13-nji sapak
Jadygöýlik we palçylyk — zalymlykdyr
Şeýtan seniň jadygöýlik bilen meşgullanmagyňy isleýär. Köp adam özüni belalardan gorajak bolup, ata-babalaryna ýa-da ruhlara gurban getirýärler. Olar muny ruhy dünýäniň güýçlerinden gorkýandygy sebäpli edýärler. Olar göz monjuk ýa-da alaja dakynýarlar. Olar, güýji bardyr öýdüp, dem salynan duzy ýany bilen göterip ýörler. Käbir adamlar, belalardan goraýandyr öýdüp, öýlerinde ýa-da howlusynda belli bir zatlary asyp goýýarlar. Başgalar bolsa jadygöý «emleriň» kömegine daýanýarlar, sebäbi bu olara işde, okuw synaglarynda ýa-da duşuşyklarda üstünlik getirer diýip ynanýarlar.
Ýehowa bilen dost bolmak — bu, Şeýtana garşy iň gowy goragdyr — bu, Ýehowanyň dosty bolmak. Ýehowa Hudaý we Onuň perişdeleri Şeýtandan we onuň jynlaryndan has güýçli (Ýakup 2:19; Ylham 12:9). Ýehowa, Öz dostlaryny — Oňa gaýduwsyz wepalylary goramak üçin güýjüni ulanmaga taýyndyr. (2 Taryhlar 16:9).
Hudaýyň Sözünde: «Palçylyk etmäň» diýilýär. Ýehowa jadygöýligi we palçylygy ýazgarýar, sebäbi onuň bilen meşgullanýanlaryn göni Şeýtan Iblisiň täsirine düşmegi ähtimal (Lewiler 19:26).