Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

DOKUZYNJY BAP

Ol paýhasly hereket etdi

Ol paýhasly hereket etdi

1—3. a) Abygaýylyň maşgalasyna nähili howp abandy? b) Biz Abygaýyl barada nämeleri bileris?

ABYGAÝYL ýaş ýigidiň ýüzüne seredende, onuň gorkandygyny görýär. Onuň gorkmagynyň sebäbi — ölüm howpy abanýardy. Ýaraglanan 400 esger Abygaýylyň adamsy Nabalyň maşgalasyndaky erkek göbeklileriň ählisini gyrmakçydy. Näme üçin?

2 Sebäbi muňa gödek we tekepbir Nabal günäkärdi. Bu gezek ol wepaly we edermen esgerleriň serkerdesini kemsitdi. Şol sebäpli Nabalyň ýaş çopanlarynyň biri, Abygaýyl olary halas etmek üçin bir zatlar eder diýen umyt bilen onuň ýanyna gelýär. Ýöne bu aýalyň ýeke özi tutuş goşunyň garşysyna näme edip biler?

Bir aýal tutuş goşunyň garşysyna näme edip biler?

3 Gel, ilki bilen, berk imany bolan bu aýal barada bileli. Abygaýyl kimdi? Bu howply ýagdaýyň döremegine näme sebäp boldy? Biz Abygaýylyň imanyndan nädip görelde alyp bileris?

Paýhasly hem owadan aýal

4. Nabal nähili adamdy?

4 Abygaýyl bilen Nabal bir-birine taý däldi. Nabal Abygaýyl ýaly gowy aýaly Abygaýyl bolsa, şondan beterini tapyp bilmezdi. Ol baý bolany üçin özüne göwni ýetýärdi. Emma başga adamlar ol barada näme pikir edýärdi? Mukaddes Ýazgylarda onuň häsiýetiniň gaty ýaramaz bolandygy aýdylýar. Onuň ady «nejis» we «akmak» diýmegi aňladýardy. Belki, ene-atasy bu ady oňa doglandan ýa-da adamlar şol lakamy onuň biderek häsiýetini bilip dakandyr. Nabal adyna mynasypdy, sebäbi ol «deýýus hem hyrsyz adamdy». Ol içegen we dawaçyl bolany üçin, adamlar ondan gorkýardy hem-de halamaýardy (1 Şam. 25:3, 4, 18, 22, 26).

5, 6. a) Abygaýylyň nähili häsiýetleri bardy? b) Abygaýyl näme üçin biderek adama durmuşa çykdy?

5 Abygaýyl Nabaldan düýbünden tapawutlanýardy. Onuň ady «Atam begendi» diýmegi aňladýar. Atalaryň köpüsi owadan gyzynyň bardygyna buýsanýar, emma paýhasly atalar çagasynyň gowy häsiýetlerine guwanýar. Köplenç adamlar boý-syratynyň owadan bolandygy üçin, paýhaslylyk, batyrgaýlyk we iman ýaly häsiýetleri ösdürmegiň wajypdygyny unudýar. Emma Abygaýyl olar ýaly däldi. Mukaddes Ýazgylarda onuň paýhaslygy we owadanlygy wasp edilýär (1 Şamuwel 25:4-i oka) *.

6 Şu günler käbir adamlar şeýle paýhasly aýalyň näme üçin biderek adama durmuşa çykandygyna haýran galmagy mümkin. Gadymy döwürde ene-atalar çagalaryna ýanýoldaş tapyp berýärdi, sebäbi olaryň razylygy örän wajypdy. Belki, Abygaýylyň ene-atasy Nabalyň abraýyna we baýlygyna göz gyzdyrandyr ýa-da garyp düşendigi sebäpli gyzyny oňa bermeli bolandyr. Emma Nabalyň puly köp bolsa-da, ol gowy ýanýoldaş bolup bilmedi.

7. a) Şu günler ene-atalar çagalaryny nämä mejbur etmeli däl? b) Abygaýyl näme etmegi ýüregine düwdi?

7 Paýhasly ene-atalar çagalaryna durmuş gurmak babatda dogry garaýyşda bolmagy öwredýär. Olar çagalaryny baýlyk üçin durmuş gurmaga ýa-da maşgala borçlaryny ýerine ýetirmäge entek ýaş bolsa, biri bilen halaşmaga mejbur etmeýärler (1 Kor. 7:36). Emma Abygaýyla bu zatlar barada oýlanmak giçdi. Ol eýýäm Nabala durmuşa çykypdy we maşgaladaky borçlaryny gowy ýerine ýetirmek üçin elinde baryny etmegi ýüregine düwüpdi.

«Hojaýynymyz olary kemsitdi»

8. Nabal kimi kemsitdi we ol näme üçin akylsyz hereket etdi diýse bolar?

8 Nabal Abygaýyly öňküdenem beter kyn ýagdaýa salýar. Ol ýöne-möne adamy däl-de, Ýehowanyň wepaly gullukçysy Dawudy kemsidýär. Hudaý Şamuwel pygamber arkaly ony Şawula derek patyşa edip belläpdi (1 Şam. 16:1, 2, 11—13). Dawut 600 wepaly esgeri bilen zalym we görip Şawuldan gaçyp, çölde ýaşaýardy.

9, 10. a) Dawut we onuň adamlary nähili şertlerde ýaşaýardy? b) Nabal näme üçin Dawuda we onuň adamlaryna minnetdar bolmalydy? (Şeýle-de 10-njy abzasdaky çykgyda seret).

9 Nabal Magonda ýaşasa-da, Karmeliň golaýynda onuň mülki bardy *. Nabalyň üç müň goýny şol şäherleriň golaýyndaky öri meýdanlarda bakylýardy. Olaryň daş-töweregi bolsa, takyrlyk ýerdi. Günortada Paran çöli ýaýylyp ýatyrdy. Gündogarda bolsa, Duz deňzi (Öli deňzi) we gowakly hem-de jülgeli çola ýerler bardy. Ine, şol ýerde Dawut adamlary bilen gizlenip, gün görmek üçin kynçylyk çekýärdi. Olar baý Nabalyň ýaş çopanlaryna köp duş gelýärdi.

10 Batyr esgerler çopanlara nähili garaýardy? Elbetde, olar et iýesi gelip, goýunlary ogurlap bilerdi. Emma olar beýle etmediler. Gaýtam, esgerler Nabalyň çopanlaryny we sürülerini gala kimin goraýardy (1 Şamuwel 25:16, 17-nji aýatlary oka) *. Çopanlara we olaryň sürülerine köp howp abanýardy. Olaryň daş-töwereginde wagşy haýwanlar köpdi we şol ýer Ysraýylyň günorta serhedine golaýdygy sebäpli, goňşy halklar ýygy-ýygydan sürüleri talaýardy *.

11, 12. a) Dawut Nabala hormat goýýandygyny nädip görkezdi? b) Nabal Dawuda nähili jogap berdi?

11 Dawuda çölde adamlaryny eklemek kyn bolandyr. Şonuň üçin günleriň birinde Dawut kömek sorap, Nabalyň ýanyna 10 ýigidini ugradýar. Munuň üçin ol amatly wagty saýlaýar. Şol wagt goýun gyrkymydy, adamlar hem baýramçylyk belläp, däp boýunça jomart bolýardylar. Şeýle-de ol Nabala ýüzlenende, «ogluň Dawut» diýip, onuň ýaşyna hormat goýýandygyny görkezýär. Nabal oňa nähili jogap berdi? (1 Şam. 25:6—9).

12 Onuň gaty gahary geldi! Babyň başynda agzalýan ýaş ýigit Abygaýyla: «Hojaýynymyz olary kemsitdi» diýdi. Nabal olar üçin çöregini, suwuny we soýan malynyň etini gysgandy. Ol Dawudy gaçgak hyzmatkär diýip kemsitdi. Nabalam Şawul ýaly Dawudy ýigrenýärdi. Emma Ýehowa oňa başgaça garaýardy. Hudaý Dawudy gowy görüp, oňa gaçgak hyzmatkär ýaly däl-de, Ysraýylyň geljekki patyşasy hökmünde garaýardy (1 Şam. 25:11, 12, 15).

13. a) Dawut Nabalyň kemsitmegine nähili garady? b) Ýakup 1:20-däki prinsipden Dawudyň gaharlanmagy barada nämäni bilýäris?

13 Ýigitler Dawudyň ýanyna gelip, bolan zatlary gürrüň berdiler. Şonda ol gahar-gazaba münüp, «ähliňiz gylyjyňyzy dakynyň» diýdi. Dawut 400 esgeri bilen ýaraglanyp, ýola düşdi. Ol Nabalyň öýündäki ähli erkek göbeklileri gyrjakdygyna ant içdi (1 Şam. 25:13, 14, 22, 23). Dawudyň gaharlanmagynyň sebäbi bolsa-da, bu gowulyga eltmeýärdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Adamyň gahary Hudaýyň talap edýän dogrulygyny emele getirmez» diýilýär (Ýakup 1:20). Abygaýyl maşgalasyny nädip halas edip biler?

Hudaý paýhaslygyňa ak pata bersin

14. a) Abygaýyl gandöküşligiň öňüni almak üçin ilki bilen näme etdi? b) Nabal bilen Abygaýylyň nähili tapawudy bardy we biz mundan näme öwrenip bileris?

14 Biz Abygaýylyň gandöküşligiň öňüni almak üçin ýoldaşy Nabaldan tapawutlylykda, ilki bilen, adamy diňlemegi başarýandygyny bildik. Ýaş çopan: «Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok» diýdi (1 Şam. 25:18). Nabalyň özüne göwni ýetýändigi üçin hiç haçan adamy diňlemeýärdi. Şu günlerem şoňa meňzeş adamlar kän. Emma ýaş çopan Abygaýylyň ondan tapawutlanýandygyny we çykalga tapyp biljekdigini bilýärdi.

Abygaýyl Nabaldan tapawutlylykda adamlary diňleýärdi

15, 16. a) Abygaýyl başarjaň aýaldygyny nädip görkezdi? b) Abygaýyl näme üçin ýoldaşynyň baştutanlygyna garşy çykmady diýse bolar?

15 Abygaýyl oýlandy-da, «wagt ýitirmän» hereket edip başlady. Mukaddes Ýazgylarda onuň çalt hereket edendigi birnäçe gezek aýdylýar. Ol Dawut we onuň adamlary üçin çörek, şerap, goýnuň gowurdagyny, kişmiş we injir kişdesini taýýarlady. Abygaýyl Süleýmanyň tymsallarynda aýdylýan başarjaň aýal ýaly, öýünde nämäniň bardygyny gowy bilýärdi (Sül. tym. 31:10—31). Ol taýýarlan zatlaryny hyzmatkärlerine berip, özi hem olaryň yzyna düşüp gitdi. «Ýöne ol adamsy Nabala hiç zat aýtmady» (1 Şam. 25:19, 20).

16 Abygaýylyň bu eden işi ýoldaşyna maşgalabaşy hökmünde, hormat goýmaýandygyny görkezýärmi? Ýok, sebäbi Nabal Ýehowanyň mesh eden gullukçysyna garşy çykyp, öýündäki köp adamlaryň janyny howp astyna saldy. Eger Abygaýyl hiç zat etmedik bolsa, ýoldaşynyň günäsine şärik bolardy. Ol bu ýagdaýda ýoldaşyna däl-de, Hudaýa tabyn bolmak isledi.

17, 18. a) Abygaýyl Dawudy görende näme etdi? b) Abygaýyl Dawuda näme diýdi we onuň aýdan sözleri oňa nähili täsir etdi?

17 Abygaýyl Dawudy we onuň adamlaryny görende, derrew eşekden düşdi-de, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi (1 Şam. 25:21, 24). Soňra ol Dawuda ýoldaşyna we öýündäki adamlara rehim etmegi ýalbardy. Abygaýyl onuň ýüregini ýumşadar ýaly nähili sözleri aýtdy?

Gyrnagyňa seniň bilen gepleşmäge rugsat ber

18 Abygaýyl günäni öz boýnuna alyp, Dawutdan ötünç soraýar. Ol Dawuda Nabal ýaly akmak adamdan ar alyp, onuň bilen deň bolma diýýär. Ol Dawuda Ýehowanyň wekili hökmünde garaýandygyny we onuň «Reb üçin göreşýändigini» aýdýar. Şeýle-de Abygaýyl oňa: «Reb seni Ysraýyla hökümdar belledi» diýmek bilen, Ýehowanyň ony patyşa edip belländiginden habarlygydyny aýdýar. Soňra ol Dawuda ynsabyň ezýet bermez ýaly, nähak ýere gan dökme diýdi (1 Şamuwel 25:25, 26, 29, 31-nji aýatlary oka) *. Onuň aýdan sözleri Dawudyň ýüregine jüňk boldy.

19. Dawut Abygaýyla näme jogap berdi we Dawut ony näme üçin öwdi?

19 Dawut Abygaýyla näme jogap berdi? Ol onuň getiren zatlaryny kabul edip: «Şu gün meni saňa duşuran Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Paýhasyňa berekella, özüňe berekella. Bu gün gan dökmekden hem öç almakdan meniň ellerimi sen sakladyň!» diýdi. Dawut Abygaýylyň mertlik bilen haýal etmän duşuşandygy üçin öwüp, ony gan dökmekden saklandygyny aýdýar. Ol Abygaýyla: «Arkaýyn öýüňe gaýdyber; sözüň kabul boldy, haýyşyň bitdi» diýdi (1 Şam. 25:32—35).

Gyrnagyň taýyn

20, 21. a) Abygaýylyň ýoldaşynyň ýanyna gaýdyp gelmegi näme üçin öwgä mynasyp? b) Abygaýylyň Nabal bilen gepleşmek üçin amatly wagt saýlamagy mertdigini we paýhaslydygyny nädip görkezýär?

20 Abygaýyl Dawudyň ýanyndan gidensoň, bu duşuşyk barada oýlanýardy. Ol Hudaýyň wepaly hem-de rehimdar gullukçysynyň dawaçyl ýoldaşy Nabaldan nähili tapawutlanýandygyna üns berdi. Emma ol bu barada oýlanmagyny bes etdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi» diýilýär. Sebäbi ol maşgala borçlaryny ýerine ýetirmek üçin elinde baryny etmek isleýärdi. Abygaýyl ýoldaşyna Dawuda we onuň nökerlerine näme berendigini gürrüň bermelidi, sebäbi muny bilmäge Nabalyň haky bardy. Eger ýoldaşy bolan zatlary başga birinden eşitse, masgara bolardy. Ýöne Abygaýyl muny gelen badyna gürrüň bermeýär. Sebäbi Nabal öýünde şalarça meýlis gurnap otyrdy we çendenaşa serhoşdy (1 Şam. 25:36).

Abygaýyl Nabaly halas etmek üçin näme edendigini mertlik bilen gürrüň berdi

21 Abygaýyl ertesi irden Nabalyň serhoşlukdan açylmagyna garaşyp, ýene-de mertdigini we paýhaslydygyny görkezdi. Ýogsam ýoldaşy onuň aýtjak sözlerine we nähili howpuň sowlandygyna düşünmezdi. Abygaýyl oňa bar zady gürrüň berdi. Ol Nabal gaharlanyp, üstüne topular öýtdi. Emma Nabal oturan ýerinde doňup galdy (1 Şam. 25:37).

22. Nabala näme boldy we biz maşgalada bolýan zorluk-sütem barada näme bilýäris?

22 Bu nejis adama näme boldy? «Nabalyň ýüreginden tutdy, ol doňňara daşa dönüp», takmynan on günden aradan çykdy. Ýöne ol keselläp ölmedi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Reb Nabaly urdy; ol öldi» diýilýär (1 Şam. 25:38). Şeýdip, Abygaýylyň ajy gözýaşdan doly maşgala durmuşy gutardy. Şu günler Ýehowa şeýle gudratlary görkezmese-de, şu wakadan Hudaýyň maşgalada bolýan zorluk-sütemi görýändigini bilýäris. Ol adalaty hemişe öz wagtynda dikeldýär (Luka 8:17-ni oka).

23. Hudaý Abygaýyly nädip bereketledi we ol kiçigöwünlidigini nädip görkezdi?

23 Ýehowa Abygaýyly diňe bir Nabaldan dyndyrman, eýsem oňa ýene-de bir bereket berýär. Dawut Nabalyň ölendigini eşidip, Abygaýyla öýlenmek üçin sawçy iberýär. Abygaýyl: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn» diýmek bilen üýtgemändigini görkezýär. Sebäbi ol Dawudyň hyzmatkärlerine kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmäge taýyndy. Mukaddes Ýazgylarda onuň Dawudyň ýanyna gitmek üçin, ýene-de çalt hereket edendigi aýdylýar (1 Şam. 25:39—42).

24. Abygaýyl täzeden durmuşa çykyp, nähili kynçylyklara duş geldi, emma onuň ýoldaşy hem-de Hudaýy oňa nähili garaýardy?

24 Abygaýyl Dawudyň aýaly bolsa-da, durmuşynda ähli zady gülala-güllük bolmaýar. Sebäbi onuň eýýäm Ahynogam atly aýaly bardy. Şol döwür Hudaý birnäçe aýal almaga rugsat berse-de, wepaly aýal üçin maşgalada köp kynçylyk döreýärdi. Onsoňam, Dawut entek patyşa däldi, şol sebäpli ol köp kynçylyklara duş geldi. Abygaýyl bütin ömrüne Dawuda kömek edip, ony goldady. Birnäçe wagtdan oňa ogul hem dogrup berdi. Dawudam onuň gadyryny bilip, hemişe goraýardy. Hatda bir gezek Dawut ony galtamanlardanam halas etdi (1 Şam. 30:1—19). Şeýdip, ol Ýehowanyň göreldesine eýerip, paýhasly, mert we wepaly aýaly söýüp, onuň gadyryny bilýärdi.

^ abzas 5 1 Şamuwel 25:4 Onuň ady Nabal, aýalynyň ady Abygaýyldy. Aýaly akylly hem görmegeýdi, ýöne onuň özi deýýus hem hyrsyz adamdy. Ol Kalep neslindendi.

^ abzas 9 Bu demirgazykda ýerleşýän we Elýaşa pygamberiň Bagalyň pygamberlerini ýok eden ady belli Karmel dagy däldi (10-njy baba seret). Karmel şäheri çölüň günortasynda ýerleşýärdi.

^ abzas 10 1 Şamuwel 25:16 Olar bize kän ýagşylyk edipdiler, bizi ynjytmandylar. Olaryň ýanynda bolan döwrümizde biziň hiç zadymyz ýitmändi. 17 Bile goýunlarymyzy saklanymyzda, olar biziň daşymyzyň galasy bolupdylar.

^ abzas 10 Dawut ýerli adamlaryň emlägini we sürülerini goramaga Hudaýa gulluk etmek ýaly garaýardy. Şol döwürde Ýehowa bu ýeri Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesline bermekçidi. Şol sebäpli ony özge halklaryň talaňçylaryndan goramak mukaddes gulluk hasaplanýardy.

^ abzas 18 1 Şamuwel 25:25 Ol Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Günäsi, goý, meniň boýnuma bolsun, agam. Özüň bilen gepleşmäge gyrnagyňa ygtyýar et, onuň iki agyz sözüni diňle. 26 Haýyş edýärin, agam, bu nejis Nabalyň sözlerini göwnüňe alma. Onuň özi-de ady ýalydyr. Onuň ady Nabal, özi-de akmak. Men — keniziň agamyň, ýagny seniň iberen nökerleriňi görmändirin. 29 Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz. 31 Sen agam barada aýdan ähli ýagşylyklaryny ýerine ýetirip, Reb seni Ysraýyla hökümdar bellände, onda sen nähak gan dökmek ýa-da özüňi goramak üçin hasrata sebäp bolmarsyň, ynsabyň-da saňa yza bermez. Reb özüňi ýalkanda, gyrnagyňy ýatlagyn».