Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19-NJY BAP

Ýehowany şöhratlandyrýan gurluşyk işleri

Ýehowany şöhratlandyrýan gurluşyk işleri

BABYŇ TEMASY

Bütin dünýäde Patyşalygyň bähbitleri üçin gurluşyk işleri alnyp barylýar

1, 2. a) Ýehowanyň gullukçylary gadymy döwürden bäri näme edýär? b) Ýehowa nämäni gymmat saýýar?

 ÝEHOWANYŇ wepaly gullukçylary gadymy döwürden bäri onuň adyny şöhratlandyrýan jaýlary gurýarlar. Mysal üçin, ysraýyllylar mukaddes çadyryň gurluşygyna erjellik bilen gatnaşyp, oňa gerekli serişdeleri jomartlyk bilen berdiler (Müs. çyk. 35:30—35; 36:1, 4—7).

2 Emma Ýehowa gurluşyk materiallaryna öz adyny şöhratlandyrýan has gymmatly zat hökmünde garamaýar (Mat. 23:16, 17). Ol, esasan, gullukçylarynyň seždesini, janaýamazlygyny we yhlasly zähmetini gymmat saýýar. Bu zatlar Ýehowanyň adyny şöhratlandyrýan iň gymmatly sowgatdyr (Müs. çyk. 35:21; Mar. 12:41—44; 1 Tim. 6:17—19). Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi gurlan binalar ömürlik durmaýar. Mysal üçin, häzir mukaddes çadyr we ybadathana ýok. Muňa garamazdan, Ýehowa olaryň gurluşygyny goldan wepaly gullukçylarynyň jomartlygyny we çeken zähmetini unutmady (1 Korinfliler 15:58; Ýewreýler 6:10-njy aýatlary okaň).

3. Biz şu bapda näme barada gürrüň ederis?

3 Şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary oňa sežde edilýän ýerleri gurmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Patyşamyz Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda gazanan üstünliklerimiz diýseň haýran galdyrýar! Dogrudan-da, Ýehowa biziň edýän tagallalarymyzy patalaýar (Zeb. 127:1). Biz şu bapda käbir gurluşyk işleri we olaryň Ýehowany nädip şöhratlandyrýandygy barada gürrüň ederis. Şeýle-de bu işlere gatnaşan dogan-uýalaryň aýdan sözlerine serederis.

Patyşalyk zallarynyň gurluşygy

4. a) Biz näme üçin Hudaýa sežde edilýän ýerleriň sanyny artdyrmaly bolýarys? b) Käbir filiallar näme üçin birleşdirildi? (« Filiallaryň gurluşygy — ýüze çykýan zerurlyklara görä hereket edýäris» diýen çarçuwa serediň).

4 Şu kitabyň 16-njy babynda bellenip geçilişi ýaly, Ýehowa biziň oňa sežde etmek üçin bilelikde ýygnanyşmagymyzy isleýär (Ýewr. 10:25). Biziň duşuşyklarymyz diňe bir imanymyzy berkitmän, eýsem, yhlasly wagyz etmäge-de höweslendirýär. Şu soňky günleriň tamamlanyp barýan döwründe, Ýehowa wagyz işini has-da çaltlandyrýar. Netijede, her ýyl onuň guramasyna ýüz müňlerçe adam goşulýar (Iş. 60:22). Patyşalygyň raýatlarynyň barha artýandygy üçin, has köp edebiýatlary çap edip, Hudaýa sežde edilýän ýerleriň sanyny köpeltmeli bolýar.

5. Patyşalyk zalynyň ady näme üçin ýerlikli? (Şeýle-de « Täze nur buthanasy» diýen çarçuwa serediň).

5 Ýehowanyň halkynyň häzirki zaman taryhynyň başlangyjynda, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler duşuşyk geçirmek üçin öz ýerleriniň bolmalydygyna göz ýetirdiler. Hudaýa sežde edilýän ýerleriň ilkinjisi 1890-njy ýylda Günbatar Wirginiýada (ABŞ) guruldy. 1930-njy ýyllarda Ýehowanyň gullukçylary şeýle jaýlaryň ençemesini gurdular we bejeriş işlerini geçirdiler. Emma şol duşuşyk geçirilýän ýerleriň aýratyn bir ady ýokdy. 1935-nji ýylda Ruterford dogan Gawaýide filialyň gapdalyndan gurulýan zaly görmäge bardy. Ruterford dogandan bu jaýy näme diýip atlandyrsalar gowy boljakdygyny soranlarynda, ol: «Geliň, muňa „Patyşalyk zaly“ diýeliň, sebäbi biziň edýän işimizem Patyşalyk barada wagyz etmek dälmi näme?!» diýdi (Mat. 24:14). Bu at örän ýerliklidi. Şol sebäpli diňe bir şol zal däl, eýsem, bütin dünýäde Ýehowanyň halkynyň duşuşyk geçirýän ýerleriniň ählisi şeýle atlandyryldy.

6, 7. Patyşalyk zallarynyň gysga wagtyň içinde gurulmagy nähili netije berýär?

6 1970-nji ýyllarda has köp Patyşalyk zallaryny gurmaly boldy. Şol sebäpli ABŞ-daky doganlar owadan hem amatly jaýlary sanlyja günüň içinde gurmaga ýardam edýän öňdebaryjy usuly oýlap tapdylar. 1983-nji ýylda ABŞ-da we Kanadada şeýle Patyşalyk zallarynyň takmynan 200 sanysy guruldy. Gurluşyk işlerini gowy ýerine ýetirmek üçin, doganlar Regional gurluşyk komitetlerini döredip başladylar we bu örän netijeli boldy. Şol sebäpli 1986-njy ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty şeýle komitetleriň döredilmegini doly makullady. 1987-nji ýylda ABŞ-da 60 sany Regional gurluşyk komiteti bardy a. 1992-nji ýyla çenli bu komitet Argentina, Awstraliýa, Germaniýa, Günorta Afrika, Ispaniýa, Meksika, Fransiýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlarda döredildi. Dogrudan-da, Patyşalyk hem-de Kongres zallaryny gurmak üçin yhlasly zähmet çekýän doganlar biziň goldawymyza mynasyp, çünki olaryň edýän işi mukaddes gullugyň bir görnüşidir.

7 Patyşalyk zallarynyň gysga wagtyň içinde gurulmagy olaryň töwereginde ýaşaýan adamlar üçin gowy şaýatlyk bolýar. Mysal üçin, Ispaniýanyň gazetinde Martos şäherinde gurulýan Patyşalyk zaly babatda «Daglary ýerinden gozgaýan iman» atly makala çap edildi. Onda şeýle sorag berilýärdi: «Adamlaryň diňe özüni bilip ýaşaýan dünýäsinde (Ispaniýanyň) dürli künjeginden Martosa gelen meýletin gullukçylara hem çalt, hem guramaçylykly hereket edip, janaýamazlyk bilen ýokary hilli jaýlary gurmak nädip başardýarka?» Soňra şol gazetde bu soraga jogap hökmünde meýletin gullukçylaryň biriniň sözleri getirilip: «Biz muny Ýehowadan tälim alandygymyz üçin başarýarys» diýildi.

Ykdysady taýdan pes döwletlerde alnyp barylýan gurluşyk

8. 1999-njy ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty nähili taslamany makullady we näme üçin?

8 XX asyryň ahyrynda ykdysady taýdan pes döwletlerde Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany barha artýardy. Şol ýurtlardaky ýygnaklar duşuşyk geçirilýän ýerleri gurmak üçin elinde baryny edýärdiler. Emma köp ýerlerde Patyşalyk zallarynyň beýleki dini guramalaryň jaýlaryna garanyňda, has ýönekeýdigi üçin Şaýatlaryň üstünden gülüp, ýaňsylaýardylar. 1999-njy ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty ösüp barýan ýurtlarda Patyşalyk zallarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin ýörite taslamany makullady. Emma «deňlik bolar» ýaly, gurluşykda has ösen ýurtlaryň serişdelerini ulanmak kararyna geldiler (2 Korinfliler 8:13—15-nji aýatlary okaň). Başga ýurtdaky dogan-uýalar hem bu işi goldamaga çagyryldy.

9. Haýsy iş başa barmajak ýaly göründi, emma nähili üstünlikler gazanyldy?

9 Ilkibada, bu taslamanyň esasynda alnyp baryljak gurluşyk işleri başa barmajak ýaly görünýärdi. 2001-nji ýylyň hasabatynda ösüp barýan ýurtlaryň 88 sanysynda ýene-de 18 müň 300-den gowrak Patyşalyk zallarynyň gurulmalydygy aýdyldy. Emma Hudaýyň mukaddes ruhunyň we Patyşamyz Isa Mesihiň goldawy bilen başartmajak zat ýok (Mat. 19:26). Hudaýyň halky 15 ýylyň içinde, ýagny 1999—2013-nji ýyllarda şol taslamanyň esasynda 26 müň 849 sany Patyşalyk zallaryny gurdy b. Ýehowa wagyz işini patalamagyny dowam edýär. 2013-nji ýylda şol ýurtlarda ýene-de takmynan 6 müň 500 sany Patyşalyk zallarynyň gurulmalydygyna göz ýetirildi. Mundan başga-da, her ýyl ýüzlerçe Patyşalyk zallaryny gurmaly bolýar.

Ykdysady taýdan pes döwletlerde Patyşalyk zallaryny gurmak bilen bagly käbir kynçylyklar bolýar

10—12. Patyşalyk zallarynyň gurluşygy Ýehowanyň adyny nädip şöhratlandyrýar?

10 Patyşalyk zallarynyň gurluşygy Ýehowanyň adyny nädip şöhratlandyrýar? Zimbabwedäki filialyň hasabatynda: «Adatça, Patyşalyk zalynyň gurlanyna bir aý geçensoň, duşuşyga gelýänleriň sany iki esse artýar» diýilýär. Köp ýurtlarda Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýa sežde etmek üçin amatly ýeri bolmasa, adamlar olar bilen göwünli-göwünsiz gürrüňdeş bolýar diýip pikir edýärler. Olar Patyşalyk zalyny gursalar, duşuşyga gelýänleriň sany şeýle bir köpelýär welin, başga-da zal gurmaly bolýar. Emma diňe şol jaýlaryň owadanlygy adamlary özüne çekip, Ýehowa ýakynlaşdyrmaýar. Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gatnaşýanlaryň bildirýän hakyky söýgüsi adamlaryň Ýehowanyň guramasyna bolan garaýşyna güýçli täsir edýär. Geliň, bu babatda käbir mysallara seredeliň.

11 Indoneziýa. Patyşalyk zalynyň gurluşygyny synlan bir adam ol ýerde işleýänleriň ählisiniň meýletin gullukçylardygyny bilende, şeýle diýdi: «Siz gaty geň adamlar! Men siziň hemmäňiziň ýürekden işleýändigiňizi gördüm. Size hiç hili hak tölenmese-de, şatlyk bilen zähmet çekýärsiňiz. Meniň pikirimçe, siziňki ýaly din başga hiç ýerde ýok!»

12 Ukraina. Her gün Patyşalyk zalynyň gurluşygynyň gapdalyndan geçýän bir aýal öz ýanyndan bu işçiler Ýehowanyň Şaýatlary bolmaly we olar Patyşalyk zalyny gurýandyr diýip çak edýär. Ol şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýady bolan gyz jigim maňa olar barada köp zatlary gürrüň beripdi. Bu gurluşygy synlap, menem şol ruhy maşgalanyň agzasy bolasym geldi. Men bu ýerde söýginiň iş ýüzünde görkezilýändigine göz ýetirdim». Soňra bu aýal Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar we 2010-njy ýylda suwa çümdürilýär.

13, 14. a) Patyşalyk zalynyň gurluşygyny synlan bir är-aýalyň mysalyndan näme öwrenip bileris? b) Hudaýa sežde edýän ýeriňiz Ýehowanyň adyny şöhratlandyrar ýaly näme edip bilersiňiz?

13 Argentina. Bir adam öz aýaly bilen Patyşalyk zalynyň gurluşygyna gözegçilik edýän doganyň ýanyna baryp: «Biz siziň gurluşyk işiňizi synlap... bu ýerde Hudaý barada öwrenesimiz geldi» diýýär. Soňra ol: «Biz şu ýerde geçiriljek duşuşyga gatnaşyp biler ýaly näme etmeli?» diýip soraýar. Bu är-aýal Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge diňe bir şert bilen, ýagny tutuş maşgalasy bilen öwrenseler razylaşjakdygyny aýdýar. Doganlar hem munuň bilen ylalaşýarlar.

14 Belki-de, siz duşuşyk geçirýän Patyşalyk zalyňyzyň gurluşygyna gatnaşan dälsiňiz. Emma şonda-da Hudaýa sežde edýän ýeriňiz Ýehowanyň adyny şöhratlandyrar ýaly köp zatlary edip bilersiňiz. Mysal üçin, siz okuw geçýän we ideg edýän adamlaryňyzy hem-de başgalary ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendirip bilersiňiz. Siziň ýygnak geçirýän ýeriňiziň arassaçylyk we bejeriş işlerine gatnaşmaga-da mümkinçiligiňiz bar. Şeýle-de siz biraz tygşytly bolsaňyz, Patyşalyk zalyňyzyň çykdajylary hem-de başga ýurtlardaky zallaryň gurluşygy üçin sadaka berip bilersiňiz (1 Korinfliler 16:2-ni okaň). Bu zatlaryň ählisi Ýehowanyň adyny şöhratlandyrýar.

Höwes bilen gulluk edýän işçiler

15—17. a) Gurluşyk işleriniň köpüsini kim edýär? b) Halkara gurluşyk işine gatnaşan är-aýallaryň aýdan sözlerinden näme öwrenip bileris?

15 Patyşalyk hem-de Kongres zallarynyň we filiallaryň gurluşyk işleriniň köpüsini ýerli dogan-uýalar edýär. Emma olara köplenç gurluşyk işinde tejribesi bolan daşary ýurtly dogan-uýalar kömek edýär. Şol meýletin gullukçylaryň käbiri halkara gurluşyk işlerine birnäçe hepdeläp gatnaşyp biler ýaly, durmuşyny sadalaşdyrýar. Käbirleri bolsa, bir ýerden başga ýere göçüp, ençeme ýyllaryň dowamynda köp gurluşyk işlerine gatnaşýarlar.

Timo bilen Lina Lappalaýnen (16-njy abzasa serediň)

16 Halkara gurluşyk işlerine gatnaşmak üçin käbir kynçylyklara döz gelmeli bolsa-da, bu köp bereketleri berýär. Meselem, Timo bilen Lina Aziýadaky, Ýewropadaky we Günorta Amerikadaky Patyşalyk hem-de Kongres zallarynyň we filiallaryň gurluşygyna gatnaşdy. Timo dogan: «Soňky 30 ýylyň içinde meni her iki ýyldan başga ýere bellediler» diýýär. Timo bilen durmuş guranyna 25 ýyl bolan Lina uýa şeýle diýýär: «Men Timo bilen 10 ýurtda gulluk etdim. Täze ýeriň iýmitine, howasyna, diline, wagyz edýän adamlaryňa öwrenişmek we dost tapynmak üçin köp wagt hem-de tagalla gerek bolýar» c. Eýsem, bu şeýle köp tagalla edeniňe degýärmi? Lina sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Biz kynçylyklara döz gelip, bol bereket aldyk. Dogan-uýalaryň söýgüsini, myhmansöýerligini görüp, Ýehowanyň söýgi bilen aladamyzy edýändigine göz ýetirdik. Şeýle-de biz Isanyň Markus 10:29, 30-njy aýatlardaky wadasynyň ýerine ýetýändigini gördük. Indi biziň ýüz esse köp doganlarymyz, uýalarymyz we ejelerimiz bar». Timo oňa goşulyp: «Biz Patyşamyzyň emlägini artdyrmaga gatnaşyp, ukyplarymyzy ýagşy maksatlar üçin ulanýandygymyza diýseň begenýäris» diýýär.

17 Afrikada, Aziýada, Günorta Amerikada, Ýewropada, Merkezi Amerikada, Ýuwaş okeanyň günortasyndaky adalarda gurluşyk işlerine gatnaşan Darren bilen Sara käbir zatlardan geçseler-de, has köp bereket alandyklaryny aýdýarlar. Köp kynçylyklara duş gelendiklerine garamazdan, Darren dogan şeýle diýýär: «Dünýäniň dürli künjeginden gelen dogan-uýalar bilen işleşmek, biziň üçin uly hormat. Men Ýehowa bolan söýgimiziň bütin ýer şaryndaky dogan-uýalary birleşdirýändigine göz ýetirdim». Sara uýa bolsa: «Men dürli medeniýetden bolan dogan-uýalardan gaty köp zat öwrendim! Olaryň Ýehowa gulluk etmek üçin ençeme zatlardan geçýändigini görüp, mundan beýläk-de jan aýaman gulluk etmegi ýüregime düwdüm» diýýär.

18. Zebur 110:1—3-nji aýatlardaky pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

18 Dawut patyşa Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlarynyň kynçylyklara duş gelýändigine garamazdan, Patyşalygyň bähbitleri üçin höwes bilen gulluk etjekdigini pygamberlik etdi (Zebur 110:1—3-nji aýatlary okaň). Patyşalyk işini goldamak üçin zähmet çekýänler bu pygamberligi ýerine ýetirmäge gatnaşýarlar (1 Kor. 3:9). Bütin dünýäde köp filiallaryň, ýüzlerçe Kongres zallaryň we on müňlerçe Patyşalyk zallarynyň gurulmagy Hudaýyň Patyşalygynyň, hakykatdanam, höküm sürýändigini subut edýär. Patyşa Isa Mesihe gulluk edip, Ýehowany şöhratlandyrýan işe gatnaşmak, biziň üçin uly hormat! Eýsem, Ýehowa şöhrata mynasyp dälmi näme?!

a 2013-nji ýylda 230 müňden gowrak meýletin gullukçylara ABŞ-da 132 sany Regional gurluşyk komitetleri bilen gulluk etmäge rugsat berildi. Bu komitetler her ýyl takmynan 75 sany Patyşalyk zalynyň gurulmagyna we 900-e golaý zallaryň gaýtadan dikeldilmegine ýa-da olarda bejeriş işleriniň geçirilmegine gözegçilik edýärdiler.

b Bu hasabata şol taslama degişli bolmadyk ýurtlarda gurlan köp sanly Patyşalyk zallary girmeýär.

c Halkara gurluşykçylar we meýletin gullukçylar ençeme sagatlap gurluşykda işleseler-de, agşamlaryna we dynç günleri wagyz edip, ýerli ýygnaklar bilen hyzmatdaşlyk edýärler.