Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-nji sapak

Ölümden soň näme bolýar?

Ölümden soň näme bolýar?

Ölüm — bu, ýaşaýşyň gapma-garşylygy. Ölüm çuňňur uka meňzeş zat (Ýahýa 11:11—14). Ölüler eşitmeýär, görmeýär, gürlemeýär we oýlanmaýar (Wagyzçy 9:5, 10). Ýalan din, ölüler öz ata-babalary bilen ýaşamak üçin ruhlaryň dünýäsine geçýärler diýip öwredýär. Mukaddes Ýazgylar muny öwretmeýär.

Ölüler bize kömek hem, zyýan hem edip bilenok. Köp adamlar, ölüleriň göwnünden turýar diýip, däp-dessurlar edýärler we ölülere gurban getirýärler. Bu işler Hudaýa ýaramly däl, sebäbi olar Şeýtanyň aldawynda esaslanan. Ol işler bilen ölülere hem ýaranyp bolmaz, sebäbi olar eýýäm ýogaldy [hiç bir ýerde ýaşanok]. Biz ölülerden gorkmaly däl, we ölülere sežde etmeli däl. Biz diňe Hudaýa sežde etmeli (Matta 4:10).

Ölüler täzeden ýaşar. Ýer ýüzündäki Jennetde ýaşar ýaly, Ýehowa ölüleri ukudan oýadar. Ýöne ol wagt entek gelenok (Ýahýa 5:28, 29; Resullaryň Işleri 24:15). Hudaý hem, seniň birini ukudan oýadyp bilşiň ýaly, ölüleri oýadyp bilýär (Markus 5:22, 23, 41, 42).

Ölmeýändigimiz baradaky pikir — bu, Şeýtan Iblisiň ýaýradan ýalany. Şeýtan we onuň jynlary adamlary, ölüleriň ruhlary diridir we adamlaryň üstüne kesel hem bela getirýär diýip pikir etmäge höweslendirýärler. Kämahal Şeýtan adamlary düýş we göze görnüşleriň üsti bilen aldaýar. Ýehowa ölüler bilen gürleşjek bolýanlary ýazgarýar (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:10—12).