Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI BÖLÜM

Mesih peýda bolýar

Mesih peýda bolýar

 DANIÝELIŇ pygamberlik edenine 500 ýyldan gowrak wagt geçipdi. Jebraýyl perişde Dawut patyşanyň neslinden bolan Merýem atly päk gyzyň ýanyna baryp: «Salam, eý merhemete sezewar bolan! Reb seniň bilendir» diýýär (Luka 1:28). Merýem gorkýar. Jebraýyl perişde oňa näme diýmekçidi?

Jebraýyl perişde Merýeme Mesihi dünýä indirjekdigini aýtdy

 Jebraýyl perişde şeýle diýýär: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýdan merhemet tapdyň. Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň... Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer... patyşalygynyň soňy bolmaz» (Luka 1:30—33). Gör, nähili ýagşy habar! Merýem Mesihi, köp garaşylan «nesli» dünýä indirmelidi!

 Şol ýylda Isa Beýtullaham şäherinde dünýä inýär. Gije bir perişde çopanlaryň ýanyna baryp, şeýle habar aýdýar: «Ine, men size... şatlygy buşlaýaryn. Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir» (Luka 2:10, 11). Biraz wagtdan Merýem maşgalasy bilen Nasyra şäherine göçýär, Isa-da şol ýerde ulalýar.

 Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, b. e. 29-njy ýylynda Mesih peýda bolýar. Şol ýyl Isa Hudaýyň pygamberi hökmünde gulluk edip başlaýar. Ol «otuz ýaşlaryndady» (Luka 3:23). Köp adamlar onuň Hudaý tarapyn iberilendigine düşünip: «Aramyzda bir uly pygamber peýda bolupdyr» diýişýärdi (Luka 7:16, 17). Isa näme barada öwretdi?

 Isa adamlara Hudaýy söýmegi we Oňa sežde etmegi öwretdi. Isa şeýle diýdi: «Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!» (Markus 12:29, 30). Şeýle-de ol: «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et» diýdi (Luka 4:8).

 Isa adamlary biri-birini söýmäge çagyrdy. Isa olara: «Goňşyňy özüň ýaly söý!» diýdi (Markus 12:31). Ol: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň; çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyň özeni şudur» diýdi (Matta 7:12).

 Isa Hudaýyň Patyşalygy barada yhlas bilen gürrüň berýärdi. Ol: «(Men) Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny... bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» diýdi (Luka 4:43). Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmek näme üçin ähmiýetlidi?

 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Hudaýyň Patyşalygy gökdäki hökümet bolup, ýeriň üstünden höküm sürer. Hudaý Isany şol Patyşalygyň Patyşasy edip belledi. Daniýeliň pygamberligine görä, Hudaý Mesihe gökde «hökümdarlyk, mertebe hem patyşalyk berer» (Daniýel 7:14). Patyşalyk ýer ýüzüni Jennete öwrüp, Hudaýyň gullukçylaryny ebedi ýaşaýyş bilen sylaglar. Eýsem, bu ajaýyp habar dälmi näme?!