4-nji sapak
Sen Hudaý barada nädip köp bilip bilersiň?
Sen Ýehowa barada Mukaddes Ýazgylary okap köp bilip bilersiň. Bir mahallar Hudaý, Öz pikirlerini ýazdyrtmak üçin käbir adamlary saýlady. Ol ýazgylara Mukaddes Ýazgylar, ýagny, Bibliýa diýilýär. Bu gün biz Hudaý bilen, Mukaddes Ýazgylary okap tanyş bolýarys. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň sözi, ýa-da başgaça, ýüzlenmesi bar bolansoň, oňa Hudaýyň Sözi hem diýýärler. Biz Mukaddes Ýagylarda aýdylan zatlara ynanyp bileris, sebäbi Ýehowa hiç haçan ýalan sözlemeýär. «Hudaýyň ýalan sözlemegi mümkin däl» (Ýewreýler 6:18). Hudaýyň Sözünde hakykat bar (Ýahýa 17:17).
Mukaddes Ýazgylar — bu, Hudaýyň bize beren iň gymmat sowgatlarynyň biridir. Ony söýýän atanyň öz çagalaryna ýazan haty bilen deňeşdirseň bolar. Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň, planetamyzy ajaýyp ýaşaýyş ýere — Jennete öwürjek wadasy barada aýdyp berýär. Ol, Hudaýyň geçmişde nämeler edendigi, şu wagt näme edýändigi we gelejekde öz wepaly çagalary üçin nämeler etjekdigi barada aýdyp berýär. Şeýle hem Mukaddes Ýazgylar bize aladalarymyzy çözmäge we bagt tapmaga kömek edýär (2 Timoteos 3:16, 17).
Matta 10:8). Üstesine-de sen mesihçileriň duşuşyklaryna-da baryp bilersiň. Olar sežde edilýän ýerlerde, ýagny Patyşalyk Zallarynda geçirilýär. Eger sen mesihçileriň duşuşyklaryna gatnaşsaň, sen Hudaý barada köp bilimi çalt alarsyň.
Ýehowanyň Güwäleri — bu, Hudaýyň dostlary; olar saňa Mukaddes Ýazgylaryň öwredýän zatlaryna düşünmäge kömek ederler. Olara Mukaddes Ýazgylary öwrenesiň gelýändigi barada aýtmagyň ýeterlikli. Öwredýäni üçin olar pul almaýarlar (Sen Hudaý barada Onuň ýaradan zatlaryna syn edip bilip bilersiň. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýilýär (Barlyk 1:1). Haçan-da Ýehowa «gögi» ýaradýarka, Ol — güni ýaratdy. Bu bize Hudaý barada nämeleri aýdyp bilerkä? Bu bize, Ýehowanyň beýik güýjüniň bardygy barada aýdýar. Şeýle gaty nur saçýan ägirt güni diňe Ýehowa ýaradyp bilýär. Bu hem-de bize Ýehowanyň örän hikmetlidigi barada aýdýar, sebäbi şolar ýaly ýylylyk we ýagtylyk berip duran, emma özi ýanmaýan güni ýaratmak üçin hikmet gerek.
Ýehowanyň ýaradan zatlary — Onuň bizi söýýändigi barada aýdýar. Ýer ýüzündäki miweleriň köp dürlüligi barada oýlanyp gör. Ýehowa bize miweleriň diňe ýekeje görnüşini-de berip bilýärdi, ýa-da hiç birini bermän hem bilýärdi. Emma Ýehowa bize köp hili — durli-dürli görnüşli, reňkli, tagamly we ululy-kiçili miweleri berdi. Bu, Ýehowanyň — söýýän, jomart, aladaçy we ýagşy Hudaýdygyny görkezýär (Zebur 104:24).