Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-nji sapak

Dost gazanmak üçin, özüň hem dost bolmalysyň

Dost gazanmak üçin, özüň hem dost bolmalysyň

Dostluk söýgi astynda esaslanýar. Sen Ýehowa barada näçe köp bilim aldygyňça, şonça-da köp Ony söýersiň. Hudaýa söýgüň ösdigiçe, seniň Oňa gulluk etmäge islegiň öser. Bu seni Isa Mesihiň şägirdi bolmagyňa höweslendirer (Matta 28:19). Ýehowanyň Güwäleriniň şatlykly maşgalasyna goşulşyp, sen Hudaý bilen dost bolmakdan ebedi lezzet alarsyň. Sen nämeler etmelikäň?

Sen Hudaýy söýýändigiňi, Onuň kanunlaryna tabyn bolmak bilen görkezmelisiň. «Hudaýy söýýändigiňi — Onuň buýruklaryny berjaý etmek bilen görkezilýändir. Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» (1 Ýahýa 5:3).

Bilen zatlaryňy ulan. Isa, gowy görelde hökmünde hyzmat edýän bir hekaýany aýdyp berdi. Akyldar adam öz jaýyny daşyň üstünde gurdy. Akmak bolsa öz jaýyny çägäniň üstünde gurdy. Uly ýagyn ýagyp, sil gelende, daşyň üstünde gurlan jaý saklanyp galdy. Çägäniň üstünde gurlan jaý bolsa, ýykyldy we ýumruldy. Isa, Onuň öwretmelerini diňläp, şoňa görä bolýanlar, öýüni daşyň üstünde guran, akyldar adama meňzeşdir diýdi. Kim Isany diňläp, emma öwreden zatlaryna görä bolmasa, jaýyny çägäniň üstünde guran akmak adama meňzeşdir. Sen şu iki adamyň haýsy birine meňzäsiň gelýär? (Matta 7:24—27).

Özüňi bagyş et. Bu, seniň, Ýehowa doga arkaly ýüzlenip, Onuň islegini ebedi berjaý edesiň gelýändigiňi aýtmakdyr. Hudaýyň islegini berjaý etmegiň, seniň Isa Mesihiň şägirdidigiňi görkezer (Matta 11:29).

Suwda çokundyryl. «[Suwda] çokundyryl, Ony çagyr-da, günäleriňden saplan» (Resullaryň Işleri 22:16).

Hudaýa bütin janyň bilen gulluk et. «Her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb [Ýehowa] üçin ýürekden işläň» (Koloseliler 3:23).