1-NJI BÖLÜM
Patyşalyk baradaky hakykat — Wagtly-wagtynda berilýän ruhy iýmit
AÝDALY, siz okuw geçýän adamyňyza bir aýady okap berýärsiňiz. Ol aýadyň manysyna düşünende, ýüzünde şatlyk alamatlary peýda bolýar. Emma ol ynamsyzlyk bilen: «Hä, Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, biz ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamalymy?» diýip soraýar. Şonda siziň ýanyňyzdaky dogan ýylgyryp: «Biz ýaňy Mukaddes Ýazgylardan näme okadyk?» diýýär. Gyzyklanýan adam gaty geň galyp, başyny ýaýkaýar-da: «Bä, men bu barada öň hiç haçan eşitmändim!» diýýär. Şonda siz onuň birnäçe hepde mundan öň Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny ilkinji gezek bilende-de örän haýran galandygyny ýadyňyza salýarsyňyz.
Siz wagyzda şeýle ýagdaýa duş gelipmidiňiz? Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi duş gelýär. Şeýle wakalar bize gymmatly sowgadyň, ýagny hakykat biliminiň berlendigini ýene-de bir gezek ýatladýar. Oýlanyp görüň: Şol sowgat bize nädip gelip ýetdi? Biz bu soragyň jogabyny şu kitabyň birinji bölüminde bileris. Ýehowanyň halkynyň ruhy hakykatlara kem-kemden has gowy düşünmegi Hudaýyň Patyşalygynyň, hakykatdanam, höküm sürýändigini aýdyň subut edýär. Patyşa Isa Mesih 100 ýyldan bäri Hudaýyň halkyna hakykat biliminiň berilmeginiň aladasyny edýär.
ŞU BÖLÜMDE:
3-NJI BAP
Ýehowa niýetini aýan edýär
Patyşalyk Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetinde bardymy? Isa Patyşalyk baradaky hakykatlary nädip has-da aýdyňlaşdyrdy?
4-NJI BAP
Ýehowa adyny beýgeldýär
Patyşalyk Hudaýyň adyny beýgeltmek üçin näme etdi? Siz Hudaýyň adynyň mukaddes edilmegine nädip gatnaşýarsyňyz?
5-NJI BAP
Patyşa Patyşalyk baradaky hakykatlary aýan edýär
Hudaýyň Patyşalygy we onuň hökümdarlary, raýatlary hem-de Patyşalyga wepaly bolmak üçin näme etmelidigi barada öwreniň.