorlykdan we başga-da erbetliklerden ejir çekýärler. Siziň hem köp aladaňyz bardyr. Kim bize kömek edip biler? Biziň aladamyzy edýän barmy?
Biziň aladamyzy Alla edýär. Ol Mukaddes Ýazgylar arkaly şeýle diýýär: «Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi? Özünden önen çaga rehim etmezmi? Hatda öz balasyny unutsa-da ene, Men seni unutmaryn» *.
Eýsem, bu sözler bize göwünlik bermeýärmi? Ene mähri — iň güýçli duýgy. Allanyň bize bolan söýgüsi bolsa, enäniň çagasyna bolan söýgüsinden has güýçlüdir. Ol bizi hiç haçan ýeke goýmaz. Hudaý hemişe biziň aladamyzy edýär. Nädip? Ol bize hakyky iman arkaly bagtly ýaşamaga kömek edýär.
Siz Hudaýa ýürekden iman etseňiz, bagtly bolarsyňyz. Şeýle iman köp kynçylyklara döz gelip, olardan gaça durmaga kömek eder. Ol sizi Hudaýa ýakynlaşdyrar we kalbyňyza rahatlyk berer. Galyberse-de, hakyky iman ajaýyp gelejege — Jennetde boljak ebedi ýaşaýşa elter!
Hakyky iman näme? Siz imanyňyzy nädip berkidip bilersiňiz?
^ Mukaddes Ýazgylaryň Işaýa kitabynyň 49-njy babynyň 15-nji aýadyna serediň.