14-NJI BAP
Ähli zatda dogruçyl bol
«Ähli zatda özümizi dogruçyl alyp barmak isleýäris» (ÝEWREÝLER 13:18)
1, 2. Dogruçyl bolmak üçin edýän tagallamyzy görüp, Ýehowa näme üçin begenýär? Mysal getir.
EJESI oguljygy bilen dükandan çykýar. Birdenkä oglanjyk howsalaly ýagdaýda durýar. Onuň elinde dükandan alnan kiçijik oýnawaç bardy. Ol oýnawajy ýerinde goýmagy ýa-da ejesinden ony satyn alyp bermegi soramagy ýadyndan çykarypdyr. Ol muňa gynanyp, aglap başlaýar. Ejesi oguljygyny köşeşdirýär-de, oýnawajy gaýtaryp bermek we ötünç soramak üçin ýene-de dükana girýärler. Oglunyň hereketine ejesiniň ýüregi şatlykdan we buýsançdan dolýar. Näme üçin?
2 Ata-eneler çagalarynyň dogruçyl bolmagy öwrenýändigini görüp, has begenýärler. Gökdäki Atamyz «hakykat Hudaýy» barada hem şeýle diýse bolýar (Zebur 31:5). Biziň ruhy taýdan ösüp, dogruçyl bolmak üçin edýän tagallamyzy görende, ol begenýär. Biz Hudaýa ýaranyp, onuň söýgüsinde galmak isleýäris, şol sebäpli Pawlus resulyň: «Ähli zatda özümizi dogruçyl alyp barmak isleýäris» diýen sözleri bilen ylalaşýarys (Ýewreýler 13:18). Käwagt durmuşyň dört pudagynda dogruçyl bolmak has-da kyn bolýar. Geliň, şolara seredeliň. Soňra munuň getirýän käbir bereketlerini bileris.
ÖZÜŇE DOGRY BAHA BER
3—5. a) Hudaýyň Sözi öz-özüňi aldamagyň howpludygyny nädip duýdurýar? b) Özümize dogry baha bermäge näme kömek eder?
3 Birinjiden, özümize dogry baha bermek kyn bolýar. Sebäbi bikämil adamlara öz-özüni aldamak mahsusdyr. Meselem, Laodikiýadaky ýygnak özüne baý, barly, zada zar däl diýse-de, Isa olara ruhy taýdan «garyp, kör we ýalaňaç ýagdaýda» diýdi. Dogrudan-da, bu gözgyny ýagdaýdy (Ylham 3:17). Olar öz-özüni aldap, durmuşyny öňküden-de agyrlaşdyrýardy.
4 Ýakup şägirdiň: «Kimdir biri Hudaýa sežde edýändirin öýdüp, dilini saklamasa, ol öz-özüni aldaýandyr, edýän seždesi-de biderekdir» diýen sözleri seniň ýadyňdadyr (Ýakup 1:26). Eger biz dilimizi saklamanam, Ýehowa dogry sežde edip bilýändiris öýtsek, onda öz-özümizi aldaýarys. Biziň seždämiz Ýehowa üçin biderek bolar we onuň peýdasy bolmaz. Şeýle howply ýoldan özümizi nädip gorap bileris?
5 Ýakup şol bapda Hudaýyň sözündäki hakykaty aýna bilen deňeşdirýär. Ol bize Hudaýyň kämil kanunyna ýakyndan seredip, özgerişik etmegi maslahat berýär (Ýakup 1:23—25-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylar özümize dogry baha berip, nämede gowulanmalydygymyzy bilmäge kömek edýär (Ýermeýanyň agysy 3:40; Hagaý 1:5). Şeýle-de Ýehowa doga edip, bizi barlamagyny we kemçiliklerimizi görkezmegini hem-de olary düzetmäge ýardam etmegini diläp bilýäris (Zebur 139:23, 24). Wyždansyzlyk—mekir ejizlik, şol sebäpli biz oňa gökdäki Atamyzyň garaýşy ýaly garamaly. Süleýmanyň tymsallary 3:32-de: «Azgyn (hilegär) adam Rebbe ýigrenjidir; Rebbiň ýaranlygy bolsa gönüler bilendir» diýilýär. Ýehowa bize-de özi ýaly duýguda bolmaga we Onuň garaýşy ýaly garamaga kömek eder. Pawlusyň: «Ähli zatda özümizi dogruçyl alyp barmak isleýäris» diýenini unutma. Biz häzir kämil bolup bilmeýäris, ýöne bar güýjümiz bilen ýürekden dogruçyl bolmak isleýäris.
MAŞGALADA DOGRUÇYL BOL
6. Är-aýal biri-biri bilen näme üçin dogruçyl bolmaly we şeýdip, nähili howply işlerden gaça durarlar?
6 Mesihçi maşgalalar dogruçyllygy bilen tanalmaly. Şol sebäpli är-aýal biri-biri bilen aç-açan we dogruçyl pikir alyşmaly. Mesihçiler ýanýoldaşyndan başga biri bilen näz-kereşme etmeli däl we Internet arkaly gizlin gepleşmeli däl ýa-da pornografiýanyň hiç hili görnüşini ulanmaly däl. Käbir mesihçiler ýanýoldaşyndan gizläp, şeýle erbet işleri etdiler. Emma bu wyždansyzlykdyr. Wepaly Dawut patyşanyň sözlerine üns ber: «Ýalançylar bilen oturmadym, ikiýüzlüler bilen gatnaşyk etmerin» (Zebur 26:4). Eger sen durmuş guran bolsaň, ýanýoldaşyňdan gizlin iş etmekden ägä bol!
7, 8. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy mysallary çagalara dogruçyl bolmagy öwredýär?
7 Ata-eneler Mukaddes Ýazgylardaky mysallar arkaly çagalaryna dogruçyl bolmagyň wajypdygyny öwretseler, paýhasly bolar. Ogurlanan zatlary gizlemekçi bolan Ahany, baýamak üçin ýalan sözlän Gehazy, pul ogurlap ýalan Ýeşuwa 6:17—19; 7:11—25; 2 Patyşalar 5:14—16, 20—27; Matta 26:14, 15; Ýahýa 12:6).
sözlän we Isany satan zalym Iuda Iskarioty erbet mysallar hökmünde getirse bolýar (8 Gowy mysal hökmünde: ýalňyşlyk bolandyr öýdüp, ogullarynyň horjunlarynda tapylan pullary yzyna gaýtarmagy talap eden Ýakuby, atasynyň wadasyny ýerine ýetirmek üçin özünden geçen Ýeftahyň gyzyny, märekäniň gazabyndan gorkman, pygamberligi ýerine ýetirmek we dostlaryny goramak üçin özüniň kimligini aç-açan aýdan Isany getirse bolýar (Gelip çykyş 43:12; Serdarlar 11:30—40; Ýahýa 18:3—11). Bu mysallar ata-enelere Mukaddes Ýazgylaryň peýdaly sapaklara baýdygyny görkezýär hem-de çagalaryna dogruçyllygy söýmegi we gymmat saýmagy öwredýär.
9. Ata-eneler çagalaryna dogruçyl bolmakda gowy görelde görkezmek üçin nämeden gaça durmaly we şeýle görelde näme üçin wajyp?
9 Şeýle terbiýe ata-enelere uly jogapkärçilik ýükleýär. Pawlus resul şeýle sorag berdi: «Başgasyna taglym berýän sen indi özüňe taglym bermeýärmisiň? Ogrulyk etmeli däl diýip wagyz edýän sen ogrulyk edýärmisiň?» (Rimliler 2:21). Käbir ata-eneler çagalaryna dogruçyl bolmagy öwredip, özleri bolsa dogry hereket etmän, olaryň aklyny garjaşdyrýarlar. Belki, olar: «Hemmeler şeýdýär» ýa-da «Biraz ýalan sözlemegiň zyýany ýok» diýip, ownuk ogrulygy we ýalan sözlemegi aklaýandyr. Aslynda, näme ogurlasaň-da, ogrulyk—ogrulyk bolýar we nähili ýalan söz aýdylsa-da, barybir ol ýalandyr (Luka 16:10-ny okaň) *. Çagalar ikiýüzlüligi çalt aňýarlar, bu bolsa olaryň näzik kalbyna güýçli zyýan ýetirýär (Efesliler 6:4). Emma olar dogruçyllygy ata-enesinden öwrenseler, ulalyp, bu wyždansyz dünýäde Ýehowany şöhratlandyrarlar (Süleýmanyň tymsallary 22:6).
ÝYGNAKDA DOGRUÇYL BOLMAK
10. Imandaşlar bilen gürrüňdeşlikde nämelere ünsli bolmaly?
10 Imandaşlarymyz bilen gürrüňdeşlik, bize dogruçyl bolmagy öwrenmäge köp mümkinçilik berýär. 12-nji bapdan bilşimiz ýaly, aýratynam, imandaş dogan-uýalaryň arasynda gepleýşimize ünsli bolmaly. Ýönekeý gürrüňdeşlik aňsatlyk bilen gybata, hatda töhmete ýazyp biler! Eger biz bir zadyň anygyna ýetmän ony gürrüň bersek, ýalanyň ýaýramagyna sebäp bolmagymyz mümkin, şonuň üçin agzymyzy jylawlasak gowy bolar (Süleýmanyň tymsallary 10:19). Hatda onuň dogrudygyny bilsek-de, bu ony gürrüň bermelidigini aňlatmaýar. Meselem, aýdylýan zatlar bize degişli däldir ýa-da ony gürrüň etmek ýagşylyk etdigimiz bolmaz (1 Selanikliler 4:11). Käbir adamlar gödekligi dogruçyllyk hasaplaýarlar, ýöne biziň sözümiz hemişe ýakymly we mähirli bolmaly (Koloslylar 4:6-ny okaň).
11, 12. a) Agyr günä eden mesihçileriň käbiri nädip ýagdaýyny kynlaşdyrýarlar? b) Şeýtan agyr günä babatda näme öwredýär we biz oňa garşy nädip göreşip bileris? ç) Biz Ýehowanyň guramasynyň öňünde nädip dogruçyl bolup bileris?
11 Esasanam, ýygnakdaky jogapkär doganlar bilen dogruçyl bolmak wajyp. Käbir agyr günä eden mesihçiler günäsini ýaşyryp, ýaşululara ýalan sözlese, Zebur 12:2). Käbirleri bolsa ýaşululardan esasy zatlary ýaşyryp, dogrusyny doly aýtmaýarlar (Resullaryň işleri 5:1—11). Köplenç adamlar şeýle hereket edip, Şeýtanyň ýalanyna ynanyp başlaýarlar (« Şeýtanyň agyr günä babatda öwredýän ýalan zatlary» diýen çarçuwa seret.)
ýagdaýyny has-da kynlaşdyrýar. Şeýle mesihçiler Ýehowa gulluk eden bolup, aslynda, günäli ýoluny dowam etseler, ikiýüzlülik etdigi bolar. Netijede, olaryň durmuşy bütinleý ýalana öwrülýär (12 Şeýle-de sowallara ýazuw üsti bilen jogap berenimizde-de, Ýehowanyň guramasynyň öňünde dogruçyl bolmak wajyp. Meselem, wagyz gullugy barada dogry hasabat bermeli. Gullugyň bir görnüşi üçin anketa doldursak, saglyk ýagdaýymyz barada ýa-da başga maglumatlary dogry ýazmaly (Süleýmanyň tymsallary 6:16—19-njy aýatlary okaň).
13. Imandaşlarymyz bilen iş meselesinde nädip dogruçyl bolup bileris?
13 Iş meselesinde-de imandaşlaryň bilen dogruçyl bolmaly. Käwagt mesihçiler bile işleýärler. Olar iş meselelerini Patyşalyk zalynda ýa-da gullukda çözüp, muny Hudaýa edýän seždesi bilen garyşdyrmaly däl. Adatça, her bir işde başlyk we işçi bolýar. Eger biz dogan-uýalary işe alsak, olar bilen özümizi dogruçyl alyp barmaly: öňünden şertleşilen möçberde aýlygy wagtynda tölemeli hem-de gürleşilen ýa-da kanun boýunça berilýän ýeňilligi bermeli (1 Timoteos 5:18; Ýakup 5:1—4). Eger biz doganyň ýa-da uýanyň ýanyna işe girsek, alýan hakymyza görä, işi doly ýerine ýetirmeli (2 Selanikliler 3:10). Eger başlygymyz imandaşymyz bolsa, ol beýleki işçilere garanda, bize goşmaça dynç günleri ýa-da başga ýeňilligi bermäge borçludyr öýtmek nädogry (Efesliler 6:5—8).
14. Bile iş ýöretmekçi bolýan mesihçiler nähili ätiýaçlyk çärelerini görseler paýhasly bolardy we näme üçin?
Ýermeýa 32:9—12; şeýle-de seret Gelip çykyş 23:16—20). Biz imandaşlar bilen şertnama baglaşanymyzda, ony gowy taýýarlap, ähli zady jikme-jik resminama ýazyp, şaýatlaryň öňünde gol çeksek, bu bir-birimize ynanmaýandygymyzy aňlatmaýar. Gaýtam, bu düşünişmezligiň, lapykeçligiň, hatda bölünişige eltýän agzalalygyň öňüni alar. Mesihçiler hiç bir işiň ýygnakdaky parahatlygyň we agzybirligiň bozulmagyna sebäp bolmaly däldigini ýatda saklamaly (1 Korinfliler 6:1—8) *.
14 Eger mesihçiler bileleşip, maýa goýulýan ýa-da puly göterimine berýän kärhana açsalar näme? Mukaddes Ýazgylarda peýdaly we wajyp maslahat berilýär: hemme zady ýazuw görnüşinde resmileşdirmeli! Meselem, Ýermeýa ýer satyn alanda, şaýatlaryň öňünde resminamany iki nusgada düzüp, gelejekde ygtybarly saklanmagy barada alada etdi (BU DÜNÝÄDE DOGRUÇYL BOLMAK
15. Ýehowa iş meselesindäki naýynsaplyga nähili garaýar we mesihçiler bu dünýäde ýaýran wyždansyzlyga nähili garamaly?
15 Mesihçiler diňe ýygnakda dogruçyl bolmak bilen çäklenmeýärler. Pawlus şeýle ýazdy: «Biz ähli zatda özümizi dogruçyl alyp barmak isleýäris» (Ýewreýler 13:18). Ýaradyjymyz biziň iş meselesinde-de dogruçyl bolmagymyzy isleýär. Diňe Süleýmanyň tymsallarynda tereziniň dogry bolmalydygy dört gezek nygtalyp geçilýär (Süleýmanyň tymsallary 11:1; 16:11; 20:10, 23). Gadymy döwürler söwda-satykda harydy we puly tereziniň hem-de daşlaryň kömegi bilen çekýärdiler. Alyjylara harydy kem çekip, hakyny iýmek üçin, wyždansyz satyjylarda terezi daşlarynyň iki görnüşi we nädogry çekýän terezisi bolupdyr *. Ýehowa şeýle işleri ýigrenýär! Özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamak üçin, biz iş meselesinde her hili naýynsaplykdan gaça durmaga çalyşýarys.
16, 17. Şu dünýäde wyždansyzlygyň nähili görnüşleri ýaýran we mesihçiler näme etmegi ýüregine düwdüler?
16 Biz ýalanyň we aldawuň giňden ýaýrandygyna geň galmaýarys, çünki bu dünýäniň hökümdary Şeýtan. Hawa, biziň dogruçyllygymyz her gün synalýar. Adamlar işe girmek üçin gysgaça maglumat berende, köplenç ýalan sözläp, özüni öwýärler we iş tejribesini ulaldyp aýdýarlar. Immigrasion, salgyt, ätiýaçlandyryş we beýleki resmikagyzlary doldurmaly bolanda, adamlar maksadyna ýetmek üçin nädogry maglumat berýärler. Mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň köpüsi barlag işi, referat, düzme ýazanda, her hili mekirlik edýärler: meselem, Internetden biriniň işini göçürip, öz işi hökmünde tabşyrýarlar. Köp adamlar parahor döwlet işgärlerine para berip, işlerini bitirýärler. Dünýädäki adamlaryň «özüni söýýän, pula gyzan... ýagşylyga duşman bolandygyna» geň galmaýarys (2 Timoteos 3:1—5).
17 Mesihçiler şeýle işlere goşulmazlygy ýüregine düwdüler. Käte dogruçyl bolmak kyn bolýar, çünki ynsapsyz adamlar bagtly ýaly görünýärler, hatda şu dünýäde hem uly abraý gazanýarlar (Zebur 73:1—8). Şeýle-de «ähli zatda» dogruçyl bolmak isleýändikleri üçin, mesihçilerde pul ýetmezçiligi bolup biler. Onda dogruçyl bolmagyň peýdasy barmy? Elbetde! Näme peýdasy bar? Dogruçyl adamlara nähili bereketler garaşýar?
DOGRUÇYLLYGYŇ BERÝÄN BEREKETLERI
18. Dogruçyl adamyň abraýy näme üçin gymmat saýylýar?
18 Dogruçyl we ynama mynasyp adamyň abraýyny gazanmakdan gymmatly zat ýok bolsa gerek. (« Men hemişe dogruçylmy?» diýen çarçuwa seret.) Oýlanyp gör, şeýle abraýa her bir adam eýe bolup biler! Sebäbi ol adamyň zehinine, baýlygyna, daş keşbine, aslyna ýa-da başga zatlara bagly däl. Muňa garamazdan, köp adamlar özüne gowy abraý gazanyp bilmeýärler. Hawa, gowy abraý gazanmak, dogrudanam, kyn! (Mika 7:2). Käbir adamlar dogruçyllygyň üçin mümkin, üstüňden gülerler, ýöne başgalar bu häsiýetiň gadyryny bilip, saňa ynam we hormat bilen gararlar. Ýehowanyň köp Şaýatlary dogruçyllygyň pul meselesinde-de kömek edýändigine göz ýetirdiler. Meselem, wyždansyz adamlar işden çykarylanda, olar işini ýitirmediler ýa-da dogruçyl işçileriň gerek ýerinde olar özlerine iş tapdylar.
19. Dogruçyl bolsak, bu biziň ynsabymyza we Ýehowa bilen gatnaşygymyza nähili täsir edip biler?
19 Şeýle ýagdaý sende bolsa-da, bolmasa-da, dogruçyllygyň uly bereket berýändigine düşünersiň. Seniň ynsabyň arassa bolar. Pawlus şeýle ýazdy: «Biz ynsabymyzyň päkdigine ynanýarys» (Ýewreýler 13:18). Galyberse-de, seniň dogruçyllygyň söýgüli Atamyzyň nazaryndan hiç haçan sypmaz, çünki ol dogruçyl adamlary söýýär (Zebur 15:1, 2; Süleýmanyň tymsallary 22:1-i okaň). Hawa, dogruçyllyk özüňi Hudaýyň söýgüsinde saklamaga kömek eder. Mundan uly sylag ýokdur! Geliň, indiki bapda Ýehowanyň zähmete bolan garaýşyna seredeliň.
^ abzas 9 Eger mesihçiniň başgalara zyýan ýetirmek üçin bihaýalyk we içigaralyk bilen ýalan geplemek endigi bar bolsa, onda ýaşulular oňa temmi berip biler.
^ abzas 14 Iş meselesinde kynçylyk dörese näme etmelidigi barada «Iş meselesi bilen bagly jedelleri nädip çözmeli?» diýen goşmaça maglumata seret.
^ abzas 15 Söwdagärler satyn almak üçin bir terezi daşyny, satmak üçin bolsa başga bir daşy ulanypdyrlar. Şeýdip, olar hiç haçan zyýan çekmeýärdiler. Şeýle-de olar tereziniň bir tarapyny uzynrak ýa-da agyrrak edip, alyjyny her zatda aldaýardylar.