3-nji sapak
Saňa Hudaý barada bilmek gerek
Hudaýyň dosty bolmak üçin saňa Ol barada bilmek gerek. Seniň dostlaryň seniň adyňy bilýärlermi we olar seniň adyňy tutýarlarmy? Elbetde. Hudaý hem, seniň, Onuň adyny bilmegiňi we Onuň adyny tutup çagyrmagyňy isleýär. Hudaýyň ady — Ýehowa (Zebur 83:18; Matta 6:9). Üstesine-de, Hudaýyň nämäni halaýandygyny we nämäni halamaýandygyny seniň bilmegiň gerek. Saňa, kim Hudaýyň dostlarydygyny, kimler bolsa duşmanlarydygyny — bilmek gerek. Bir kişini tanamak üçin wagt gerekdir. Mukaddes Ýazgylarda, Ýehowa bilen tanyşmak üçin wagt tapmak akylly bolar diýilýär (Efesliler 5:15, 16).
Hudaýyň dostlary Oňa ýaramly zatlary edýärler. Öz dostlaryň barada oýlanyp gör. Eger olara erbet gatnaşyp, halamaýan zatlaryny etseň, olar seniň dostlaryň bolup galarlarmyka? Elbetde, ýok! Eger Hudaýyň dosty bolasyň gelse, sen hem Oňa ýaramly zatlary etmelisiň (Ýahýa 4:24).
Hudaý bilen dost bolmaga hemme dinler eltmeýär. Isa — Hudaýyň iň ýakyn dosty — iki ýol barada aýdýardy. Biri — giň ýol, we köp adam şol ýoldan barýar. Ol [giň] ýol ölüme eltýär. Beýlekisi — dar ýol, we ondan diňe birazy barýar. Ol [dar] ýol ebedi ýaşaýşa eltýär. Bu, eger sen Hudaý bilen dost boljak bolsaň, Oňa nädip dogry sežde etmelidigini seniň hökman bilmelidigiňi aňladýar. (Matta 7:13, 14).