Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz Patyşalyk bilen bagly wadalaryň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarmysyňyz?

7-NJI BÖLÜM

Patyşalyk bilen bagly wadalar — «Ähli zady täzeleýärin»

Patyşalyk bilen bagly wadalar — «Ähli zady täzeleýärin»

SIZ agajyň şahasyndan ýakymly ysly terje almany ýolup, sebede salýarsyňyz. Ençeme sagat işländigiňize garamazdan, kän bir ýadawlyk duýmaýarsyňyz. Hanha, siziň golaýragyňyzda ejeňiz hem garyndaşlaryňyz we dost-ýarlaryňyz bilen gülüşip-degişip işläp ýör. Ol örän ýaş, häzir onuň keşbi köp ýyl mundan ozal siziň çaga wagtyňyzdaky ýaly görünýär. Siz bir wagtlar ýok edilen dünýäde ejeňiziň garry bolup ýaşandygyna hiç ynanyp bilmeýärsiňiz. Siz onuň agyr keselden ejir çekip, kem-kemden güýç-gurbatynyň gaçandygyny görüpdiňiz we demini sanap ýatyrka, elinden tutup oturypdyňyz, ýogalansoň bolsa, mazarynda aglapdyňyz. Ynha, indi ejeňiz edil beýleki adamlar ýaly diri, jany hem sagat!

Biz şeýle günleriň hökman geljekdigini bilýäris. Biz muňa berk ynanýarys, sebäbi Hudaýyň wadalary hemişe amala aşýar. Şu bölümde ýakyn gelejekde Patyşalyk bilen bagly käbir wadalaryň nädip ýerine ýetjekdigi we olaryň netijesinde Armageddon urşunyň başlanyşy barada gürrüň ederis. Şeýle-de Armageddondan soň ýerine ýetjek tolgundyryjy wadalaryň käbirine serederis. Hudaýyň Patyşalygynyň bütin ýeriň üstünden höküm sürüp, «ähli zady täzelejek» döwründe ýaşamak, gör, nähili ajaýyp bolar! (Ylh. 21:5).

ŞU BÖLÜMDE:

21-NJI BAP

Hudaýyň Patyşalygy duşmanlaryny ýok edýär

Siz Armageddon urşuna häzirden taýýarlanyp bilersiňiz.

22-NJI BAP

Patyşalyk ýer ýüzünde Hudaýyň islegini amala aşyrýar

Biz Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine näme üçin şübhelenmän bileris?