8-nji sapak
Hudaýyň duşmanlary. Olar kim?
Hudaýyň esasy duşmany — bu, Şeýtan Iblis. Ol, Ýehowa garşy çykan ruhy ýaradylyş [perişde]. Şeýtan Hudaýa garşy göreşini dowam edýär we adamlara köp betbagtçylyk getirýär. Şeýtan zalym. Ol ýalançy we ganhor (Ýahýa 8:44).
Hudaýa garşy pitneçilige başga ruhy ýaradylanlar hem Şeýtana goşuldylar. Mukaddes Ýazgylar olary jynlar diýip atlandyrýar. Jynlar hem Şeýtanyň bolşy ýaly — adamlaryň duşmanlarydyr. Olar adamlara horluk ýetirmegi gowy görýärler (Matta 9:32, 33; 12:22). Ýehowa Şeýtany we onuň jynlaryny ebedilik ýok eder. Olara, adamlara betbagtçylyk ýetirmäge az wagt galdy (Ylham 12:12).
Eger sen Hudaýyň dosty bolasyň gelýän bolsa, sen Şeýtanyň senden isleýän zatlaryny etmeli dälsiň. Şeýtan we jynlar Ýehowany ýigrenýärler. Olar Hudaýyň duşmanlary we seniň hem Hudaýyň duşmany bolmagyňy isleýärler. Sen kime ýaranjagyňy: Şeýtanamy ýa-da Ýehowa — saýlamaly. Eger sen ebedi ýaşasyň gelýän bolsa, sen, Hudaýyň islegini berjaý etmek netijä gelmeli. Adamlary aldatmak üçin Şeýtanyň usullary we mekirligi kän. Adamlaryň köpüsini Şeýtan aldawa saldy [azdyrdy] (Ylham 12:9).