Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Gadyrly dogan-uýalar!

Dürli dilde çykýan «Garawul diňiniň» wagyz üçin niýetlenen sanynda birnäçe ýyldan bäri «Olaryň imanyndan görelde alyň» atly makalalar çap edilýär. Şol makalalar häzirki okyjylara Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylaryny göz öňüne getirmäge kömek edýär. Hudaýa wepaly gulluk eden şol erkekdir aýallar kynçylyklara hem synaglara uçranda, imanda berk durup, bize gowy görelde galdyrdy.

Okyjylar şol makalalara nähili seslendiler? Bir uýa Marta barada makalany okap şeýle ýazdy: «Men makalany okap, gülüp başladym. Sebäbi menem hemişe Marta ýaly myhmansöýer boljak bolup, şeýle başagaý bolýaryn welin, hatda myhmanlar bilen oturyp, olar bilen gürrüň etmekden şatlyk tapmagy ýatdan çykarýaryn». Ýetginjek uýamyz Ester barada okap, şeýle netijä gelýär: «Men egin-eşik we soňky çykan moda köp üns berýärin. Biz daş-keşbimiz barada alada etmeli bolsak-da, çendenaşa biynjalyk bolmaly däl». Uýamyz sözüni şeýle jemleýär: «Aslynda, Ýehowa biziň içgi dünýämiz bilen gyzyklanýar». Ýene-de bir uýamyz şeýle diýýär: «Men Petrus barada okap, wakalary göz öňüme şeýle getirdim welin, özümi edil şol ýerde ýaly duýdum».

Başga-da ençeme okyjylar makalalara bolan minnetdarlygyny bildirip, Pawlus resulyň ençeme ýyl öň ýazan sözlerini tassykladylar. Ol: «Öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr» diýdi (Rim. 15:4). Ýehowa Mukaddes Ýazgylarda bu wakalary bize wajyp sapaklar bermek üçin ýazdyrdy. Biziň Ýehowa näçe ýyl gulluk edýändigimize garamazdan, olardan köp zady öwrenip bileris.

Şol makalalar häzire çenli türkmen dilinde ýokdy. Emma şu kitapda biz olary size hödür edýäris. Kitaby maşgala okuwynda geçseňiz, çagalaryňyzam begener! Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda kitaby öwreneniňizde, ýekeje hepdesini hem sypdyrmaň! Kitaby okamak üçin wagt tapyň we howlukman okaň. Okaýan zatlaryňyzy göz öňüne getirip, özüňizi edil şol ýerde ýaly duýuň. Hudaýyň gadymy döwürde ýaşan wepaly gullukçylarynyň duýgusyna düşünjek boluň we olaryň görýän zadyny görjek bolup jan ediň. Sizem olaryň ýagdaýyna düşen bolsaňyz, näme etjekdigiňiz barada oýlanyň.

Bu kitaby size şatlyk bilen hödür edýäris. Goý, ol size we maşgalaňyza köp bereket bersin. Gyzgyn söýgi we ýagşy arzuwlar bilen

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty