Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI BAP

«Hudaýy söýmek näme aňladýar?»

«Hudaýy söýmek näme aňladýar?»

«Biz Hudaýy söýýändigimizi onuň tabşyryklaryny berjaý edip görkezýäris, onuň tabşyryklary bolsa agyr däldir» (1 ÝAHÝA 5:3).

1, 2. Sen Ýehowa Hudaýy näme üçin söýýärsiň?

SEN Hudaýy söýýärmiň? Eger özüňi Ýehowa bagyş eden bolsaň, onda ynam bilen: «Hawa!» diýersiň. Sebäbi Ýehowany söýmek bize mahsus. Aslynda, biz onuň söýgüsine seslenýäris. Injilde şeýle diýilýär: «Biz söýýäris, sebäbi ilki Hudaý bizi söýdi» (1 Ýahýa 4:19).

2 Ilki bilen, Ýehowa bize öz söýgüsini görkezdi. Ol bize ýaşamaga owadan ýer şaryny berdi. Ýehowa biziň beden we maddy taýdan aladamyzy edýär (Matta 5:43—48). Aýratynam, biziň ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrýar. Ol bize öz Sözüni, ýagny Mukaddes Ýazgylary berdi. Şeýle-de bizi doga etmäge çagyryp, dileglerimizi eşitjekdigine we kömek etmäge mukaddes ruhuny berjekdigine ynandyrýar (Zebur 65:2; Luka 11:13). Galyberse-de, ol bizi günäden hem-de ölümden azat etmek üçin, söýgüli Ogluny ýer ýüzüne iberdi. Ýehowanyň bize bolan söýgüsi nähili ajaýyp! (Ýahýa 3:16; Rimliler 5:8-i okaň).

3. a) Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin näme etmeli? b) Nähili wajyp sowal ýüze çykýar we onuň jogabyny nireden tapyp bolýar?

3 Ýehowa söýgüsiniň bize ebedi peýda bermegini isleýär. Emma bu biziň özümize bagly. Hudaýyň Sözünde: «Gözüňizi ebedi ýaşaýşa dikip... özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» diýilýär (Ýahuda 21). «Özüňizi... saklaň» diýen jümle Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin tagalla etmelidigimizi görkezýär. Biz söýgimizi anyk işler bilen görkezmeli. Şeýlelik-de, wajyp sowal ýüze çykýar: «Men Hudaýy söýýändigimi nädip görkezip bilerin?» Muňa Ýahýa resulyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan sözleri jogap berýär: «Biz Hudaýy söýýändigimizi onuň tabşyryklaryny berjaý edip görkezýäris, onuň tabşyryklary bolsa agyr däldir» (1 Ýahýa 5:3). Biz Hudaýy tüýs ýürekden söýýändigimizi görkezmek islesek, onda bu sözleriň manysyna gowy düşünmeli.

HUDAÝY SÖÝMEK NÄME AŇLADÝAR?

4, 5. a) «Hudaýy söýmek» diýen jümle näme aňladýar? b) Seniň ýüregiňde Ýehowa bolan söýginiň döreýşini gürrüň ber.

4 Ýahýa resul «Hudaýy söýmek» diýmek bilen nämäni göz öňünde tutdyka? Bu jümle Hudaýyň bize bolan söýgüsini däl-de, biziň oňa bolan söýgimizi görkezýär. Seniň ýüregiňde Ýehowa söýgi döräp başlan günleri ýadyňdamy?

Hudaýa özüňi bagyş etmek we suwa çümdürilmek Ýehowa söýgi bilen gulak asyp ýaşamagyň başlangyjydyr

5 Ýehowa we onuň niýetleri barada hakykaty bilip, iman edişiň hakda bir salymlyk oýlanyp gör. Sen Hudaýdan daşlaşan günäli adam bolsaň-da, Ýehowa saňa Adam atanyň ýitiren kämilligini Isa Mesih arkaly gaýtaryp, ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berýär (Matta 20:28; Rimliler 5:12, 18). Ýehowanyň seniň üçin söýgüli Ogluny gurban edip, nähili uly ýagşylyk edendigine wagtyň geçmegi bilen düşünip başlansyň. Şeýle uly söýgini görkezen Hudaýa, sende-de söýgi döräp başlandyr (1 Ýahýa 4:9, 10-njy aýatlary okaň).

6. Hakyky söýgi nämeden görünýär we Hudaýa bolan söýgi seni nämä höweslendirdi?

6 Emma bu duýgy Ýehowa bolan hakyky söýginiň başlangyjydy. Söýgi bolsa ýöne bir duýgy däl. Hudaýa bolan hakyky söýgi diňe bir: «Men Ýehowany söýýän» diýmek bilen çäklenmeýär. Hakyky söýgi hem iman ýaly anyk işlerden görünýär (Ýakup 2:26). Birini gowy görüp, oňa ýaraýan işleri edenimizde bolsa, söýgimiz has-da aýdyň görünýär. Şonuň ýaly-da Ýehowa bolan söýgi ýüregiňde berk ornaşanda, sen hem gökdäki Atamyzyň halaýşy ýaly ýaşamak islediň. Sen Ýehowanyň suwa çümdürilen Şaýadymy? Şeýle bolsa, onda Ýehowa bolan wepalylygyň we çuňňur söýgiň saňa durmuşda iň wajyp karara gelmäge kömek edendir. Sen Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin, doga arkaly özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildiň (Rimliler 14:7, 8-nji aýatlary okaň). Ýehowa beren wadaňa görä ýaşamak üçin, Ýahýa resulyň indiki aýdan sözlerine-de eýermeli.

«ONUŇ TABŞYRYKLARYNY BERJAÝ EDÝÄRIS»

7. Hudaý nähili tabşyryklary berdi we olary berjaý etmek üçin näme etmeli?

7 Ýahýanyň düşündirmegine görä, Ýehowa bolan söýgini görkezmek üçin «Onuň tabşyryklaryny berjaý etmeli». Hudaý nähili tabşyryklary berdi? Ýehowa öz Sözi, ýagny Mukaddes Ýazgylar arkaly birnäçe anyk tabşyryklar berýär. Meselem, ol serhoşlygy, ahlaksyzlygy, ogrulygy we ýalan sözlemegi gadagan edýär (1 Korinfliler 5:11; 6:18; 10:14; Efesliler 4:28; Koloslylar 3:9). Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň arassa ahlak kadalary boýunça ýaşamaly.

8, 9. Käbir ýagdaýlar üçin Mukaddes Ýazgylarda anyk tabşyryk bolmasa-da, Ýehowa nämäniň ýaraýandygyny nädip bilmeli? Mysal getir.

8 Ýehowany razy etmek üçin Hudaýyň käbir tabşyryklaryny berjaý etmek ýeterlikli däl. Ýehowa bize durmuşyň ähli pudaklary üçin jikme-jik kanun berip, çäk goýmaýar. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda günüň dowamynda duş gelýän ençeme ýagdaýlar üçin anyk tabşyrygyň bolmazlygy hem mümkin. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowa nämäniň ýaraýandygyny nädip bilmeli? Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň garaýşy aýdyň görkezilýär. Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Ýehowanyň söýýän we ýigrenýän zatlary barada bilýäris (Zebur 97:10-ny okaň; Süleýmanyň tymsallary 6:16—19). Şeýdip, onuň garaýşyna we halaýan işlerine gowy düşünýäris. Ýehowanyň häsiýetleri we işleri barada näçe köp öwrensek, şonça-da Hudaýyň garaýşy gelýän kararlarymyza we işlerimize köp täsir eder. Şonda käbir ýagdaýlar üçin Mukaddes Ýazgylaryň anyk tabşyrygy bolmasa-da, Ýehowanyň «isleginiň nämedigine» düşüneris (Efesliler 5:17).

9 Meselem, Mukaddes Ýazgylarda zorluk we jynsy ahlaksyzlyk görkezilýän filmleri we telegepleşikleri görmeli däl diýen anyk tabşyryk ýok. Eýsem, şeýle zatlary görmegi gadagan edýän ýörite kanun gerekmikä? Biz Ýehowanyň şu zatlara garaýşyny bilýäris. Sebäbi Hudaýyň Sözünde Ýehowa «zorlugy söýýäni ýigrenýändir» diýip, açyk aýdylýar (Zebur 11:5). Şeýle-de «Hudaý ahlaksyzlyk edýän adamlary we zynahorlary höküm eder» diýilýär (Ýewreýler 13:4). Şu ylhamly sözleriň üstünde oýlansak, biz Ýehowanyň isleginiň nämedigine gowy düşüneris. Şeýlelikde, biz Hudaýyň ýigrenýän zatlaryna seredip, göwün açmarys. Dünýäniň göwün açmak üçin hödürleýän ahlaksyz işlerinden gaça dursak, Ýehowany razy edýäris *.

10, 11. Biz näme üçin Ýehowa gulak asmak isleýäris we oňa nädip gulak asýarys?

10 Biz Hudaýyň tabşyryklaryny, esasan, näme üçin berjaý edýäris? Näme üçin her gün Hudaýyň garaýşyna görä ýaşamak isleýäris? Biz muny diňe bir temmiden ýa-da Hudaýyň islegini inkär edýän adamlaryň düşýän gözgyny ýagdaýyndan gaçmak üçin etmeýäris (Galatýalylar 6:7). Gaýtam, biz Ýehowa gulak asyp, söýgimizi görkezip bilýändigimize begenýäris. Kakasynyň göwnünden turmak isleýän çaga ýaly, bizem Ýehowanyň göwnünden turmak isleýäris (Zebur 5:12). Biz ony Atamyz bolany üçin söýýäris. Ýehowanyň «mährini tapyp» ýaşamakdan uly şatlyk we lezzet getirýän zat ýokdur (Süleýmanyň tymsallary 12:2).

11 Emma biz Hudaýa mejbury gulak asmaýarys *. Şeýle-de Hudaýa diňe belli bir şertlerde ýa-da ýagdaýlarda gulak asmaýarys. Onsoňam, biz diňe özümize amatly ýa aňsat tabşyryklary berjaý edip, başgalaryny bolsa unutmaýarys. Gaýtam, «ýürekden boýun bolýarys» (Rimliler 6:17). Biz mezmurçynyň: «Seniň tabşyryklaryňdan keýp alýaryn, olary söýýärin» diýen sözlerine goşulýarys (Zebur 119:47). Hawa, biz Ýehowa gulak asmagy halaýarys. Çünki ol biziň bütinleý we gyşarnyksyz gulak asmagymyza mynasyp, şol sebäpli-de muny talap edýär (Kanun taglymaty 12:32). Ýehowanyň Nuh barada Töwratda aýdan sözlerini biz barada-da aýtmagyny isleýäris. Hudaýa onlarça ýyl gulak asyp, söýgüsini görkezen wepaly Nuh pygamber hakda şeýle diýilýär: «Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» (Gelip çykyş 6:22).

12. Biz nädip gulak assak, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys?

12 Biz ýürekden gulak assak, Ýehowa nähili täsir edýär? Hudaýyň Sözüniň aýtmagyna görä, biz onuň «ýüregini şatlandyrýarys» (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Dogrudan-da, biz gulak asyp, Älemiň Hökümdarynyň ýüregini şatlandyrýarysmy? Elbetde. Muňa degerli sebäp hem bar. Ýehowa bizi erkin edip ýaratdy. Diýmek, bizde saýlamaga erkinlik bar; Hudaýa gulak asmalymy ýa-da asmaly däl özümiz çözýäris (Kanun taglymaty 30:15, 16, 19, 20). Biz Ýehowany tüýs ýürekden söýüp, oňa höwes bilen gulak assak, gökdäki Atamyzy razy edýäris we begendirýäris (Süleýmanyň tymsallary 11:20). Şeýle-de biz durmuşda iň gowy ýoly saýlaýarys.

«ONUŇ TABŞYRYKLARY BOLSA AGYR DÄLDIR»

13, 14. Näme üçin Hudaýyň «buýruklary agyr däl» diýse bolar we muny haýsy mysal görkezýär?

13 Ýahýa resul Ýehowanyň talaplary barada juda ruhlandyryjy sözleri aýdýar: «Onuň buýruklary bolsa agyr däldir». Ýehowanyň buýruklary paýhasly we kyn däl *. Onuň kanunlaryna bikämil adamlar hem gulak asyp bilýär.

14 Muňa şeýle mysal getirse bolar. Ýakyn dostuň başga bir ýere göçmekçi bolup, senden kömekleşmegi haýyş edýär. Daşamaly zat köp. Olaryň käbirini bir adamyň özi göterip bilýär, käbiri bolsa agyr. Iki bolup götermeli. Dostuň seniň daşamaly zatlaryňy görkezýär. Eýsem, ol seniň göterip bilmejek zadyňy daşamagy haýyş edermi? Ýok. Sebäbi ol seniň bir ýeriňi agyrtmagyňy islemeýär. Şoňa meňzeşlikde, söýgüli we mähriban Hudaýymyzyň bize beren buýruklary hem juda kyn däl (Kanun taglymaty 30:11—14). Ol hiç haçan agyr zady götermegi haýyş etmez. Ýehowa biziň mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünýär, çünki «Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zebur 103:14).

15. Ýehowanyň tabşyryklarynyň örän peýdalydygyna näme üçin ynanyp bileris?

15 Ýehowanyň buýruklary asla agyr däl; olar bize örän peýdaly (Işaýa 48:17-ni okaň). Şol sebäpli Musa gadymy ysraýyllylara şeýle diýdi: «Hudaýymyz Reb biziň ondan gorkup, bu parzlaryň hemmesini ýerine ýetirmegimizi buýurdy. Şonda bu günki ýaly, janymyz sag bolup, görjegimiz gowulyk bolar» (Kanun taglymaty 6:24). Ýehowanyň bize-de ýürekden gowulyk isläp, dowamly we ebedi peýda getirjek kanunlary berendigine ynanyp bileris. Eýsem, Ýehowa bize erbetlik islärmi? Ýehowa Hudaýyň akyldarlygy çäksiz ahyryn (Rimliler 11:33). Şonuň üçin ol bize nämäniň peýdalydygyny gowy bilýär. Şeýle-de Ýehowa bütin durky bilen söýgüdir (1 Ýahýa 4:8). Söýgi Hudaýyň ähli aýdýan sözlerinden we edýän işlerinden görünýär. Hudaýyň gullukçylaryna berýän ähli tabşyryklary hem söýgä esaslanýar.

16. Azgyn dünýäniň täsirine we bikämillige garamazdan, biz näme üçin gulak asyp bileris?

16 Emma Hudaýa gulak asmak aňsat diýip bolmaz. Sebäbi biz «iblisiň goly astyndaky» zalym dünýäniň täsirine garşy durmaly (1 Ýahýa 5:19). Şeýle-de Hudaýyň kanunlaryny bozmaga iterýän bikämillik bilen hem göreşmeli (Rimliler 7:21—25). Ýöne Hudaýa bolan söýgimiz üstün çykar. Ýehowa gulak asyp, söýgüsini görkezýän adamlara pata berýär. Ol «Oňa hökümdar hökmünde gulak asýanlara» mukaddes ruhuny berýär (Resullaryň işleri 5:32). Bu ruh bizde ajaýyp miwe ýetişdirýär, ýagny gulak asmaga kömek edýän gymmatly häsiýetleri ösdürýär (Galatýalylar 5:22, 23).

17, 18. a) Bu kitapda nämä serederis we biz nämäni unutmaly däl? b) Indiki bapda nämä serederis?

17 Biz bu kitapda Ýehowanyň prinsiplerine, ahlak kadalaryna we onuň islegine degişli başga-da zatlara serederis. Şol prinsiplere seredenimizde, käbir wajyp zatlary ýatda saklalyň. Geliň, Ýehowanyň öz kanunlaryna we prinsiplerine gulak asmaga mejbur etmeýändigini unutmalyň. Ol biziň höwes bilen tüýs ýürekden gulak asmagymyzy isleýär. Biz Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşasak, onda häzir bol bereket alarys we gelejekde ebedi ýaşarys. Geliň, Ýehowa ýürekden gulak asmak bilen, güýçli söýgimizi görkezýändigimizi unutmalyň.

18 Ýehowa bizi söýüp, ýagşyny we ýamany saýgarmak üçin ynsap berdi. Emma ynsabyň ynamdar kömekçi bolar ýaly, ony terbiýelemeli. Muňa indiki bapda serederis.

^ abzas 11 Hatda erbet perişdeler hem käte mejbury gulak asýarlar. Isa al-arwahlara adamlardan çykmagy buýranda, olar onuň ygtyýarynyň bardygyny bilip, mejbury gulak asdylar (Markus 1:27; 5:7—13).

^ abzas 13 1 Ýahýa 5:3-de «agyr» diýip, terjime edilen grek sözi Resullaryň işleri 20:29, 30-njy aýatlarda «azgyn» diýip terjime edilýär. Bu ýerde «şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýýan» we imandan dänen adamlar göz öňünde tutulýar.