Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-njy sapak

Hudaýy söýýändigiňi görkez

Hudaýy söýýändigiňi görkez

Dostlugy saklamak üçin, dostuň bilen gürleşmelidir. Sen ony diňleýärsiň, ol bolsa, seni diňleýär. Şeýle hem sen başgalara öz dostuň barada gowy zatlar aýdýarsyň. Edil şony Hudaý bilen dostluk barada hem aýtsaň bolar. Bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygy hakda oýlanyp gör:

Elmydama Ýehowa bilen doga arkaly gürleşip dur. «Dogada erjellik ediň» (Rimliler 12:12).

Hudaýyň Sözüni — Mukaddes Ýazgylary oka. «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup... öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16, 17).

Hudaý barada başgalara öwredip dur. «Gidiň-de, hemme halklardan şägirt taýýarlaň... Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» (Matta 28:19, 20, TD).

Hudaýyň dostlary bilen ýakynlaş. «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar» (Süleýmanyň Tymsallary 13:20).

Patyşalyk Zallaryndaky duşuşyklara gatnaş. «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň... biri-birimizi ruhlandyralyň» (Ýewreýler 10:24, 25).

Patyşalyk işini goldap dur. «Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir» (2 Korintoslylar 9:7).