Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SEKIZINJI BAP

Ol lapykeçlige döz geldi

Ol lapykeçlige döz geldi

1. Şilonyň ýaşaýjylary näme üçin ýas tutýar?

ŞAMUWEL PYGAMBER Şilonyň ýaşaýjylarynyň ýas tutýanyny görýär. Adamlaryň ählisi diýen ýaly aglaşýardy. Köp öýlerden aýallaryň we çagalaryň perýat sesleri eşidilýärdi. Sebäbi olaryň kakalary, ärleri, ogullary we doganlary uruşdan gaýdyp gelmändi. Ysraýyllylar piliştliler bilen söweşip, olaryň 30 müň esgeri wepat bolýar. Mundan öňki söweşde bolsa, ysraýyllylaryň dört müň esgeri ölüpdi (1 Şam. 4:1, 2, 10).

2, 3. Şiloda nähili gynançly wakalar boldy?

2 Bu gynançly wakalaryň diňe biridi. Baş ruhany Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas Äht sandygyny urşa äkidipdiler. Äht sandygy çadyryň mukaddes ýerinde durýardy we bu Hudaýyň öz halky bilen bolandygyny görkezýärdi. Ysraýyllylar Äht sandygyny söweşe äkitmek bilen ýeňiş gazanarys öýtdüler. Emma piliştliler Hopny bilen Pinehasy öldürip, Äht sandygyny olja aldylar (1 Şam. 4:3—11).

3 Ýüzlerçe ýyl Şiloda Hudaýyň çadyrynda duran Äht sandygy indi elden gidipdi. 98 ýaşly Eliý muny eşidende, oturan kürsüsinden arkan gaýdyp ölýär. Şol gün Eliýiň oglunyň dul galan gelni hem çagasyny dogranda: «Ysraýyldan şöhrat gitdi» diýip ýogalýar. Beýle ýagdaý Şiloda hiç haçan bolmandy (1 Şam. 4:12—22).

4. Biz bu bapda nämä serederis?

4 Şamuwel pygamber bu lapykeçlige nädip döz gelip bildi? Adamlara Hudaýyň merhemetini we goragyny gazanar ýaly kömek etmek üçin onuň imany berkdimi? Şu günler käbir kynçylyklar we lapykeçlik sebäpli biziňem imanymyz synalýar. Şol sebäpli, gel, Şamuweliň mysalyndan ýene-de näme öwrenip biljekdigimize seredeli.

Ol dogry işleri etdi

5, 6. Mukaddes Ýazgylara görä, 20 ýylyň dowamynda nämeler boldy we şol döwür Şamuwel pygamber näme etdi?

5 Mukaddes Ýazgylarda piliştliler Äht sandygyny alansoň, görgi görüp, ony gaýtaryp bermäge mejbur bolandygy gürrüň berilýär. Äht sandygynyň alnanyna takmynan 20 ýyl geçensoň, Hudaýyň Sözünde ýene-de Şamuwel pygamber barada aýdylýar (1 Şam. 7:2). Şamuwel pygamber 20 ýyllap näme etdikä? Mukaddes Ýazgylarda bu barada hem gürrüň berilýär.

Şamuwel pygamber adamlara hasratyny çekmäge nädip kömek etdi?

6 Hudaýyň Sözünde: «Şamuwel ömri ötýänçä, Ysraýyla serdar boldy» diýilýär (1 Şam. 7:15—17). Şamuwel pygamber her ýyl Ysraýylyň üç şäherine aýlanyp, jedelli meseleleri çözýärdi we Ramadaky öýüne gaýdýardy. Görşümiz ýaly, Şamuwel pygamber 20 ýylyň dowamynda köp işleri etdi.

Mukaddes Ýazgylarda Şamuwel pygamberiň 20 ýyllap näme edendigi aýdylmasa-da, ol Ýehowa wepaly gulluk etdi

7, 8. a) Şamuwel pygamber ysraýyllylara näme diýdi? b) Ysraýyllylar Şamuweliň beren maslahatyna nädip eýerdi?

7 Eliýiň ahlaksyz we azgyn ogullary halkyň imanyny gowşatdy. Şol sebäpli adamlaryň köpüsi butlara sežde edip başlady. Şamuwel pygamber halky ýigrimi ýyllap ruhlandyryp: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder» diýdi (1 Şam. 7:3).

8 Ysraýyllylar «piliştlileriň elinden» ejir çekýärdi. Piliştliler ysraýyl goşunyny derbi-dagyn edensoň, olary hemişe ezeris öýdýärdiler. Emma Şamuwel pygamber ysraýyllylara Ýehowa dolansalar, ýagdaýyň üýtgejekdigini aýdýar. Olar Şamuwele gulak asdylarmy? Olar butlaryny taşlap, «diňe Rebbe (Ýehowa) gulluk etdiler». Şamuwel pygamber olary Iýerusalimiň demirgazygynda ýerleşýän Mispa şäherine ýygnady. Adamlar ýygnanyşyp, agyz beklediler we butlara sežde edendikleri üçin toba etdiler (1 Şamuwel 7:4—6-njy aýatlary oka) *.

Piliştliler Ýehowanyň halkynyň ýygnanyşandygyny eşidip, olary derbi-dagyn ederis öýtdüler

9. Piliştliler näme üçin begenýär we ysraýyllylar näme edýär?

9 Piliştliler ysraýyllylaryň ýygnanyşandygyny eşidip begenýär. Olar Ýehowanyň gullukçylaryny derbi-dagyn etmek üçin goşunyny Mispa ugradýar. Ysraýyllylar abanýan howp barada eşidip, gaty gorkýar we Şamuwel pygamberden doga etmegi haýyş edýär. Ol doga edip, gurban berende piliştlileriň goşuny Mispa gelýär. Ýehowa Şamuweliň dogasyny eşidip, güýçli güwwüldi bilen piliştlileri aljyradýar (1 Şam. 7:7—10).

10, 11. a) Ýehowa piliştlileriň goşunyny nädip aljyratdy? b) Mispada başlan söweşiň soňy nähili boldy?

10 Piliştlileri gögüň gürrüldisinden gorkup, ejesiniň arkasynda gizlenýän çaga meňzetse bolarmy? Ýok, sebäbi olar hemişe söweşip ýören batyrgaý esgerlerdi. Emma bu güwwüldi gaty güýçlüdi welin, beýle güwwüldini olar hiç haçan eşitmändi. Olar bu güwwüldiniň gökden eşidilýändigine ýa-da dagdan ýaňlanýandygyna düşünmediler. Her nämede bolsa, piliştliler gaty gorkup, hüjüm etmegiň deregine gaçyp başladylar. Ysraýyllylar olary Mispadan Iýerusalimiň günorta-günbataryna çenli yzyndan kowup gyrdylar (1 Şam. 7:11).

11 Bu söweş ysraýyllylaryň ýagdaýyny düýbünden üýtgetdi. Piliştliler Şamuwel pygamberiň ömrüniň ahyryna çenli ysraýyl topragyna aýak basmadylar. Hudaýyň halky ähli şäherlerini yzyna gaýtaryp aldy (1 Şam. 7:13, 14).

12. Näme üçin Şamuwel pygamber dogry işleri etdi diýse bolar we oňa nähili häsiýetler kömek etdi?

12 Ýüzlerçe ýyl geçensoň, Pawlus resul dogry işleri eden kazylaryň we pygamberleriň arasynda Şamuwel pygamberiň hem adyny agzaýar (Ýewr. 11:32, 33). Şamuwel Hudaýyň öňünde dogry işleri edip, başgalary hem şeýle etmäge höweslendirýärdi. Ol Ýehowa sabyrly garaşyp, lapykeçlige garamazdan, wepaly gulluk edýärdi we minnetdarlygyny görkezýärdi. Ysraýyllylar Mispada ýeňiş gazanansoň, Şamuwel pygamber Ýehowanyň halkyna kömek edendigi üçin bir daşy dikeldip goýdy (1 Şam. 7:12).

13. a) Biz Şamuweliň göreldesine eýermek üçin nähili häsiýetleri ösdürmeli? b) Seniň pikiriňçe, bu häsiýetleri haçan ösdürmeli?

13 Senem dogry işleri etmek isleýärmiň? Onda Şamuwel ýaly sabyrly, kiçigöwünli we minnetdar bolmagy öwrenmeli (1 Petrus 5:6-ny oka). Bu häsiýetler hemmämize gerek dälmi näme?! Şamuwel pygamber şeýle gowy häsiýetleri kiçiliginden ösdürendigi üçin, garrylyk çagynda hem lapykeçlige döz gelip bildi.

«Ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar»

14, 15. a) Şamuwel gartaşan wagty nämä lapykeç boldy? b) Ýehowa Şamuwele näme üçin käýemedi? Düşündir.

14 Şamuwel pygamber «garrap, ýaşy bir çene baranda», onuň ogullary Ýowel bilen Abyýa eýýäm ulalypdy. Ol kazylyk edende ogullary kömek edýärdi. Gynansak-da, olar onuň ynamyny ödemedi. Şamuwel dogruçyl adam bolsa-da, onuň ogullary borçlaryny öz bähbidi üçin ulanýardy we para alyp, adalatsyz höküm çykarýardy (1 Şam. 8:1—3).

15 Bir gün ysraýyl ýaşululary gartaşan pygamberiň ýanyna gelip, ogullaryň seniň yzyňy tutmadylar diýip zeýrendiler (1 Şam. 8:4, 5). Mukaddes Ýazgylarda Şamuwel pygamberiň bu zatlardan habarly bolandygy barada aýdylmaýar. Emma Şamuwel Eliýden tapawutlylykda, ogullaryna gowy terbiýe bermedi diýip bolmaz. Eliý ogullaryny Hudaýdan has gowy görüp, edýän erbet işleri üçin temmi bermändigi sebäpli, Ýehowa oňa käýäp, jeza beripdi (1 Şam. 2:27—29). Emma Ýehowa şeýle ýalňyşlyk sebäpli Şamuwele hiç haçan käýemändi.

Şamuwel pygamber ogullarynyň edýän erbetliklerine gynansa-da, oňa nädip döz geldi?

16. Ene-atalar çagalary gulak asmasa özüni nähili duýýar we Şamuweliň mysaly olara nädip göwünlik berip biler?

16 Mukaddes Ýazgylarda ogullarynyň edýän erbetlikleri üçin Şamuwel pygamberiň nähili duýgulary başdan geçirendigi aýdylmaýar. Emma ene-atalaryň köpüsi oňa düşünýär. Häzirki kyn döwürde çagalar ene-atalaryna garşy çykyp, olary sylamaýar (2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary oka). Şeýle kynçylyklary başyndan geçirýän ene-atalar Şamuweliň mysalyndan göwünlik tapyp biler. Şamuwel ogullaryndan tapawutlylykda, Ýehowa wepaly gulluk etdi. Siziň aýdan sözleriňiz we beren terbiýäňiz çagalaryňyza täsir etmedik bolsa-da, ene-atanyň göreldesi çagalaryň ýüregine gowy täsir edýändigini unutmaň. Ene-atalar Şamuwel pygamberden görelde alyp, Ýehowa Hudaý ýaly Atasynyň bardygyna buýsanyp biler.

«Bize-de bir patyşa belle»

17. Ysraýyl ýaşululary Şamuwel pygamberden näme haýyş etdiler we ol muňa nähili garady?

17 Şamuwel pygamberiň ogullary açgözlügiň we diňe özüni bilmekligiň nämä eltjekdigini bilmeýärdi. Ysraýyl ýaşululary Şamuweliň ýanyna gelip: «Beýleki halklarda bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýdi. Şamuwel olaryň haýyşyny bitirdimi? Ol ençeme ýyl Ýehowanyň halkyna kazylyk edipdi. Indi olar Şamuwel ýaly pygamberiň däl-de, patyşanyň höküm sürmegini isleýär. Ysraýyllylar daş-töweregindäki milletler ýaly patyşasynyň bolmagyny talap etdiler. Şamuwel pygamber muňa nähili garady? Mukaddes Ýazgylarda ýaşulularyň aýdan sözleri «Şamuwele ýaramady» diýilýär (1 Şam. 8:4, 6).

18. Ýehowa Şamuwel pygambere nädip göwünlik berdi?

18 Şamuwel Ýehowa doga edensoň, onuň näme jogap berendigine üns ber. Ýehowa: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler» diýdi. Ysraýyllylar Gudratygüýçli Hudaýdan ýüz öwürdi. Bu Şamuwel pygambere biraz göwünlik berdi. Ýehowa ysraýyllylara patyşa saýlasalar, onuň nähili düzgünleri ýöretjekdigini duýdurýar. Ýehowanyň Şamuwel arkaly duýdurandygyna garamazdan, olar: «Ýok! Bizde patyşa bolsun!» diýdiler. Şamuwel Ýehowanyň aýdan sözlerine gulak asyp, olara Hudaýyň saýlan patyşasyny belledi (1 Şam. 8:7—19)

19, 20. a) Şamuwel pygamber nädip Şawuly patyşa edip belledi? b) Şamuwel Ýehowanyň halkyna nädip kömek etdi?

19 Şamuwel pygamber Hudaýa nädip gulak asdy? Ol onuň tabşyrygyny göwünli-göwünsiz ýerine ýetirdimi? Ol lapykeçlikden ýaňa öýke-kine sakladymy? Adamlaryň köpüsi Şamuweliň ýagdaýyna düşen bolsa, şeýle ederdi. Emma ol beýle etmedi. Ol Şawuly patyşa edip belledi we ony Ýehowanyň saýlandygyny yglan etdi. Ol Şawuly ogşap, ony täze patyşa hökmünde ýürekden kabul edýändigini görkezdi. Şeýle-de ol halka ýüzlenip: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi (1 Şam. 10:1, 24).

20 Şamuwel pygamber Ýehowanyň saýlan patyşasynyň kemçiliklerine däl-de, gowy häsiýetlerine üns berýärdi. Ol durnuksyz adamlara ýaranjak bolman, hemişe Ýehowanyň göwnünden turmak isleýärdi (1 Şam. 12:1—4). Ol öz borjuny birkemsiz ýerine ýetirýärdi we Hudaýyň halkyna ruhy taýdan abanýan howplar barada duýduryp, Ýehowa wepaly gulluk etmäge höweslendirýärdi. Adamlar Şamuweliň maslahatyna gulak asyp, özleri üçin doga etmegi haýyş etdiler. Şamuwelem olara: «Siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek» diýip jogap berdi (1 Şam. 12:21—24).

Şamuwel pygamberiň mysalyndan hiç haçan öýke-kine saklap, göriplik etmeli däldigini öwrenýäris

21. Kimdir birine jogapkärli borç berlende gynansak Şamuwel pygamberiň göreldesi bize nädip kömek eder?

21 Kimdir birine belli bir iş ýa-da jogapkärli borç berlende sen gynanýaňmy? Biz Şamuwel pygamberiň göreldesine eýerip, gynanmaly ýa-da göripçilik etmeli däl (Süleýmanyň tymsallary 14:30-y oka). Ýehowa wepaly gullukçylarynyň ählisine kanagatlandyryjy iş berip, bolelin sylaglaýar.

«Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek?»

22. Şamuwel pygamberiň başda Şawulyň gowy häsiýetlerine üns bermegi näme üçin dogrudy?

22 Şamuwel pygamberiň başda Şawulyň gowy häsiýetlerine üns bermegi dogrudy. Ol uzyn boýly, görmegeý, batyrgaý, ugurtapyjy we ilkibaşda kiçigöwünlidi (1 Şam. 10:22, 23, 27). Mundan başga-da onda Hudaýyň beren ajaýyp sowgady bolan erkinligi bardy, ýagny ol ýoluny özi saýlap, özbaşdak karara gelip bilýärdi (Kan. tag. 30:19). Ol erkinligini nädip ulandy?

23. Şawulda nähili häsiýet peýda boldy we nädip?

23 Köplenç adam şan-şöhrat gazananda, ilki bilen, tekepbir bolýar. Şawulam tekepbir boldy. Ol Ýehowanyň Şamuwel pygamber arkaly aýdýan zatlaryna gulak asmady. Bir gezek Şawul Şamuwel pygambere garaşman, oňa derek gurban berdi. Şamuwel oňa berk käýinç berip, patyşalyk tagtynyň elinden alynjakdygy we onuň neslinden hiç kimiň patyşa bolmajakdygy barada pygamberlik etdi. Şawul eden ýalňyşyndan sapak edinmegiň deregine, öňküdenem beter işleri edýär (1 Şam. 13:8, 9, 13, 14).

24. a) Şawul amaleklere garşy söweşende nähili günä etdi? b) Şawul düzedişe nähili garady we Ýehowa nähili karara geldi?

24 Ýehowa Şawula amalekler bilen söweşende, olaryň patyşasy Agagy öldürmegi tabşyrýar. Emma ol Agagy öldürmeýär. Şamuwel pygamber Şawula käýände, onuň gaty üýtgändigini görýär. Ol temmini kiçigöwünli kabul etmegiň deregine, özüni aklap eden etmişini halkyň üstüne atýar. Şawul oljany Ýehowa gurban bermek üçin alandygyny aýdanda, Şamuwel pygamber oňa: «Hudaýa ýakma gurbanlykdan, gulak asmaklyk gowudyr» diýdi. Ol Şawulyň etmişini paş edip, Ýehowanyň patyşalygy ondan has gowy adama berjekdigini aýdýar * (1 Şam. 15:1—33).

25, 26. a) Şamuwel pygamber näme üçin Şawul barada alada edýärdi we Ýehowa ony nädip düzetdi? b) Şamuwel Ýyşaýyň öýüne baranda nähili sapak edindi?

25 Şamuwel pygamber Şawulyň eden günäsine gynanýar. Ol bu barada Ýehowa uzak gije doga edýär. Şamuwel Şawul üçin hasrat çekip ýördi. Şamuwel pygamber ondan köp zatlara garaşýardy, ýöne onuň umydy puja çykdy. Sebäbi Şawul Ýehowa garşy çykyp, düýbünden üýtgeýär. Indi Şamuwel pygamber ony gaýdyp göresi gelmeýär. Ýehowa Şamuweli ýumşaklyk bilen düzedip: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini inkär etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym» diýdi (1 Şam. 15:34, 35; 16:1).

26 Ýehowanyň niýeti hemişe wepaly bolup bilmeýän bikämil adama bagly däl. Eger adam Hudaýa wepaly bolmasa, onda Ýehowa islegini başga adamyň üsti bilen amala aşyrýar. Şol sebäpli indi Şamuwel pygamber Şawul barada alada etmedi. Şamuwel Ýehowanyň görkezmesi boýunça Beýtullahama gidip, Ýyşaýyň görmegeý ogullary bilen görüşýär. Emma Ýehowa Şamuwel pygambere olaryň daş keşbine üns bermeli däldigini ýatladýar (1 Şamuwel 16:7-ni oka) *. Ahyry, Şamuwel Ýyşaýyň iň kiçi ogly Dawudy görýär, Ýehowa-da şony saýlaýar!

Şamuwel pygamber Ýehowanyň kömegi bilen lapykeçlige döz gelip bolýandygyna, hatda Hudaýyň ony berekede hem öwrüp bilýändigine göz ýetirdi

27. a) Şamuwel pygambere imanyny berkitmäge näme kömek etdi? b) Şamuwel pygamberiň göreldesi saňa nähili täsir etdi?

27 Şamuwel pygamber ömrüniň ahyrynda Ýehowanyň Şawula derek Dawudy belläp dogry edendigine göz ýetirýär. Şawul Dawuda göripçilik edip, ony öldürmek isleýär we Hudaýdan ýüz öwürýär. Muňa garamazdan, Dawut wepaly, batyrgaý, dogruçyl we Hudaýa iman edýän adamdy. Şamuwel pygamber ömrüniň ahyryna çenli imanyny berkitdi. Ol Ýehowanyň kömegi bilen lapykeçlige döz gelip bolýandygyny, Hudaýyň ony hatda berekede hem öwrüp bilýändigine göz ýetirdi. Şamuwel 100 ýyla golaý Ýehowa wepaly gulluk edip, aradan çykýar. Şol sebäpli ol aradan çykanda ysraýyllylaryň ählisiniň ýas tutmagy geň galdyrmaýar! Şu günlerem Ýehowanyň her bir gullukçysy özüne: «Men Şamuwel pygamberiň göreldesine eýererinmi?» diýen soragy berse gowy bolar.

^ abzas 8 1 Şamuwel 7:4 Ysraýyllylar Bagal we Aştoret butlaryny terk edip, diňe Rebbe gulluk etdiler. Şamuwel olara: «Hemmäňiz Mispada ýygnanyşyň, men ol ýerde siz üçin Rebbe dileg etjek» diýdi. 6 Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllylara serdar boldy.

^ abzas 24 Agag patyşany Şamuwel pygamberiň özi öldürýär. Bu zalym patyşa we onuň maşgalasyna rehim edilmeli däldi. Ýüzlerçe ýyl geçensoň, Agagyň neslinden bolan Haman Hudaýyň halkyny gyrmakçy bolýar (Ester 8:3; şeýle-de şu kitabyň 15, 16-njy baplaryna seret).

^ abzas 26 1 Şamuwel 16:7 Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.