Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI SAPAK

Bu hoş habar näme barada?

Bu hoş habar näme barada?

1. Hudaý adamlara näme habar berýär?

Allatagala adamlaryň ýer ýüzünde lezzet alyp ýaşamagyny isleýär. Ol Ýer şaryny we ondaky zatlary adamlary söýýändigi üçin ýaratdy. Tizden Allatagala dünýäniň ähli ýerinde ajaýyp şertler döreder. Ol adamzadyň ejir çekmegine sebäp bolýan ähli zady ýok eder. 1 Timoteos 6:19-y okaň.

Ýer ýüzündäki hökümdarlyklaryň hiç biri zorlugy, keselçiligi we ölümi aýryp bilmedi. Emma Hudaý bize gowy habar aýdýar. Ol tizden adamzat häkimiýetleriniň ýerine Öz häkimiýetini berkarar eder. Hudaýyň häkimiýetiniň raýatlary parahat we sagdyn durmuşda ýaşarlar. Ylham 11:15; 21:3, 4-nji aýatlary okaň.

2. Hoş habary eşitmek näme üçin wajyp?

Allatagala ýer ýüzünden erbet adamlary ýok eder, şondan soňra hiç bir adam ejir çekmez (2 Selanikliler 1:8). Bu haçan bolar? Şu günler bolýan wakalar Mukaddes Ýazgylarda öňünden pygamberlik edilipdi. Bu zatlar Hudaýyň tizden hereket edip başlajakdygyny görkezýär. 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okaň.

3. Biz näme etmeli?

Biz Mukaddes Ýazgylardan Hudaý barada bilim almaly. Bu kitaby söýgüden doly atanyň çagalaryna ýazan haty bilen deňeşdirse bolar. Onda durmuşyňy häzirden nädip bagtly edip bolýandygy we gelejekde ebedi ýaşamak üçin näme etmelidigi düşündirilýär. Elbetde, Mukaddes Ýazgylary öwrenýändigiňizi käbir adamlar halamaz. Emma ajaýyp durmuşda ýaşamak mümkinçiligini elden gidirmäň. Süleýmanyň tymsallary 29:25; Ylham 14:6, 7-nji aýatlary okaň.