Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-nji sapak

Geçmişden sapak

Geçmişden sapak

Ýehowa zalym adamlara Jenneti haraplamaga ýol bermez. Jennetde diňe Hudaýyň dostlary ýaşar. Zalym adamlara näme bolar? Jogabyny bilmek üçin Nuhuň hakyky taryhyna göz aýlalyň. Nuh müňlerçe ýyl ozal ýaşapdy. Nuh gowy adamdy we elmydama bar güýji bilen Hudaýyň islegini berjaý etmäge dyrjaşýardy. Emma ýer ýüzündäki başga adamlar erbet işler edýärdiler. Şonda Ýehowa Nuha, hemme erbet adamlary Tupanda ýok etjekdigini aýtdy. Nuh we onuň maşgalasy Tupan gelende ölmez ýaly, Ýehowa Nuha gämi gurmagy buýurdy. (Barlyk 6:9—18).

Nuh we onuň maşgalasy gämi gurdular. Tupan turjagy barada Nuh adamlara duýduryş berýärdi, emma olar ony diňlemän zalymlyk etmegi dowam edýärdiler. Gämi gurlan soň, Nuh onuň içine haýwanlary üýşürdi, ondan soň gämä Nuhuň özi we onuň maşgalasy girdi. Şonda Ýehowa gorkunç Tupan turuzdy. Ýagyş 40 gije-gündiz ýagdy. Bütin ýer ýüzüni suw aldy (Barlyk 7:7—12).

Zalym adamlar öldi, Nuh we onuň maşgalasy bolsa halas boldy. Tupan wagty Ýehowa Nuhy we onuň maşgalasyny saklap, olara zalymlykdan arassalanan ýeri berdi (Barlyk 7:22, 23). Mukaddes Ýazgylarda, dogry bolmakdan gaçýanlary Ýehowanyň ýene-de ýok etjek wagty gelýändigi barada aýdylýar. Gowy adamlar heläk bolmazlar. Olar ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşarlar (2 Petrus 2:5, 6, 9).

Bu günler köp adam erbetlik edýär. Dünýä betbagtlykdan doldy. Ýehowa, adamlara duýduryş bermek üçin Öz Güwälerini yzly-yzyna iberip dur, emma adamlaryň köpüsi Ýehowanyň sözlerini diňläsi gelenok. Olar öz ýollaryny üýtgedesi gelenok. Olar, Hudaýyň ýagşylyk we ýamanlyk barada aýdýan zatlaryny kabul edesi gelenok. Şol adamlara näme bolar? Olar haçanda bir wagt üýtgärmikä? Köpüsi hiç haçan üýtgemez. Erbet adamlaryň ýok ediljek wagty gelýär, olar hiç haçan täzeden ýaşamaz (Zebur 92:7).

Ýer ýok edilmez — ol Jennete öwrüler. Hudaýyň dosty bolýanlar, ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşarlar (Zebur 37:29).