Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-nji sapak

Ýalan dini ret et!

Ýalan dini ret et!

Şeýtan we onuň jynlary seniň Hudaýa gulluk etmegiňi islemeýärler. Olar Hudaýa hiç kim gulluk etmez ýaly etjek bolup gaýrat edýärler. Olar muny nädip edýärler? Olaryň usullarynyň biri — ýalan dini ulanmak (2 Korintoslylar 11:13—15). Ýalan din — bu, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlary, ýagny hakykaty öwretmeýän din. Ýalan din, daşyndan çyndan ýaly, hakykatdan bolsa, gymmaty ýok we adamlara kän alada getirýän galp pula meňzeşdir.

Hakykat Hudaýa — Ýehowa, din ýalany hiç haçan ýaramly bolmaz. Isa ýerdekä bir dini topary bardy, oňa gatnaşýanlar Isany öldürmek isleýärdiler. Olar, Hudaýa dogry sežde edýändirler öýdýärdiler. Ol adamlar: «Biziň Atamyz — Hudaýymyz bir» diýýärdiler. Isa olar bilen razylaşdymyka? Ýok! Ol olara: «Siziň ataňyz Iblis» diýdi (Ýahýa 8:41, 44). Bu gün köp adamlar Hudaýa sežde edýändir öýdýärler, hakykatdan bolsa, Şeýtana we onuň jynlaryna gulluk edýärler! (1 Korintoslylar 10:20).

Çüýrük agajyň erbet miwe getirşi ýaly, ýalan din hem zalymlyk edýän adamlary etişdirýär. Dünýä betbagtçylykdan doly, sebäbi adamlar ýamanlyk edýär. Munuň hataryna ahlaksyzlygy, uruşlary, ogrulygy, horluk etirmegi, ganhorlugy we zorlugy goşsaň bolar. Bu zalym işlere gatnaşýan adamlaryň köpüsi haýsy bolsa-da bir dini saklaýarlar, emma olaryň dini olary ýagşylyk etmäge höweslendirmeýär. Olar, ýamanlyk etmegini bes etmeseler, Hudaýyň dosty bolup bilmezler (Matta 7:17, 18).

Ýalan din adamlara butlara doga etmegi öwredýär. Hudaý butlara doga etmegi gadagan edýär. Bu pähimli talap. Sen, biriniň seniň bilen gürleşmegiň deregine, elmydama seniň suratyň bilen gürleşmegini islärmidiň? Şolar ýaly adam seniň hakyky dostuň bolarmyka? Ýok, bolmaz. Ýehowa, adamlaryň, jany ýok heýkel ýa-da surat bilen däl-de, Onuň bilen gürleşmeklerini isleýär (Çykyş 20:4, 5).

Ýalan din uruşda adam öldürmek bolýar diýip öwredýär. Isa, Hudaýyň dostlarynyň arasynda söýgi bolar diýdi. Biz söýýän adamlarymyzy öldürmeýäris (Ýahýa 13:35). Biz hatda erbet adamlary hem öldürmeli däldiris. Haçanda Isanyň duşmanlary ony tutmaga gelenlerinde, ol [Isa] öz şägirtlerine özüni goramaga rugsat bermedi (Matta 26:51, 52).

Ýalan din zalym adamlar dowzah odunda jebir çeker diýip öwredýär. Mukaddes Ýazgylar bolsa, günä ölüme eltýär diýip öwredýär (Rimliler 6:23). Ýehowa — söýgi Hudaýy. Söýýän Hudaý adamlary ebedi horlardymy? Elbetde, ýok! Jennetde diňe bir din — Ýehowanyň makullaýan dini bolar. (Ylham 15:4). Şeýtanyň ýalanynda esaslanan hemme dinler ýok bolar.