20-NJI BAP
Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýäris
1, 2. a) Ýahudadaky mesihçiler nähili kynçylyga duş geldiler? b) Mesihçiler Ýahudadaky imandaşlaryna nädip söýgi bildirdiler?
B. E. TAKMYNAN 46-njy ýylynda Ýahudada güýçli açlyk başlanýar. Azyk önümleri şeýle bir gymmatlaýar welin, ýehudy şägirtler hatda az-owlak bugdaý dänesini hem satyn alyp bilmeýärler. Olar açlykdan ýaňa halys ysgyndan gaçypdylar. Emma tizden Ýehowa olaryň aladasyny edýär. Şeýle goldaw Isanyň şägirtlerine öň hiç haçan berilmändi. Eýsem, näme bolup geçdi?
2 Antiohiýadaky (Siriýa) ýehudy hem-de başga milletli mesihçiler Iýerusalimdäki we Ýahudadaky imandaşlaryna duýgudaşlyk bildirip, kömek etmek üçin gerekli zatlary ýygnaýarlar. Soňra olar iki sany jogapkär dogana, ýagny Barnabas bilen Sawula bu zatlary Iýerusalimdäki ýaşululara äkitmegi tabşyrýarlar (Resullaryň işleri 11:27—30; 12:25-nji aýatlary okaň). Antiohiýadaky doganlaryň bildiren söýgüsi Ýahudadaky mesihçilere, gör, nähili güýçli täsir edendir!
3. a) Şu günler Hudaýyň halky Antiohiýadaky mesihçileriň göreldesine nädip eýerýär? Mysal getiriň. (Şeýle-de « Gerekli kömegi bermek üçin biziň günlerimizde gurnalan ilkinji uly kampaniýa» diýen çarçuwa serediň). b) Şu bapda haýsy soraglara serederis?
3 B. e. I asyrynda bolan bu waka dünýäniň bir künjeginde ýaşaýan mesihçileriň başga ýerdäki imandaşlaryna kömek edendigi barada ýazylan ilkinji mysaldy. Şu günler bizem Antiohiýadaky doganlaryň galdyran göreldesine eýerýäris. Bir ýurtda ýaşaýan imandaşlarymyzyň betbagtçylyga uçrandygyny ýa-da synaga düşendigini bilenimizde, derrew olara kömege barýarys a . Dogan-uýalara gerekli kömegi bermegiň Hudaýa edýän gullugymyzyň başga görnüşleri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna düşünmek üçin, geliň, bu babatda şu üç soraga seredeliň: Biz imandaşlarymyza gerekli kömegi bermegi näme üçin Hudaýa edýän gullugymyzyň bir görnüşi hasaplaýarys? Biz nähili maksatlar bilen kömek edýäris? Gerekli kömegi berip, gulluk etmek nähili bereketleri getirýär?
Imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek näme üçin «mukaddes gulluk» hasaplanýar?
4. Pawlus resul korinflilere ýazan hatynda mesihçileriň gullugy babatda näme diýdi?
4 Pawlus resul korinflilere ýazan ikinji hatynda mesihçileriň gullugynyň iki tarapynyň bardygyny düşündirýär. Bu hat mesh edilen mesihçilere ýazylan bolsa-da, Pawlusyň sözleri Isanyň «başga goýunlaryna-da» degişli (Ýahýa 10:16). Biziň gullugymyzyň bir tarapy «ýaraşdyrma gullugy» bolup, bu wagyz we tälim beriş işimizi öz içine alýar (2 Kor. 5:18—20; 1 Tim. 2:3—6). Ikinji tarapyna bolsa, imandaşlarymyzyň bähbidi üçin ýerine ýetirýän gullugymyz degişli. Pawlus resul bu gullugy «mukaddeslere kömek etmek» diýip atlandyrdy (2 Kor. 8:4). «Ýaraşdyrma gullugy» we «mukaddeslere kömek etmek» diýen jümlelerde ulanylýan «gulluk» hem-de «kömek etmek» sözleriniň ikisi hem grekçe «diakonia» sözüniň terjimesidir. Eýsem, munuň nähili ähmiýeti bar?
5. Pawlus resul imandaşlarymyza gerekli kömegi bermegi gulluk hasaplady. Bu nämäni görkezýär?
5 Pawlus bu iki ýagdaýda-da şol bir grek sözüni ulanmak bilen, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermegiň mesihçiler ýygnagynda amala aşyrylýan gullugyň bir görnüşidigini görkezdi. Ol bu sözleri aýtmazyndan öň, şeýle diýdi: «Gullugyň dürli görnüşleri bolsa-da, Halypamyz birdir. Edilýän işler dürli-dürli bolsa-da, olar... şol bir ruh arkaly... berilýändir» (1 Kor. 12:4—6, 11). Şeýdip, Pawlus ýygnakdaky gullugyň dürli görnüşlerini «mukaddes gulluk» bilen baglanyşdyrdy b (Rim. 12:1, 6—8). Şol sebäpli biz Pawlus resulyň «mukaddeslere hyzmat etmek üçin» wagt sarp etmegi wajyp saýandygyna geň galmaýarys (Rim. 15:25, 26).
6. a) Pawlus resulyň düşündirişi ýaly, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek näme üçin Hudaýa edýän seždämiziň bir bölegi hasaplanýar? b) Şu günler bütin dünýäde imandaşlarymyza nädip gerekli kömegiň berilýändigini gürrüň beriň (214, 215-nji sahypalardaky « Betbagtçylyk bolanda» diýen çarçuwa serediň).
6 Pawlus resul Korinfdäki mesihçilere imandaşlaryna gerekli kömegi bermegiň näme üçin Ýehowa edýän gullugynyň we seždesiniň bir bölegi hasaplanýandygyna düşünmäge kömek etdi. Geliň, onuň aýdan sözlerine jikme-jik seredeliň. Mesihçiler «Mesih hakda wagyz edýän hoş habaryna tabyn bolýar» (2 Kor. 9:13). Olar Isanyň öwreden zatlaryny durmuşynda ulanmak üçin, betbagtçylyga uçran imandaşlaryna gerekli kömegi berýär. Pawlus resulyň belläp geçişi ýaly, olaryň öz doganlarynyň bähbidi üçin edýän bu ýagşy işleri, hakykatdanam, «Hudaýyň... çäksiz merhemetini» aýan edýär (2 Kor. 9:14; 1 Pet. 4:10). Şol sebäpli mätäçlik çekýän doganlarymyza gerekli kömegi berip, gulluk etmek babatda 1975-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» şeýle jaýdar sözler aýdyldy: «Geliň, Ýehowa Hudaýyň we onuň Ogly Isa Mesihiň bu gullugy gymmat saýýandygyna hiç haçan şübhelenmäliň». Hawa, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek mukaddes gullugyň wajyp bölegidir (Rim. 12:1, 7; 2 Kor. 8:7; Ýewr. 13:16).
Belli bir maksatlar bilen kömek edýäris
7, 8. Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, ilki bilen, haýsy maksada ýetýäris? Düşündiriň.
7 Biz nähili maksatlar bilen kömek edýäris? Pawlus resul korinflilere ýazan ikinji hatynda bu soraga jogap berýär (2 Korinfliler 9:11—15-nji aýatlary okaň). Bu aýatlarda Pawlus imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen, esasan, üç maksada ýetýändigimizi belläp geçýär. Geliň, olaryň her birine aýratynlykda seredeliň.
8 Birinjiden, gerekli kömegi berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys. Geliň, ýokarda getirilen bäş aýatda gerekli kömegi bermek barada aýdanda, Pawlus resulyň doganlaryň ünsüni näçe gezek Ýehowa Hudaýa gönükdirendigine seredeliň. Pawlus biziň «edýän tagallamyzyň adamlary Hudaýa minnetdar bolmaga höweslendirýändigini» hem-de «ençeme adamlaryň Hudaýa köp minnetdarlyk aýdýandygyny» ýatladýar (11, 12-nji aýatlar). Şeýle-de ol gerekli kömegi alan mesihçileriň «Hudaýy şöhratlandyrýandygyny» we «çäksiz merhemet edýändigi» üçin Hudaýa alkyş aýdýandygyny belläp geçýär (13, 14-nji aýatlar). Soňra Pawlus sözüni jemläp: «Geliň... Hudaýa minnetdar bolalyň» diýýär (15-nji aýat; 1 Pet. 4:11).
9. Biziň berýän kömegimiz adamlaryň garaýşyny nädip üýtgedip bilýär? Mysal getiriň.
9 Pawlus resul ýaly, Hudaýyň häzirki gullukçylary hem gerekli kömegi bermeklige Ýehowany şöhratlandyrmaga we onuň taglymatlaryny bezemäge mümkinçilik hökmünde garaýarlar (1 Kor. 10:31; Titus 2:10). Biziň berýän kömegimiz Ýehowa Hudaý we onuň Şaýatlary barada nädogry pikirde bolan adamlaryň garaýşyny üýtgedip bilýär. Geliň, bir mysala seredeliň. Güýçli harasatdan ejir çeken ýerde ýaşaýan bir aýalyň öýüniň gapysynda «Ýehowanyň Şaýatlary biynjalyk etmesin» diýen ýazgy bardy. Bir gün ol aýal öýüniň garşysyndaky jaýy dikeldýän işçileri görýär. Ol birnäçe gün bu işçileri synlap, olaryň agzybir zähmet çekýändigine üns berýär. Soňra olaryň kimdigini bilmek üçin ýanlaryna barýar. Ol aýal bu meýletin işçileriň Ýehowanyň Şaýatlarydygyny bilende, haýran galyp: «Men siz barada nädogry pikirde bolupdyryn» diýýär. Soňra ol öýüne baryp, gapysyndaky ýazgyny aýyrýar.
10, 11. a) Gerekli kömegi bermek babatda ikinji maksadymyza ýetýändigimizi haýsy mysallar görkezýär? b) Gerekli kömegi bermäge gatnaşýan dogan-uýalara haýsy edebiýat kömek edýär? (« Meýletin gullukçylar üçin gollanma» diýen çarçuwa serediň).
10 Ikinjiden, imandaşlarymyzyň «zerurlyklaryny kanagatlandyrýarys» (2 Kor. 9:12a). Biz betbagtçylyga uçran dogan-uýalarymyzyň derdini çekişip, olara gerekli kömegi bermek isleýäris. Näme üçin? Mesihçiler ýygnagynyň agzalary bir «beden» bolup durýar. «Eger bedeniň bir agzasy ejir çekse, beýleki agzalary hem onuň bilen bile ejir çekýär» (1 Kor. 12:20, 26). Şol sebäpli doganlyk söýgüsi we duýgudaşlyk ýaly häsiýetler dogan-uýalary ähli işini taşlap, betbagtçylyga uçran imandaşlaryna kömek etmäge höweslendirýär. Olar haýal etmän gerekli gurallaryny alyp, betbagtçylykdan ejir çeken ýerlere gidýärler (Ýakup 2:15, 16). Mysal üçin, 2011-nji ýylda Ýaponiýada bolan sunamiden soň, ABŞ-daky filial Regional gurluşyk komitetlerine hat ýollap, Ýaponiýadaky Patyşalyk zallaryny dikeltmäge kömek eder ýaly, mümkin bolsa, «birnäçe tejribeli doganlary» ugratmagy haýyş edýär. Doganlar muňa nähili seslenýär? Sanlyja hepdäniň içinde 600-e golaý meýletin gullukçy Ýaponiýa gitmäge isleg bildirip, ýol çykdajylaryny hem özleri tölejekdigini aýdýarlar! ABŞ-daky filial: «Biz muňa diýseň haýran galdyk» diýýär. Gerekli kömegi bermek üçin Ýaponiýa gelen meýletin gullukçylaryň birinden bu ýere gelmäge ony nämäniň höweslendirendigini soranlarynda, ol: «Biz Ýaponiýadaky doganlarymyz bilen bir bedeniň agzalarydyrys. Biz olaryň agyrysyny we hasratyny duýýarys» diýip jogap berýär. Janaýamaz söýgi bildirýän bu meýletin gullukçylar imandaşlaryna kömek etmek üçin käte öz janlaryny hem howp astyna salýarlar c (1 Ýahýa 3:16).
11 Biziň berýän kömegimizi Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar hem gymmat saýýar. Mysal üçin, 2013-nji ýylda Arkanzas ştatynda (ABŞ) bolan tebigy betbagtçylykdan soň, bir gazetde Ýehowanyň Şaýatlarynyň meýletin gullukçylarynyň muňa örän çalt seslenendigi barada şeýle diýildi: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň meýletin gullukçylary guramaçylykly hereket edip, betbagtçylykdan ejir çekenlere haýal etmän gerekli kömegi berýärler». Dogrudan-da, Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, biz dogan-uýalarymyzyň «zerurlyklaryny kanagatlandyrýarys».
12—14. a) Gerekli kömegi bermek babatda üçünji maksadymyza ýetmek näme üçin wajyp? b) Ruhy işlere yzygiderli gatnaşmagyň wajypdygyny haýsy sözlerden görse bolýar?
12 Üçünjiden, betbagtçylykdan ejir çekenlere ruhy taýdan aýaga galmaga kömek edýäris. Bu näme üçin wajyp? Pawlus resul gerekli kömegi alýan dogan-uýalaryň «Hudaýa köp minnetdarlyk aýdýandygyny» belläp geçýär (2 Kor. 9:12b). Ejir çeken adamlaryň Ýehowa minnetdar bolmagynyň iň gowy usuly olaryň ruhy taýdan, mümkin boldugyndan, tiz aýaga galmagydyr (Flp. 1:10). 1945-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýilýär: «Pawlus resul sadakalaryň ýygnalmagyny... makullady, sebäbi... mätäç dogan-uýalar maddy taýdan gerekli goldawy alyp, Ýehowa has arkaýyn hem-de yhlasly gulluk edip bilýärdi». Şu günlerem biziň maksadymyz üýtgemedi. Dogan-uýalar ýene-de wagyz edip başlamak bilen, diňe bir gam-gussa batan goňşularyny däl, eýsem, özlerini hem berkidýärler (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň).
13 Geliň, gerekli kömegi alyp, ýene-de wagyz gullugyna başlan hem-de ruhy taýdan berkän käbir dogan-uýalaryň aýdan sözlerine seredeliň. Bir dogan şeýle diýýär: «Wagyz gullugyna gatnaşmak biziň maşgalamyz üçin uly bereket boldy. Adamlara göwünlik berjek bolup, biz az salymlyk bolsa-da, öz aladalarymyzy unudýardyk». Bir uýamyz: «Men bar ünsümi ruhy zatlara jemläp, daş-töweregimdäki heläkçilik barada pikir etmedim. Bu maňa kalbymda rahatlyk duýmaga kömek etdi» diýýär. Başga bir uýamyz bolsa şeýle diýýär: «Biz ýagdaýymyzy üýtgedip bilmesek-de, maşgalamyz bilen Hudaýa gulluk edip, dogry ýoldan sowulmadyk. Biz adamlara gelejege bolan umydymyz barada gürrüň berenimizde, tizden Ýehowanyň ähli zady täzelejekdigine ynamymyz berkeýärdi».
14 Betbagtçylykdan ejir çeken imandaşlarymyz ruhy taýdan aýaga galmak üçin ýygnak duşuşyklaryna, mümkin boldugyndan, çalt gatnaşyp başlasalar gowy bolar. Geliň, 60 ýaşlaryndaky Kiýoko atly uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Ýaşaýan ýerinde sunami bolanda, ol egnindäki eşiginden we aýakgabyndan başga ähli zadyndan mahrum bolýar. Şonuň üçin ol näme etjekdigini bilmeýär. Bir ýaşuly dogan oňa öz ulagynda ýygnak duşuşygynyň geçiriljekdigini aýdýar. Kiýoko uýa şeýle diýýär: «Ulagda şol ýaşuly dogan we onuň aýaly hem-de meniň bilen ýene-de bir uýa bardy. Bu duşuşyk ýönekeýje bolsa-da, gaty täsindi. Şonda men sunaminiň bolandygy barada asla pikirem etmeýärdim. Men kalbymda rahatlyk duýdum. Şol duşuşyk maňa mesihçiler bilen gürrüňdeş bolmagyň güýçli täsir edýändigine düşünmäge kömek etdi». Betbagtçylykdan soň ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp başlan başga bir uýa: «Duşuşyklar maňa kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi» diýýär (Rim. 1:11, 12; 12:12).
Gerekli kömegi berip, gulluk etmek bol bereket getirýär
15, 16. a) Korinfdäki we başga ýerdäki mesihçiler gerekli kömegi bermäge gatnaşyp nähili bereketleri aldylar? b) Biz imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen nähili bereketleri alýarys?
15 Pawlus resul gerekli kömegi bermek babatda aýdanda, bu işe gatnaşmagyň korinflileriň özlerine we beýleki mesihçilere nähili bereketleri getirjekdigini hem düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Olar (Iýerusalimde gerekli kömegi alan ýewreý mesihçiler) sizi söýýändikleri üçin, siz hakda Hudaýa doga edýärler, sebäbi Hudaý size çäksiz merhemet edýär» (2 Kor. 9:14). Hawa, korinflileriň jomartlygyny görüp, ýewreý mesihçiler Korinfdäki doganlary hem-de ýewreý bolmadyk mesihçiler üçin doga etdiler. Bu bolsa olaryň biri-birine bolan söýgüsini berkitdi.
16 1945-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» Pawlus resulyň gerekli kömegi bermegiň bereket getirýändigi barada aýdan sözleriniň biziň günlerimize-de degişlidigi bellenip geçildi. Onda şeýle diýildi: «Hudaýa bagyş edilen halk birek-biregiň zerurlyklarynyň aladasyny edende, olaryň nähili jebisleşýändigi barada oýlanyp görüň!» Gerekli kömegi bermäge gatnaşýan dogan-uýalaram munuň şeýledigine göz ýetirýär. Suw joşgunyndan soň kömek eden bir ýaşuly: «Gerekli kömegi bermäge gatnaşyp, doganlaryma öňküden-de has ýakynlaşdym» diýýär. Kömek edilendigi üçin minnetdar bolan bir uýa bolsa: «Biziň doganlygymyz — Jennetiň bir bölegi» diýýär (Süleýmanyň tymsallary 17:17-ni okaň).
17. a) Işaýa 41:13-däki sözleriň imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen nähili baglanyşygy bar? b) Gerekli kömegi bermegiň Ýehowany şöhratlandyrýandygyny we agzybirligimizi berkidýändigini görkezýän käbir mysallary getiriň (Şeýle-de « Meýletin gullukçylar bütin dünýäde gerekli kömegi berýär» diýen çarçuwa serediň).
17 Betbagtçylykdan ejir çeken dogan-uýalar meýletin gullukçylaryň kömege gelendigini görenlerinde, Hudaýyň: «Men-Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin» diýen wadasynyň dogrudygyna göz ýetirýärler (Iş. 41:13). Betbagtçylygy başdan geçiren bir uýa şeýle diýýär: «Daş-töweregimdäki weýrançylygy görüp, men ähli zatdan umydymy üzüpdim, emma Ýehowa maňa elini uzatdy. Doganlaryň maňa eden kömegini söz bilen beýan edip bolmaýar». Iki sany ýaşuly dogan ýertitremeden soň, öz ýygnaklarynyň adyndan şeýle hat ýazýar: «Ýertitreme bize köp hasrat çekdirdi, emma Ýehowa doganlarymyz arkaly bize kömek etdi. Biz gerekli kömegiň berlişi barada okapdyk, indi bolsa, ony öz gözümiz bilen gördük».
Sizem kömek edip bilermisiňiz?
18. Imandaşlarymyza gerekli kömegi bermäge gatnaşmak isleseňiz näme edip bilersiňiz? (Şeýle-de « Bu onuň durmuş ýoluny kesgitledi» diýen çarçuwa serediň).
18 Sizem gerekli kömegi bermäge gatnaşmaklygyň berýän şatlygyny datmak isleýärmisiňiz? Eger isleýän bolsaňyz, bu işe gatnaşýan meýletin gullukçylaryň köplenç Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gatnaşýan dogan-uýalardan saýlanýandygyny unutmaň. Şonuň üçin ýygnak ýaşulularyňyza bu işe gatnaşmak babatda blankany doldurmak isleýändigiňizi aýdyň. Gerekli kömegi bermek işinde tejribesi bolan bir ýaşuly dogan: «Betbagtçylyk bolan ýere diňe kömek berýän komitet tarapyndan çakylyk alanyňyzdan soň gidiň» diýip ýatladýar. Eger şeýle etsek, onda gerekli kömegi bermek üçin guramaçylykly hereket etdigimiz bolar.
19. Meýletin gullukçylaryň edýän işleri biziň, hakykatdanam, Isanyň şägirtleridigimizi nädip subut edýär?
19 Biz imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen, Isanyň «bir-biriňizi söýüň» diýen tabşyrygyna doly gulak asýandygymyzy görkezýäris. Şeýle söýgini bildirip, hakykatdanam, Isanyň şägirtleridigimizi subut edýäris (Ýahýa 13:34, 35). Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan wepaly mesihçilere gerekli kömegi bermek bilen, Ýehowany şöhratlandyrýan şeýle köp sanly meýletin gullukçylarymyzyň bolmagy biziň üçin uly bereket!
a Şu bapda imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek babatda gürrüň edilýär. Emma biziň berýän kömegimiz Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlara-da peýda getirýär (Gal. 6:10).
b Pawlus «diakonos» («gullukçy») diýen sözi köplük sanda «hyzmatçylara» degişli edip ulanýar (1 Tim. 3:12).
c 1994-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 23—27-nji sahypalaryndaky «Bosniýadaky imandaşlarymyza berlen kömek» diýen makala serediň.