Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çepde: Germaniýadaky doganlara kömek üçin Şweýsariýadan iberilen serişdeler (1946-njy ýyl). Sagda: Ýaponiýada bolan sunamiden soň, Patyşalyk zaly gaýtadan dikeldilýär (2011-nji ýyl)

6-NJY BÖLÜM

Patyşalygy goldamak — Hudaýa sežde edilýän ýerleri gurmak we gerekli kömegi bermek

Patyşalygy goldamak — Hudaýa sežde edilýän ýerleri gurmak we gerekli kömegi bermek

SIZ Patyşalyk zalyna girip, öz gözüňize ynanmaýarsyňyz. Siz bu jaýa hemişe buýsanýardyňyz. Birnäçe ýyl mundan ozal onuň gurluşygyna gatnaşandygyňyz barada ýagşy ýatlamalaryňyz hem bar. Emma häzir siz has-da buýsanýarsyňyz, sebäbi Patyşalyk zaly wagtlaýyn kömek berilýän merkez boldy. Ýaňy-ýakynda bolan harasatda suw joşup, ýaşaýan ýeriňizdäki jaýlaryň ählisini weýran etdi. Şol sebäpli filial komiteti betbagtçylykdan ejir çekenlere haýal etmän iýmitiň, agyz suwunyň, egin-eşigiň we başga-da gerekli kömegiň berilmeginiň aladasyny etdi. Kömek üçin berilýän azyk-harytlar Patyşalyk zalynda tertipli ýerleşdirilipdir. Dogan-uýalar gelip, özlerine gerek zatlary alýarlar we olaryň köpüsi şatlykdan ýaňa göz ýaşyny saklap bilmeýär.

Isa şägirtleriniň biri-birine bolan söýgüsi bilen tanaljakdygyny aýtdy (Ýahýa 13:34, 35). Biz şu bölümde Ýehowanyň Şaýatlarynyň gurluşyk işlerini alyp barmak we gerekli kömegi bermek bilen, bir-birine söýgüsini nädip görkezýändigi barada gürrüň ederis. Bu söýgi Isanyň baştutanlygyndaky Patyşalygyň hökümdarlygy astynda ýaşaýandygymyzy subut edýär.

ŞU BÖLÜMDE:

18-NJI BAP

Patyşalyk işiniň çykdajylary nädip ödelýär?

Pul nireden alynýar? Ol nämä sarp edilýär?

19-NJY BAP

Ýehowany şöhratlandyrýan gurluşyk işleri

Sežde edilýän ýerler Hudaýy şöhratlandyrsa-da, ol başga zady has gymmat saýýar.

20-NJI BAP

Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýäris

Imandaşlarymyza gerekli kömegi bermegiň Ýehowa edýän mukaddes gullugymyzyň bir görnüşidigini nireden bilýäris?