Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam bilen özüňi nähili alyp barmaly?

Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam bilen özüňi nähili alyp barmaly?

Toba etmedik dogan-garyndaşymyz ýa-da ýakyn dostumyz eden günäsi üçin ýygnak gatnaşygyndan kesilende biz gaty gynanýarys. Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda berlen tabşyrygy berjaý edip, biz Hudaýy ýürekden söýýändigimizi we onuň tertip-düzgünini wepaly goldaýandygymyzy görkezýäris *. Şunuň bilen bagly birnäçe sowallara seredeliň.

Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam bilen özüňi nähili alyp barmaly? Injilde şeýle diýilýär: «Eger dogan ahlaksyz, açgöz, butparaz, başgalara sögýän, arakhor ýa talaňçy bolsa, onuň bilen gatnaşmaň, hatda çörek hem iýmäň» (1 Korinfliler 5:11). «Mesihiň taglymatyndan sowlan her bir adam» barada şeýle sözleri okaýarys: «Ony öýüňize salmaň, salam hem bermäň. Sebäbi oňa salam berýän adam onuň erbet işlerine şärik bolýandyr» (2 Ýahýa 9—11). Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam bilen biz ruhy zatlar barada gürrüň etmeýäris we gepleşmeýäris. 1982-nji ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňiniň» (rusça) 17-nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Ýöne salam diýmek, gürrüňdeşlige, hatda dostluga ýol açýan ilkinji ädimdir. Eýsem, ýygnak gatnaşygyndan kesilen adama ýakynlaşmak üçin şu ilkinji ädimi ätmek gerekmi?»

Asla gepleşmeli dälmi? Hawa, munuň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, bu biziň Hudaýa we onuň Sözüne wepalydygymyzy görkezýär. Biz Ýehowa diňe amatly wagty däl, eýsem, kyn bolanda-da gulak asýarys. Ýehowa bolan söýgimiz onuň ähli tabşyryklaryna gulak asmaga höweslendirýär, çünki ol adalatly we söýgüli Hudaý, onuň kanunlary bolsa örän peýdaly (Işaýa 48:17; 1 Ýahýa 5:3). Ikinjiden, toba etmeýän günäkär bilen gepleşmän, biz özümizi we ýygnagy ruhy hem-de ahlak taýdan arassa saklaýarys, ýygnagyň abraýyna-da şek ýetmeýär (1 Korinfliler 5:6, 7). Üçünjiden, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine berk eýersek, bu hatda ýygnakdan çykarylana hem peýda getirip biler. Ýaşulularyň çykaran kararyna gulak asyp, belki, olaryň kömek etmek üçin eden tagallalaryna seslenmedik günäkäriň ýüregine täsir ederis. Ýakynlary bilen gepleşmekden mahrum bolan adam, mümkin, «özüne gelip», eden günäsiniň agyrdygyna düşüner we Ýehowa dolanmak üçin ädimleri äder (Luka 15:17).

Garyndaşymyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse näme? Adatça, maşgala agzalary ýakyn gatnaşykda bolýar, şonuň üçin olaryň Hudaýa bolan wepalylygy synalýar. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen garyndaşymyz bilen özümizi nähili alyp barmaly? Her bir ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak mümkin däl, ýöne gel, giňden ýaýran iki ýagdaýa seredeli.

Kä ýagdaýda ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam maşgala agzalary bilen öňküsi ýaly bile ýaşamagy mümkin. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam bilen maşgala gatnaşyklary üzülmeýär, şonuň üçin maşgala agzalary gündelik işlerini bile etmegi dowam edýärler. Emma ol günäli ýoly saýlap, iman edýan maşgala agzalary bilen ruhy gatnaşykdan mahrum boldy. Şol sebäpli Hudaýa wepaly maşgala agzalary onuň bilen ruhy gürrüňleri etmeýärler. Meselem, eger maşgala agzalary Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin ýygnanan bolsa, ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam gatnaşsa-da, jogap berip bilmeýär. Eger ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, onda ata-eneler oňa öwüt-ündew we terbiýe bermäge jogapkär hasaplanylýar. Şonuň üçin söýýän ata-eneler çagasy bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip biler (Süleýmanyň tymsallary 6:20—22; 29:17) *.

Käbir ýagdaýda bolsa ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam maşgala agzalaryndan aýry ýaşaýar. Wagtal-wagtal maşgalada çözülmeli meseleler ýüze çyksa-da, şeýle gatnaşyklary mümkin boldugyndan azaltmaly. Hudaýa wepaly maşgala agzalary bile ýaşamaýan ýygnak gatnaşygyndan kesilen garyndaşy bilen gepleşmek üçin mümkinçilik ýa-da bahana gözlemeýärler. Gaýtam, olar Ýehowa we onuň guramasyna wepaly galyp, ýygnak gatnaşygyndan kesilenler üçin Mukaddes Ýazgylarda berlen tertip-düzgüne eýerýärler. Maşgala agzalary şeýle wepalylygy bilen günä eden adamyň aladasyny edýändigini görkezýärler we berlen temmiden oňa sapak edinmäge kömek edip bilerler (Ýewreýler 12:11) *.

^ abzas 3 Şu mesele babatda Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri ýygnakdan dänenlere hem degişli.

^ abzas 7 Kämillik ýaşyna ýetmedik ýygnak gatnaşygyndan kesilen çaga bilen özüňi nähili alyp barmalydygy barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňiniň» (rusça) 2001-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan sanynyň 16, 17-nji sahypalaryna we 1989-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan sanynyň 17-nji sahypasyna seret.

^ abzas 8 Ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan-garyndaşlar bilen özüňi nähili alyp barmalydygy barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňiniň» (rusça) 1988-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan sanynyň 18—23-nji sahypalaryna we 1982-nji ýylyň 1-nji martynda çykan sanynyň 18—23-nji sahypalaryna seret.