6-njy sapak
Jennet ýakynda!
Şu wagt ýer ýüzünde bolýan bar zalymlyk Jennetiň ýakyndadygyny aýdýar. Mukaddes Ýazgylarda, Jennetiň başlamagynyň edil öň ýanynda biz gorkunç wakalar göreris diýip öňünden aýdyldy. Biz indi şol döwürde ýaşaýarys. Ine, Mukaddes Ýazgylarda öňünden aýdylan wakalaryň käbirleri:
Uly uruşlar. «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar» (Matta 24:7). Bu pygamberlik ýerine ýetdi. 1914-nji ýyldan bäri iki jahan urşy we köp kiçiräk uruşlar hem boldy. Bu uruşlarda millionlarça adamlar wepat boldy.
Keselleriň ýaýramagy. «Her ýerlerde yzly-yzyna epidemiýalar bolar» (Luka 21:11, TD). Bu sözler ýerine ýetdimi? Hawa. Rak, ýürek keselleri, tuberkulýoz, malýariýa, SPID we başga keseller millionlarça adamlaryň ömrüni kesdi.
Iýmitiň ýetmezligi. Bütin ýer ýüzünde iýmiti ýetmeýän adamlar bar. Her ýyl millionlarça adamlar açlykdan ölýär. Bu hem bahym Jennetiň geljeginiň alamatynyň ýene biridir. Mukaddes Ýazgylarda iýmit ýetmez diýilýär (Markus 13:8).
Matta 24:7). Bu hem biziň döwrümizde ýerine ýetdi. 1914-nji ýyldan bäri ýertitremelerde milliondan hem kän adam wepat boldy.
Ýertitremeler. «Aýry-aýry ýerlerde... ýer titrär» (Erbet adamlar. Adamlar «pula gyzan» we «özüni söýýän» bolar. Olar «lezzeti söýýän, emma Hudaýy söýmeýän» bolar. Çagalar «ene-ata gulak asmaýan» bolar (2 Timoteos 3:1—5). Bu günler köp adamlar edil şu aýdylyşy ýalydygy bilen sen elbetde razysyň? Olar Hudaýy hormatlamaýar, Hudaý barada gaýrat edip bilesi gelýänlere bolsa olar ýamanlyk edýär.
Jenaýatçylyk. Şeýle hem «şer işleri artar» (Matta 24:12). Elbetde sen, bu günler jenaýat işleri birnäçe ýyl öňküden has köpelendigi bilen razylaşarsyň. Adamlar her ýerde-de talamaklygyň, aldawyň ýa-da başga zalymlygyň pidasy bolmaklary ähtimal.
Bu zatlaryň hemmesi Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Bu zatlaryň bolanyny göreňizde Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny biliň» diýilýär (Luka 21:31). Hudaýyň Patyşalygy nämedir? Bu, ýeri Jennete öwürjek Hudaýyň göklerdäki hökümeti. Hudaýyň Patyşalygy ynsan hökümetleriň deregini tutar (Daniýel 2:44).