8-NJI BAP
Hudaý arassa adamlary söýýär
«Sap adama Özüňi sap görkezýärsiň» (ZEBUR 18:26).
1—3. a) Ejesi ogluna näme üçin arassa we ütüklenen eşik geýdirýär? b) Ýehowa gullukçylarynyň näme üçin arassa bolmagyny isleýär we näme sebäpden biz hem arassa bolmak isleýäris?
EJESI oguljygyny gezelenje gitmäge taýýarlaýar. Ol ogluny ýuwundyrýar, oňa arassa, ütüklenen eşik geýdirýär. Sebäbi arassaçylygyň saglygyň girewidigine düşünýär. Şeýle-de oglunyň üst-başy ene-atasynyň abraýydygyny bilýär.
2 Biziň gökdäki Atamyz Ýehowa gullukçylarynyň arassa bolmagyny isleýär. Onuň Sözünde: «Sap adama Özüňi sap görkezýärsiň» diýilýär (Zebur 18:26) *. Ýehowa bizi söýýär we arassaçylygyň peýdalydygyny bilýär. Şeýle-de ol adamlaryň bize, ýagny Şaýatlaryna seredip, Ýehowanyň özi hakda gowy pikirde bolmaklaryny isleýär. Aslynda, biz arassa daş keşbimiz, özümizi edepli alyp barşymyz bilen Ýehowa we onuň adyna ysnat däl-de, şöhrat getirýäris (Ezekiýel 36:22; 1 Petrus 2:12-ni okaň).
3 Hudaýyň arassa adamlary söýýändigini bilip, biz hem arassa bolmaga çalyşýarys. Biz ýaşaýşymyz bilen Hudaýy şöhratlandyrmak isleýäris, çünki ony söýýäris. Onsoňam, onuň söýgüsinde galmak isleýäris. Geliň, näme üçin arassa bolmalydygymyza, arassaçylygyň näme aňladýandygyna we özümizi nädip arassa saklamalydygymyza seredeliň. Bu bize durmuşyň haýsy pudaklarynda gowulanmalydygymyzy bilmäge kömek eder.
BIZ NÄME ÜÇIN ARASSA BOLMALY?
4, 5. a) Arassa bolmagyň esasy sebäbi näme? b) Ýehowanyň arassaçylygy ýaradan zatlaryndan nähili görünýär?
4 Arassaçylykda Ýehowanyň özi görelde görkezýär. Onuň Sözi hem «Hudaýdan görelde almaga» çagyrýar (Efesliler 5:1). Bu aýatda arassa bolmagyň esasy sebäbi görkezilýär: biziň sežde edýän Hudaýymyz Ýehowa hemme taraplaýyn arassa, tämiz we mukaddes (Lewiler 11:44, 45-nji aýatlary okaň).
5 Ýehowanyň arassaçylygy hem onuň beýleki häsiýetleri we işleri ýaly ýaradan zatlaryndan görünýär (Rimliler 1:20). Ýer ýüzi adamlar üçin arassa öý hökmünde ýaradylypdy. Ýehowanyň ýola goýan tebigy aýlawy boýunça howa we suw arassalanyp durýar. Käbir bakteriýalar hapany zyýansyz zatlara öwürýär. Alymlar iýermen mikroorganizmleriň käbir görnüşlerini ulanyp, adamlaryň nebisjeňligi we açgözlügi zerarly dökülen nebit tegmillerini hem-de başga hapalary aýyrýarlar. Görşümiz ýaly, «ýeriň Ýaradyjysy» arassaçyl (Ýermeýa 10:12). Biz hem şeýle bolmaly.
6, 7. Musanyň kanunynda Hudaýyň gullukçylarynyň arassa bolmalydygy nädip bellenilýär?
Lewiler 16:4, 23, 24). Ybadathanada borjuny berjaý edýän ruhanylar hem Ýehowa gurban getirmek üçin, ilki el-aýagyny ýuwmalydylar (Müsürden çykyş 30:17—21; 2 Ýyl ýazgylary 4:6). Musanyň kanunynda adamy hapa edýän 70-e golaý zat we ýagdaý agzalýar. Ysraýylly hapa bolsa, sežde etmäge gatnaşyp bilmeýärdi, bu kanuny bozan adama, hatda ölüm jezasy-da berilýärdi (Lewiler 15:31). Kimdir biri suwa düşmekden we egin-eşigini ýuwmakdan boýun gaçyryp tämizlenmese, «jemagatyň arasyndan kowlup çykarylýardy» (Sanlar 19:17—20).
6 Arassa bolmagyň ýene bir sebäbi, Älemiň Hökümdary Ýehowa öz gullukçylaryndan arassa bolmagy talap edýär. Ýehowanyň Ysraýyla beren Kanunyna görä, arassaçylyk sežde bilen berk baglanyşyklydy. Kanun boýunça Günäden saplanma güni baş ruhany bir gezek däl-de, iki gezek suwa düşünmelidi (7 Musanyň kanuny boýunça ýaşamasak-da, ol bize Hudaýyň garaýşyny bilmäge kömek edýär. Diýmek, Musanyň kanuny Hudaýyň gullukçylarynyň arassa bolmalydygyny belläp geçýär. Ýehowa häzir hem üýtgemedi (Malaky 3:6). Ol diňe «tämiz, çirksiz» seždäni kabul edýär (Ýakup 1:27). Şoňa görä-de, bu babatda Hudaýyň bizden näme talap edýändigini bilmeli.
HUDAÝYŇ GÖZÜNDE ARASSA BOLMAK
8. Ýehowa biziň haýsy tarapdan arassa bolmagymyzy isleýär?
8 Mukaddes Ýazgylarda arassaçylyk diýlende, diňe bir beden arassaçylygy göz öňünde tutulmaýar. Hudaýyň pikirinde, biz durmuşyň ähli pudaklarynda arassa bolmaly. Ýehowa biziň, esasanam, ruhy, ahlak, beden taýdan we pikirimizde arassa bolmagymyzy isleýär. Geliň, şularyň dördüsine-de seredeliň.
9, 10. Ruhy taýdan arassa bolmak näme we mesihçiler nämeden gaça durýarlar?
Işaýa 52:11). Ysraýyllylaryň öýüne dolanmagynyň esasy sebäbi, Ýehowa bolan seždäni dikeltmekdi. Bu sežde arassa bolmalydy, ýagny Hudaýy biabraý edýän Wawilonyň taglymatlary, işleri we dini däp-dessurlary täsir etmeli däldi.
9 Ruhy taýdan arassa bolmak. Ýönekeý söz bilen aýdanda, ruhy taýdan arassa bolmak üçin hakyky seždäni ýalan din bilen garyşdyrmaly däl. Ysraýyllylar Iýerusalime dolanmak üçin Wawilondan çykanda: «Ol ýerden çykyň, murdara galtaşmaň... özüňizi arassa saklaň» diýen ylhamly sözlere eýermelidiler (10 Biz, mesihçiler, ýalan diniň täsirinden ägä bolmaly (1 Korinfliler 10:21-i okaň). Bu örän wajyp, çünki ýalan diniň täsiri hemme ýerde agdyklyk edýär. Köp ýurtlarda dürli däp-dessurlar we urp-adatlar ýalan dini taglymatlar bilen bagly. Meselem, adam ölende ondan bir zat çykyp, nirededir bir ýerde ýaşaýar diýen düşünje bar (Wagyz kitaby 9:5, 6, 10). Mesihçiler ýalan dini düşünjeler bilen bagly şeýle däp-dessurlardan gaça durýarlar *. Biz adamlaryň täsirine düşüp, arassa seždäniň kadalaryndan el çekmeris (Resullaryň işleri 5:29).
11. Ahlak taýdan arassa bolmak näme we bu bize näme üçin wajyp?
11 Ahlak taýdan arassa bolmak. Ahlak taýdan arassa bolmak üçin jynsy ahlaksyzlygyň ähli görnüşinden gaça durmaly (Efesliler 5:5-i okaň). Biz ahlak taýdan hemişe arassa bolmaly. Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin «ahlaksyzlykdan gaçmalydygymyz» barada indiki bapdan bileris. Toba etmeýän ahlaksyz adamlar «Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» (1 Korinfliler 6:9, 10, 18). Şeýle adamlary Hudaý «haram we ýigrenji işleri edýänler» hasaplaýar. Eger olar ahlak taýdan arassa bolmasalar, olaryň soňy «ikinji ölümdir» (Ylham 21:8).
12, 13. Pikir bilen işleriň nähili baglanyşygy bar we pikirimizde nädip arassa bolup bileris?
Matta 5:28; 15:18—20). Emma biz aňymyzy arassa pikirlerden doldursak, ahlak taýdan arassa işleri ederis (Filipililer 4:8). Biz pikirimizi nädip arassa saklap bileris? Birinjiden, aňymyzy hapalaýan islendik göwün açmalardan gaça durmaly *. Ikinjiden, Hudaýyň Sözüni yzygiderli okap, aňymyzy arassa pikirlerden doldurmaly (Zebur 19:8, 9).
12 Pikirde arassa bolmak. Biz pikirimize görä hereket edýäris. Eger biz nädogry pikirleriň aňymyzda we ýüregimizde ornaşmagyna ýol bersek, soňy bilen günä ederis (13 Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin, ruhy, ahlak we pikir taýdan arassalygy saklamaly. Bu barada indiki baplarda has giňişleýin seredilýär. Geliň, häzir durmuşyň dördünji pudagyna, ýagny beden taýdan arassaçylyga seredeliň.
BEDEN TAÝDAN NÄDIP ARASSA BOLUP BILERIS?
14. Beden taýdan arassa bolmak näme üçin her kimiň öz işi däl?
14 Beden taýdan arassa bolmak üçin özümizi we öýümizi arassa saklamaly. Bu her kimiň öz işi we muňa hiç kim goşulmaly däl diýse bolarmy? Ýehowanyň Şaýatlary beýle pikir etmeýärler. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, beden taýdan arassaçylyk Ýehowa üçin örän wajyp, sebäbi bu diňe özümize peýdaly bolman, eýsem, adamlar daş keşbimize seredip, Ýehowa hakda gowy pikirde bolarlar. Ýokarda agzalan mysaly ýada sal. Üst-başy hapa çagany göreniňde, derrew onuň ene-atasy barada pikir edýärsiň gerek? Elbetde, biz daş keşbimiz we durmuşymyz bilen gökdäki Atamyza ysnat getirmek hem-de adamlaryň 2 Korinfliler 6:3, 4). Biz beden taýdan nädip arassa bolup bileris?
ünsüni hoş habardan sowmak islemeýäris. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Biz edýän gullugymyzda hiç hili kemçilik tapylmaz ýaly, hiç bir ýagdaýda büdremäge sebäp bolmaýarys. Gaýtam, ähli ýagdaýda özümizi Hudaýyň gullukçylary hökmünde alyp barýarys» (15, 16. Arassa bolmak üçin näme etmeli we egin-eşigimiz nähili bolmaly?
15 Şahsy arassaçylyk we daş keşbimiz. Her ýurduň öz medeniýeti we ýaşaýşy bolsa-da, adatça, yzygiderli suwa düşünmäge, özümizi hem-de çagalarymyzy arassa saklamaga sabyn we suw tapylýar. Arassa bolmak üçin nahar iýmeziňden ýa taýýarlamazyňdan öňürti, hajathanadan soňra, çagany ýuwundyransoň ýa arlygyny çalşyransoň, eliňi ýuwmaly. Elimizi sabyn bilen ýuwmagy endik Kanun taglymaty 23:12, 13).
edinsek, kesellerden gorar, hatda janymyzy-da halas eder. Bu howply wiruslaryň we bakteriýalaryň ýaýramagynyň öňüni alar hem-de içgeçme kesellerinden gorar. Kanalizasiýasyz öýlerde ýaşaýanlar bolsa, megerem, gadymy Ysraýyldaky ýaly hapasyny we nejasadyny bir ýerik gömse bolar (16 Şeýle-de egin-eşigiň arassa we gelşikli bolmagy üçin ony wagtly-wagtynda ýuwmaly. Mesihçiniň eşiginiň gymmatbaha ýa soňky modaly bolmagy hökman däl, ýöne ütükli, arassa we asylly bolmaly (1 Timoteos 2:9, 10-njy aýatlary okaň). Nirede bolsak-da, daş keşbimiz bilen «Halasgär Hudaýymyzyň taglymatyny... bezemek» isleýäris (Titus 2:10).
17. Näme üçin öýümiz we howlymyz arassa hem-de gelşikli bolmaly?
17 Öýümiz we howlymyz. Öýümiziň juda owadan we kaşaň bolmagy hökman däl, ýöne ol ýagdaýymyza görä arassa hem-de oňat bolmaly. Şeýle-de ýygnaga we wagza maşynly gitsek, mümkin boldugyndan, onuň daşyny hem-de içini arassa saklamaly. Arassa öýüň we howlynyň sežde edýän Hudaýymyz barada güwälikdigini ýatdan çykarmalyň. Biz adamlara Ýehowanyň arassa Hudaýdygyny we «ýeri dargadýanlary» ýok etjekdigini hem-de tizden onuň Patyşalygy ýer ýüzüni Jennete öwürjekdigini öwredýäris (Ylham 11:18; Luka 23:43). Elbetde, biz öýümizi we zatlarymyzy arassa saklasak, geljekki täze dünýä häzirden taýýarlanýandygymyzy görkezeris.
18. Ýygnak jaýyna nädip hormat goýup bileris?
18 Sežde edýän ýerimiz. Ýehowany söýýändigimiz üçin, biz ýaşaýan ýerimizdäki hakyky seždäniň merkezi bolan Ýygnak jaýyna hormat goýýarys. Duşuşyga ýaňy gatnap başlan adamlaryň ýygnanyşýan ýerimiz hakda gowy pikirde bolmagyny isleýäris. Ýygnak jaýynyň göze ýakymly bolmagy üçin ony wagtly-wagtynda arassalamaly, bejeriş işlerini geçirmeli. Biz Ýygnak jaýyna başardygymyzdan gowy seretsek, oňa hormat goýdugymyz bolar. Sežde edýän 2 Ýyl ýazgylary 34:10). Kongres köşgi we kongres geçirilýän beýleki jaýlar babatda-da şu prinsipe eýermeli.
ýerimizi arassalamaga, «dikeltmäge we bejermäge» janaýaman kömek etmek uly hormatdyr (ZYÝANLY ENDIKLERDEN WE IŞLERDEN SAPLANMAK
19. Özümizi beden taýdan arassa saklamak üçin nämeden gaça durmaly we Mukaddes Ýazgylar bu babatda nädip kömek edýär?
19 Özümizi beden taýdan arassa saklamak üçin zyýanly endiklerden we işlerden, meselem, çilim çekmekden, serhoşlykdan we baglylyk döredýän ýa-da aňyňy üýtgedýän jisimleri nädogry ulanmakdan gaça durmaly. Häzirki giňden ýaýran hapa, ýaramaz endikler we işler Mukaddes Ýazgylarda ýekän-ýekän agzalmaýar, ýöne onuň prinsipleri Ýehowanyň şol zatlara garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Biz Ýehowanyň garaýşyny bilýäris we oňa bolan söýgimiz Hudaýyň halaýşy ýaly ýaşamaga höweslendirýär. Geliň, Mukaddes Ýazgylaryň bäş prinsipine seredeliň.
20, 21. Ýehowa biziň nähili işleriň guly bolmazlygymyzy isleýär we muňa nähili degerli sebäp bar?
20 «Eziz doganlar, bize şeýle wadalaryň berlendigi üçin, geliň, bedeni we ýüregi hapalaýan islendik zatdan özümizi arassalalyň, Hudaýdan gorkup, has-da mukaddes bolalyň» (2 Korinfliler 7:1). Ýehowa biziň tenimizi hapalaýan we ruhumyza, ýagny düşünjämize ýaramaz täsir edýän işleriň guly bolmazlygymyzy isleýär. Şoňa görä-de, biz saglygymyza we aňymyza zyýanly baglylykdan gaça durmaly.
21 Mukaddes Ýazgylarda näme üçin «islendik zatdan özümizi arassalamalydygymyz» gowy düşündirilýär. Üns beren bolsaň, 2 Korinfliler 7:1-iň başynda: «Şeýle wadalaryň berlendigi üçin» diýen sözler bar. Bu ýerde Hudaýyň haýsy wadasy aýdylýarka? Ýokarsyndaky aýatlarda Ýehowa: «Men hem sizi kabul ederin... men siziň Ataňyz» bolaryn diýip wada berýär (2 Korinfliler 6:17, 18). Göz öňüne getir: Ýehowa seni hem ogluny we gyzyny söýýän ata ýaly goramagy, aladaňy etmegi we söýmegi wada berýär. Emma sen «bedeniňi we ýüregiňi» hapalaýan zatlardan gaça dursaň, diňe şonda Ýehowa wadasynda durar. Eýsem, ýaramaz endik ýa işler sebäpli Ýehowa bilen gadyrly dostlugy ýitirsek nähili akylsyzlyk bolar!
22—25. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri hapa endiklerden we işlerden gaça durmaga kömek edýär?
22 «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý» (Matta 22:37). Isa munuň iň uly tabşyrykdygyny belläp geçdi (Matta 22:38). Ýehowa şeýle söýgä mynasyp. Biz ony bütin ýüregimiz, janymyz, düşünjämiz bilen söýýäris, şonuň üçin ömrümizi gysgaldýan ýa-da Hudaýyň beren aň-düşünjesini küteldýän işlerden gaça durmaly.
23 «Ahli adamlara ýaşaýşy, demi we hemme zatlary Onuň (Ýehowanyň) özi berýär» (Resullaryň işleri 17:24, 25). Ýaşaýyş — Hudaýyň sowgady. Biz Ýaradyjyny söýýäris, şonuň üçinem onuň beren sowgadyny sylaýarys. Biz saglygymyza zyýanly endiklerden we işlerden gaça durýarys, çünki munuň ýaşaýşa äsgermezçilikdigine düşünýäris (Zebur 36:9).
24 «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» (Matta 22:39). Zyýanly endikler we işler diňe bir özümize däl-de, köplenç ýanymyzdaky adamlara-da ýaramaz täsir edýär. Meselem, çilimiň tüssesi çilim çekmeýänlere-de zyýanly. Başgalara zyýan ýetirýän adam goňşyňy söýmeli diýen tabşyrygy bozýar. Ol Hudaýy söýýärin diýse-de, işleri bilen tassyklamaýar (1 Ýahýa 4:20, 21).
25 «Olara hökümetlere we häkimiýetlere tabyn bolup, gulak asmagy... ýatladyp dur» (Titus 3:1). Köp ýurtlaryň kanuny käbir narkotikleri edinmegi ýa ulanmagy gadagan edýär. Emma mesihçiler bolsa, kanunda gadagan edilýän narkotikleri edinmeýärler we ulanmaýarlar (Rimliler 13:1).
26. a) Biz Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin näme etmeli? b) Näme üçin Hudaýyň gözünde arassa bolmak durmuşda iň gowy ýol?
26 Biz Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin diňe käbir zatlarda däl-de, eýsem, durmuşyň ähli pudaklarynda arassa bolmaly. Zyýanly endikleri we işleri goýmak hem-de saplanmak aňsat bolmaz, ýöne mümkin *. Hawa, bu durmuşda iň gowy ýol, çünki Ýehowa bize hemişe peýdaly zady öwredýär (Işaýa 48:17-ni okaň). Galyberse-de, arassaçyl bolsak, göwnümiz hoş bolar, çünki adamlar edim-gylymymyzy görüp, söýýän Hudaýymyz hakda gowy pikirde bolarlar. Şeýdip, Hudaýyň söýgüsinde galarys.
^ abzas 2 «Sap» diýip terjime edilen ýewreý sözi diňe bir beden arassaçylygyny däl-de, ahlak we ruhy arassaçylygy-da aňladýar.
^ abzas 10 Şu kitabyň 13-nji babynda mesihçileriň ägä bolmaly baýramçylyklary we däp-dessurlary barada aýdylýar.
^ abzas 12 Şu kitabyň 6-njy babynda peýdaly göwün açmalary nädip saýlamalydygyna seredilýär.
^ abzas 26 « Men dogry ýaşamaga jan edýärinmi?» we « Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýen çarçuwalara seret.
^ abzas 67 Ady üýtgedildi.