Horluklar gutararmyka?
Siz nähili jogap bererdiňiz?
-
Hawa.
-
Ýok.
-
Belki-de.
MUKADDES KITAPDA NÄME DIÝILÝÄR?
«Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:4).
SIZE NÄME PEÝDASY BAR?
Horluklaryň Hudaýdan däldigini bilersiňiz (Ýakup 1:13).
Hudaýyň ýagdaýyňyza düşünýändigini bilmeklik kalbyňyza rahatlyk berer (Zekerýa 2:8).
Tizden horluklaryň bolmajakdygyna umydyňyz bolar (Zebur 37:9—11).
MUKADDES KITABA YNANSA BOLÝARMY?
Hawa, munuň azyndan iki sebäbi bar:
-
Hudaý horluklary we adalatsyzlygy ýigrenýär. Gadymy döwürde ýaşan gullukçylaryna sütem edilende, Hudaýa nähili täsir edipdir? Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, «duşmanlar halkyny ezende we köp azar berende» Hudaý gynanypdyr (Serdarlar 2:18).
Adamlaryň bir-birine ýamanlyk etmegi Hudaýy gynandyrýar. Meselem, Mukaddes Kitapdada Hudaý bigünä gany dökýän elleri ýigrenýändigi aýdylýar (Nakyllar 6:16, 17).
-
Hudaý her bir adamyň aladasyny edýär. Hudaý ähli aladamyzy üstüne atmagymyzy isleýär, sebäbi ol biziň aladamyzy edýär (1 Petrus 5:7).
Ýehowa Hudaý Patyşalygy arkaly çekýän ähli horluklarymyzyň soňuna çykar (Matta 6:9, 10). Hudaý Özüni akýürekden agtarýan adamlara häzirem teselli berýär (Resullaryň işleri 17:27; 2 Korinfliler 1:3, 4).
OÝLANYP GÖRÜŇ
Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
Bu soraga şu aýatlar jogap berýär: RIMLILER 5:12 we 2 PETRUS 3:9.