1-nji sapak
Hudaý seni öz dosty bolmaga çagyrýar
Hudaý, sen Onuň dosty bolmagyňy isleýär. Älem Jahandaky iň beýik Şahsyetiň dosty bolup bilerin diýip, sen heý bir wagt pikir edipdiňmi? Bir mahal ýaşan Ybraýym Hudaýyň dosty diýip atlandyryldy (Ýakup 2:23). Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan başga adamlar hem Hudaý bilen dost bolmaklyga şatlanýardylar we köp pata aldylar. Bu günler adamlar bütin ýer ýüzünde, Hudaýyň dosty bolýarlar. Sen hem Hudaýyň dosty bolup bilersiň.
Hudaýyň dosty bolmak, haýsy bolsa-da bir adamyň dosty bolmagyndan gowudyr. Hudaý hiç haçan Öz wepaly dostlarynyň göwnünden geçenok (Zebur 18:25). Hudaýyň dosty bolmak, baý bolmakdan gowudyr. Haçan-da baý adam ölende, onuň puly başgalara geçýär. Hudaý bilen dost bolýan adam bolsa, hiç kimiň onuň eliňden alyp bilmejek baýlygyň eýesi bolýar (Matta 6:19).
Käbir adamlar, seniň Hudaý bilen tanyşmagyňa päsgel berjek bolup synanyşmaklary ähtimal. Olaryň arasynda hatda seniň dostlaryň ýa-da garyndaşlaryň hem bolmagy mümkindir (Matta 10:36, 37). Eger-de biri seniň üstüňden gülýän bolsa ýa-da seni gorkuzjak bolýan bolsa, onda özüňden sorap gör: men kime ýaranasym gelýär — adamlaramy ýa-da Hudaýa? Şu barada oýlanyp gör: biri saňa iýme diýse, sen ony diňlärsiňmi? Elbetde ýok! Ýaşamak üçin saňa iýmit gereklidir. Emma Hudaý, sen ebedi ýaşap biler ýaly edip bilýär! Şonuň üçin, nädip Hudaýyň dosty bolmalydygyny bilmegiňe hiç kime, hiç haçan päsgel bermäge ýol berme (Ýahýa 17:3).