ÝIGRIMI ÜÇÜNJI BAP
Ol Halypasyndan bagyşlamagy öwrendi
1. Petrusyň durmuşynda nähili iň gynançly pursat boldy?
PETRUS Halypasynyň gözlerine sereden pursadyny hiç ýadyndan çykaryp bilmeýär. Ol Isanyň garaýşyndan lapykeç ýa-da nägile bolandygyny duýýarmy? Biz muny anyk bilmeýäris. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda diňe: «Isa öwrülip, Petrusa seretdi» diýilýär (Luka 22:61). Emma Petrus Isanyň garaýşyndan nähili agyr günä edendigine düşünýär. Ol birnäçe sagat mundan öň gowy görýän Halypasyndan ýüz öwürmejekdigini aýdanda, Isa oňa ýüz öwürersiň diýipdi. Indi onuň aýdyşy ýaly hem bolýar. Bu Petrusyň durmuşynda iň gynançly pursat bolan bolmaly.
2. Petrus näme öwrenmelidi we bu bize näme üçin peýdaly?
2 Emma bu Petrus üçin çykalgasyz ýagdaý däldi. Petrusyň imany güýçli bolany üçin, ol eden ýalňyşyndan wajyp sapak edindi we Isadan bagyşlamagy öwrenmelidi. Biziň ählimiz bagyşlamagy öwrenmeli. Şol sebäpli, gel, Petrusyň mundan nädip sapak edinendigine seredeli.
Petrus köp zady öwrenmelidi
3, 4. a) Petrus Isa nähili sorag berdi we ol näme pikir eden bolmaly? b) Isa Petrusyň doňýürek adamlaryň täsirine düşendigini nädip görkezdi?
3 Takmynan alty aý mundan öň Petrus Kapernaum şäherinde Isanyň ýanyna baryp: «Agam, maňa garşy günä eden doganymy näçe gezek bagyşlamaly? Ýedi gezekmi?» diýip soraýar. Petrus ýedi gezek bagyşlasa, rehim etdigi hasaplaýardy. Sebäbi onuň günlerinde dini ýolbaşçylar üç gezek bagyşlamaly diýip öwredýärdi. Isa oňa: «Saňa diýýärin, ýedi gezek däl, ýetmiş ýedi gezek» diýdi (Mat. 18:21, 22).
4 Isa Petrusa adamlaryň eden günäleriniň hasabyny ýöretmeli diýjek boldumy? Ýok, ol Petrusa 7 gezek däl-de, 77 gezek diýmek bilen, adamlara bolan söýgi olary bagyşlamak üçin çäk goýmaýandygyny aýtdy (1 Kor. 13:4, 5). Isa Petrusa şuny düşündirjek boldy: ol adamlaryň günäsini bagyşlaman, hasap ýöredýän doňýürek döwürdeşleriniň täsirine düşmeli däldi. Sebäbi Ýehowa geçirimli, rehimdar we şepagatly Hudaý (1 Ýahýa 1:7—9-nji aýatlary oka).
5. Biz bagyşlamagyň wajypdygyna, esasanam, haçan düşünýäris?
5 Petrus Isa bilen jedel etmeýär. Ýöne Isanyň beren sapagy onuň ýüregine täsir etdimi? Adatça, adam günäsiniň geçilmegine özi mätäç bolanda, bagyşlamagyň wajypdygyna has gowy düşünýär. Gel, Isanyň ölüminiň öň ýanynda bolup geçen wakalara seredeli. Şol kyn pursatlarda Isa Petrusy birnäçe gezek bagyşlamaly bolýar.
Isa Petrusy birnäçe gezek bagyşlaýar
6. Isa resullaryna pesgöwünli bolmagy öwretjek bolanda, Petrus muňa nähili garady? Emma Isa özüni nähili alyp bardy?
6 Bu iň ähmiýetli agşam, ýagny Isanyň ýerdäki ýaşaýşynyň iň soňky gijesidi. Isa resullaryna henizem köp zatlary, mysal üçin, pesgöwünli bolmagy öwretmelidi. Ol gullaryň edýän işini, ýagny olaryň aýagyny ýuwup, pesgöwünli bolmagyň ajaýyp göreldesini görkezdi. Ilkibaşda, Petrus Isanyň etjek bolýan zady barada sorag berip, soňra oňa garşy çykýar. Ondan soň Petrus diňe bir aýagyny däl-de, eýsem, ellerini we kellesini ýuwmagyny haýyş edýär! Isa oňa gaharlanman, edýän işiniň manysyny we wajypdygyny ýumşaklyk bilen düşündirýär (Ýahýa 13:1—17).
7, 8. a) Petrus Isanyň sabryny nädip synady? b) Isa hemişe geçirimli bolmak babatda nähili görelde görkezdi?
7 Şondan soň köp wagt geçmänkä, Petrus ýene-de Isanyň sabryny synaýar. Resullar kimiň uludygy barada jedelleşende, Petrusam adamyň tekepbirligini görkezýän bu jedele goşulýar. Muňa garamazdan, Isa olary ýumşaklyk bilen düzedýär, hatda wepaly bolandyklary üçin öwýär. Her näme bolsa-da, Isa ölmezinden öň, ony terk edip gitjekdiklerini aýdýar. Petrus ölmeli bolsa-da, Isadan ýüz öwürmejekdigini söz berýär. Emma Isa şol gije horaz iki gezek gygyrmazdan öň, onuň üç sapar inkär etjekdigini pygamberlik edýär. Şonda Petrus öwnüp, ähli resullardan has wepaly boljakdygyny wada berýär (Mat. 26:31—35; Mar. 14:27—31; Luka 22:24—28; Ýahýa 13:36—38).
8 Petrus bilen özüni sabyrly alyp barmaga Isa näme kömek etdi? Ol kyn pursatlarynda-da bikämil resullarynyň gowy häsiýetlerini görýärdi. Isa Petrusyň ýüz öwürjekdigini bilse-de, oňa: «Imanyň gowşamaz ýaly, men Hudaýa ýalbaryp doga etdim; şonuň üçin dolanyp geleniňde, doganlaryň imanyny berkitgin» diýdi (Luka 22:32). Şeýle diýmek bilen, Isa Petrusyň ruhy taýdan dikelip, Hudaýa wepaly gulluk etjekdigine ynanýandygyny aýdýar. Gör, nähili geçirimli bolmagyň ajaýyp göreldesi!
9, 10. a) Petrusa Getseman bagynda nähili düzediş berildi? b) Petrusyň goýberen ýalňyşlygy bize nämäni ýatladýar?
9 Soňra Isa Getseman bagynda Petrusy ýene-de birnäçe gezek düzedýär. Ol doga edýänçä, Petrusa, Ýakuba we Ýahýa oýa bolmaklaryny haýyş edýär. Isa agyr gama batýar we oňa häzir goldaw gerekdi. Petrus bolsa, beýlekiler ýaly uklap galýar. Isa olaryň ýagdaýyna düşünip: «Ýürek yhlasly bolsa-da, beden ejizdir» diýip, olary bagyşlaýar (10 Şonda olaryň ýanyna çyraly, gylyçly we taýakly märeke gelýär. Häzir seresaply we paýhasly hereket etmegiň wagtydy. Petrus bolsa, oýlanman gylyjyny çykarýar-da, baş ruhanynyň hyzmatkäri Malhusyň gulagyny kesýär. Isa Petrusy ýumşaklyk bilen düzedip, hyzmatkäriň gulagyny sagaldýar-da, şägirtlerine eline ýarag almaly däldigini düşündirýär. Şu günlerem bu prinsipe Isanyň şägirtleri eýerýär (Mat. 26:47—55; Luka 22:47—51; Ýahýa 18:10, 11). Petrusyň Halypasy ony eýýäm birnäçe gezek bagyşlapdy. Onuň bilen bolan waka ählimiziň gaýta-gaýta günä edýändigimizi görkezýär (Ýakup 3:2-ni oka). Eýsem, kim Hudaýyň her gün bagyşlamagyna mätäç däl? Petrus şol gije has agyr günä edip, muňa gowy düşünýär.
Petrusyň eden iň agyr günäsi
11, 12. a) Isa tussag edilensoň, Petrus batyrgaýdygyny nädip görkezdi? b) Petrus beren sözünde nädip tapylmady?
11 Märeke Isany gözläp gelendikleri üçin, ol resullaryny goýbermeklerini haýyş edýär. Petrus Isany daňýandyklaryny görse-de, oňa kömek edip bilmeýär. Soňra ol beýleki resullar ýaly gaçyp gidýär.
12 Petrus bilen Ýahýa öňki baş ruhany Hannanyň öýüne golaýlaşanda, aýak çekýärler. Sebäbi Isany soraga çekmek üçin, ilki, şol ýere eltýärler. Soňra Isany başga ýere äkidenlerinde, Petrus bilen Ýahýa onuň yzyna düşüp gidýär. Ýöne «esli aralygy» saklaýarlar (Mat. 26:58; Ýahýa 18:12, 13). Aslynda, Petrus gorkak däldi. Isanyň äkidilen ýerine barmak üçin, oňa batyrgaýlyk gerekdi. Sebäbi märeke ýaraglydy, Petrusam eýýäm olaryň birini ýaralapdy. Muňa garamazdan, ol beren sözünde durmaýar, ýagny Halypasy üçin janyny bermäge taýyndygyny görkezip bilmeýär (Mar. 14:31).
13. Mesihiň yzyna eýermegimiz üçin näme etmeli?
13 Şu günlerem köp adamlar Mesihiň yzyna «esli aralykdan», ýagny hiç kime bildirmän eýerýärler. Emma 1 Petrus 2:21-i oka).
Petrus resulyň ýazyşy ýaly, soňunyň nähili boljakdygyna garamazdan, ähli zatda Isanyň göreldesine eýermäge jan etsek, oňa ýakynlaşyp bileris (14. Isanyň höküm edilen gijesi Petrus näme etdi?
14 Petrus resul seresaplyk bilen Isanyň yzyndan gidip, Iýerusalimdäki bir uly jaýyň derwezesiniň öňüne barýar. Bu barly, baş ruhany Kaýafanyň öýüdi. Köplenç şeýle jaýlar howlynyň daş-töwereginden salynýardy we öňünde derweze goýulýardy. Petrus derwezäniň ýanyna gelende, oňa girmäge rugsat bermeýärler. Ýahýa şägirt baş ruhanyny tanansoň, eýýäm howlynyň içine giripdi. Şonuň üçin ol derwezede duran hyzmatkäriň ýanyna baryp, Petrusy içerik salmagy haýyş edýär. Petrus Ýahýanyň ýanynda durmaga we Halypasyny goldamak üçin içeri girmäge hem ýaýdanan bolmaly. Ol Isa töhmet atmak üçin yzygider gelip-gidýän ýalan şaýatlary synlap, oduň başynda çoýunyp duran gullar we hyzmatkärler bilen howluda galýar (Mar. 14:54—57; Ýahýa 18:15, 16, 18).
15, 16. Petrusyň üç gezek dänendigi baradaky Isanyň pygamberliginiň berjaý bolşuny gürrüň ber.
15 Derwezeden Petrusy salan hyzmatkär gyz oduň ýagtysyna onuň ýüzüni gowy görüp tanaýar. Ol: «Senem jelileli Isanyň ýanyndadyň!» diýýär. Petrus gorkup, Isany tanamaýandygyny, hatda onuň diýýän zatlaryna düşünmeýändigini aýdýar. Soňra ol göze düşmejek bolup, derwezäniň ýanyna barýar, emma başga bir gyz ony görüp: «Bu adam nazaretli Isanyň ýanyndady» diýýär. Petrus bolsa: «Men ol adamy tanamaýaryn!» diýip ant içýär (Mat. 26:69—72; Mar. 14:66—68). Şonda horaz birinji gezek gygyran bolmaly. Emma Petrus şeýle aljyraýar welin, Isanyň birnäçe sagat mundan öň aýdan pygamberligi ýadyna düşmeýär.
16 Soňra Petrus ýene-de göze düşmejek bolup jan etse-de, bu başa barmaýar. Sebäbi howludaky birnäçe adam onuň ýanyna barýar. Olaryň arasynda Petrusyň ýaralan Malhusyň garyndaşy bardy. Ol Petrusa: «Men seni onuň bilen bagda görmänmidim?» diýýär. Petrus ýene-de ony tanamaýandygyny aýdyp, hatda ant içip, awy ýalap başlaýar. Ol bu sözleri aýdan badyna, şol gije horazyň ikinji gezek gygyranyny eşidýär (Ýahýa 18:26, 27; Mar. 14:71, 72).
17, 18. a) Petrus agyr günä edendigine düşünende, özüni nähili duýdy? b) Petrus näme hakda pikir eden bolmaly?
17 Şol pursat Isa eýwandan howla seredýär. Babyň başynda aýdylyşy ýaly, Petrusyň gözi Isanyň gözlerine düşýär. Şonda Petrus Halypasyndan dänip, agyr günä edendigine düşünýär. Ol howludan çykyp, eden günäsine gaty gynanýar. Petrus doly aýyň ýagtysyna Mar. 14:72; Luka 22:61, 62).
şäheriň köçelerinden barýarka, gözleri ýaşdan dolup, öňünde ähli zat bulaşyp gidýär. Ahyry, ol saklanyp bilmän, möňňürip aglap başlaýar (18 Adatça, adam agyr günä edendigine düşünende, günäsi hiç haçan ötülmez öýdýär. Belki, Petrusam eden agyr günäsi bagyşlanmaz öýdendir. Onuň şeýle pikir etmegi dogrudymy?
Petrusyň günäsi bagyşlandymy?
19. Petrus Isadan dänensoň, özüni nähili duýan bolmaly, emma onuň göwnüçökgünlige düşmändigini nireden bilýäris?
19 Ertesi Petrus Isa bilen bolan wakalary görüp, özüni has erbet duýan bolmaly. Haçan-da Isa birnäçe sagatlap ejir çekip ölensoň, ol özüni, gör, nähili ýazgarandyr! Petrus Halypasynyň ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň soňky güni derdine dert goşandygy barada oýlanyp, özüni has erbet duýandyr. Emma Petrusyň gaýgy-hasraty nähili güýçli bolsa-da, ol göwnüçökgünlige düşmeýär. Sebäbi biz onuň tizden ýene-de şägirtlere goşulandygyny bilýäris (Luka 24:33). Elbetde, resullaryň ählisi şol aýylganç gije özüni nähili alyp barandyklaryna ökünip, bir-birine göwünlik berendir.
20. Petrusyň eden paýhasly hereketinden näme öwrenip bileris?
20 Biz mundan Petrusyň paýhasly hereket edendigini görýäris. Eger Hudaýyň gullukçysy goýberen ýalňyşlygyny düzetmek üçin elinde baryny etse, hatda ol agyr günä edenem bolsa, Hudaý ony bagyşlar (Süleýmanyň tymsallary 24:16-ny oka). Petrus özüni nähili erbet duýanam bolsa, doganlara goşulmak bilen ýürekden iman edýändigini görkezdi. Kimdir biri eden günäsine ökünip, gynanýan bolsa, ýeke galasy gelip, özüni howp astyna salýar (Sül. tym. 18:1). Emma dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyp, ruhy taýdan berkesek paýhasly bolar (Ýewr. 10:24, 25).
21. Petrus ruhy doganlary bilen bile otyrka, nähili habar eşidýär?
21 Petrus beýleki şägirtler bilen bile otyrka, mazarda Isanyň jesedi ýokdygy baradaky habary eşidip, haýran galýar. Petrus bilen Ýahýa Isanyň jaýlanan we agzy ýapylan mazaryna ylgap gidýär. Ýahýa ol ýere ilki barýar, sebäbi ýaşrak bolan bolmaly. Ol mazaryň agzynyň açykdygyny görüp, aýak çekýär. Emma Petrus ylgap gelip, demi-demine ýetmeýänem bolsa, Ýahýa 20:3—9).
mazara göni girip gidýär. Görse, onuň içi boş! (22. Näme üçin Petrusyň ýüreginde gaýgy-hasratdan we şübheden nam-nyşan galmady?
22 Petrus Isanyň direlendigine ynanýarmy? Birbada ynanmaýar. Hatda Hudaýa wepaly gulluk edýän aýallar perişdäniň görnüp, Isanyň direlendigi hakda habar berendigini aýdanlarynda-da ynanmaýar (Luka 23:55—24:11). Emma şol gün agşam Petrusyň ýüreginde gaýgy-hasratdan we şübheden nam-nyşan galmaýar. Sebäbi Isa indi diridi we güýçli perişdedi! Ol ähli resullaryna görünýär. Ýöne Isa olara görünmezden öň, Petrusyň ýeke özüne görünýär. Şol gün resullar: «Dogrudan-da, Halypamyz direlipdir, ol Simuna hem görnüpdir!» diýýärler (Luka 24:34). Şondan soňra, Pawlus resulam şol wajyp gün hakynda ýazanda: «Ol Kifa, soňra 12 resula göründi» diýýär (1 Kor. 15:5). Petrus resulyň beýleki atlary — Kifa we Simundy. Şol gün Isa Petrusa görnende, ol ýeke bolan bolmaly.
Isa Petrusy birnäçe gezek bagyşlapdy, eýsem, kim her gün günäsiniň bagyşlanmagyna mätäç däl?
23. Şu günler agyr günä eden mesihçiler näme üçin Petrus bilen bolan wakany ýatdan çykarmaly däl?
23 Mukaddes Ýazgylarda Isa bilen Petrus duşanda näme bolandygy barada jikme-jik aýdylmaýar. Bu diňe Petrus bilen Isanyň arasynda galypdy. Petrus Halypasyny görende, nähili duýgulary başdan geçirendigini göz öňüne getir. Ol eden işine ökünip, toba edýändigini aýdandyr. Ol dünýäde Isanyň bagyşlamagyndan başga hiç zady islän däldir. Biz Isanyň ony ýürekden bagyşlandygyna şübhelenmeýäris. Şu günlerem agyr günä eden mesihçiler Petrus bilen bolan wakany ýatdan çykarmaly däl. Biz hiç haçan Hudaý biziň günälerimizi bagyşlamaz öýtmeli däl. Isa Atasynyň «gaty geçirimlidigini» kämil derejede görkezdi (Iş. 55:7).
Isa Petrusy bagyşlandygyna ynandyrýar
24, 25. a) Petrusyň Jelile deňzinde gije balyk tutuşyny gürrüň ber. b) Ertesi irden Petrus Isanyň gudratyny görüp näme etdi?
24 Isa resullary bilen ýene-de görüşmek üçin, olaryň Jelilä barmalydygyny aýdypdy. Olar şol ýere baranlarynda, Petrus Jelile deňzine balyk tutmaga gidýär, birnäçe şägirtlerem oňa goşulýar. Petrus ýene-de durmuşynyň köp wagtyny geçiren ýerine barýar. Gaýygyň jygyldysy, tolkunlaryň sesi, ellerindäki toruň berk ýüpleri onuň üçin örän tanyş zatlardy. Şol gije olar hiç zat tutup bilmeýär (Mat. 26:32; Ýahýa 21:1—3).
25 Daňdan olara biri kenardan toruny gaýygyň beýleki tarapyna zyňmalydygyny aýdýar. Şonda olaryň toruna 153 sany balyk düşýär! Petrus şol adamyň kimdigini tanaýar. Ol gaýykdan böküp, kenara tarap ýüzüp gidýär. Kenarda Isa wepaly dostlaryna közüň üstünde bişiren balygyny berýär, soňra Petrusa ýüzlenýär (Ýahýa 21:4—14).
26, 27. a) Isa Petrusa üç gezek näme etmäge mümkinçilik berdi? b) Isa Petrusy ýürekden bagyşlandygyna nädip ynandyrdy?
26 Isa Petrusdan: «Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?» diýip soranda, ýaňyja tutulan balyklary görkezen bolmaly. Petrusyň balyk tutmaga bolan höwesi, Isa bolan söýgüsinden güýçli bolarmyka? Ýaňy-ýakynda Petrus üç gezek Isadan ýüz öwren bolsa, indi Isa oňa beýleki dostlarynyň ýanynda üç gezek söýýändigini tassyklamaga mümkinçilik berýär. Petrus muny aýdansoň, Isa oňa söýgüsini nädip görkezmelidigini aýtdy. Petrus mukaddes gullugy ähli zatdan ileri tutup, Mesihiň sürüsini, ýagny wepaly şägirtleri otladyp, berkidip, bakmalydy (27 Şeýdip, Isa Petrusyň köp peýdaly işleri edip biljekdigine ynandyrdy. Ol Isanyň ýolbaşçylygynda ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirmelidi. Isanyň Petrusy ýürekden bagyşlandygyna hiç hili şübhe galmady! Hawa, Petrus Isanyň rehim edendigine minnetdar bolup, goýberen ýalňyşyndan sapak edindi.
28. Petrus nädip adyna mynasyp boldy?
28 Petrus özüne ynanylan borjy birnäçe ýyllap wepaly ýerine ýetirýär. Isa ölüminiň öň ýanynda aýdyşy ýaly, Petrus dogan-uýalary ruhlandyrdy. Ol Isanyň şägirtlerini sabyrly hem söýgi bilen bakdy we otlatdy. Simun ýygnakdaky dogan-uýalar üçin berk we ynamdar mesihçi bolup, Isanyň Petrus ýa-da Gaýa diýip dakan adyna mynasyp boldy. Munuň şeýledigini Petrusyň söýgi bilen ýazan iki hatyndan görse bolýar. Onuň ýazan hatlary Mukaddes Ýazgylaryň wajyp bölegi bolup durýar. Şeýle-de olardan Isanyň bagyşlamak babatda beren sapagyny Petrusyň ýadyndan çykarmandygyny bilse bolýar (1 Petrus 3:8, 9; 4:8-nji aýatlary oka).
29. Biz Petrusyň imanyndan we onuň Halypasynyň rehimdarlygyndan nädip görelde alyp bileris?
29 Bizem özümize mundan sapak edinsek gowy bolar. Biz her gün goýberýän ýalňyşlyklarymyz üçin, Hudaýdan günälerimizi geçmegini dileýärismi? Soňra Hudaýyň günämizi bagyşlandygyna ynanýarysmy? Özümiz hem başgalary bagyşlaýarysmy? Eger şeýle etsek, biz Petrusyň imanyndan we onuň Halypasynyň rehimdarlygyndan görelde aldygymyz bolar.