15-nji sapak
Hudaýyň dostlary ýagşylyk edýärler
Eger seniň sylaýan we guwanýan dostuň bar bolsa, sen oňa meňzejek bolup gaýrat edýärsiň. Mukaddes Ýazgylarda «Reb ýagşy hem gönüdir [adalatlydyr]» diýilýär (Zebur 25:8). Hudaýyň dosty bolmak üçin biz ýagşylyk edýän we adalatly adam bolmalydyrys. Mukaddes Ýazgylarda «Söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň, we söýgüde geziň» diýilýär (Efesliler 5:1, 2). Ine, muny etmek üçin birnäçe usul:
Kömek etmäge taýyn bol. «Hemmelere ýagşylyk edeliň» (Galatýalylar 6:10).
Yhlas bilen zähmet çek. «Ogrulyk eden indi ogrulyk etmän... öz eli bilen zähmet çekip, oňat iş etsin» (Efesliler 4:28).
Ahlak we ten taýdan arassa bol. «Her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň» (2 Korintoslylar 7:1).
Başgalara söýgi bildir. «Biri-birimizi söeliň, çunki söýgi Hudaýdandyr» (1 Ýahýa 4:7).
Öz ýurduň kanunlaryny ýerine ýetir. «Her kişi ýokary häkimietlere tabyn bolsun... Her kişä bermelisini beriň: salgyt bolsa, salgydy» (Rimliler 13:1, 7).