4-NJI BÖLÜM
Hudaý kim?
ADAMLAR ençeme taňrylara sežde edýärler, emma Mukaddes Ýazgylarda Hudaý ýeke-täkdir diýilýär. Ol deňsiz-taýsyz we ebedidir. Ol gökdäki we ýerdäki ähli zatlary ýaratdy, bize ýaşaýyş berdi. Diýmek, biz diňe Alla sežde etmeli.
Hudaýyň ady hem bar. Onuň ady ÝEHOWA. Mezmurçy şeýle diýýär: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» (Zebur 8:1). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň Ýehowa ady takmynan 7 000 gezek agzalýar. Ýehowa Hudaý barada Zebur 83:18-de: «Bütin dünýäniň üstünde diňe Sen hemmelerden beýiksiň» diýilýär.
Hudaýy hiç kim gören däldir. Allatagala Musa pygambere: «Sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi (Müsürden çykyş 33:20). Hudaý gökde ýaşaýar, ony hiç bir ynsan görüp bilmeýär. Şonuň üçin Hudaýyň şekilini ýasap we suratyny çekip, Oňa sežde ýa-da doga etmek nädogrudyr. Ýehowa Hudaý Musa pygamber arkaly şeýle tabşyryk berdi: «Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn» (Müsürden çykyş 20:2—5). Hudaý Işaýa pygamber arkaly: «Men Rebdirin (Ýehowadyryn), bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin» diýdi (Işaýa 42:8).
Käbir adamlar Alla ynansalar-da, Ony tanap, Onuň bilen dostlaşyp bolmaz öýdýärler. Käbiri bolsa Hudaýy söýmeli däl-de, ondan gorkmaly diýýärler. Siz nähili pikir edýärsiňiz? Alla siziň aladaňyzy edýärmi? Siz Hudaýy tanap, Onuň bilen dostlaşyp bilermisiňiz? Häzir bolsa Mukaddes Ýazgylar arkaly Allanyň häsiýetlerini bileliň.