Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Mukaddes Ýazgylaryň aýrylyşmaga we aýry ýaşamaga garaýşy

Mukaddes Ýazgylaryň aýrylyşmaga we aýry ýaşamaga garaýşy

Ýehowa durmuş guran adamlardan ýanýoldaşyna beren wadasyna wepaly bolmagy talap edýär. Ýehowa ilkinji erkek bilen aýala şeýle diýdi: «Erkek... aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar». Isa Mesih hem bu sözleri tassyklap şeýle diýdi: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Gelip çykyş 2:24; Matta 19:3—6). Görşümiz ýaly, Ýehowa bilen Isa nikany ömürlik hasaplaýarlar, çünki är-aýaly diňe ölüm aýrylyşdyryp biler (1 Korinfliler 7:39). Nika mukaddes, şol sebäpli aýrylyşmaga biperwaý garamaly däl. Ýehowa Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýan aýrylyşmagy ýigrenýär (Malaky 2:15, 16).

Mukaddes Ýazgylar nähili ýagdaýda aýrylyşmaga rugsat berýär? Ýehowa ahlaksyzlygy we zynany ýigrenýär (Gelip çykyş 39:9; 2 Şamuwel 11:26, 27; Zebur 51:4). Ol ahlaksyzlygy şeýle erbet hasaplaýar welin, şol sebäpli aýrylyşmagy-da rugsat edýär. (Ahlaksyzlygyň nämedigi we oňa degişli zatlar barada 9-njy babyň 7-nji abzasynda aýdylýar.) Ýehowa bigünä adama zyna eden ýanýoldaşy bilen bile ýaşamaga-da, aýrylyşmaga-da hukuk berýär (Matta 19:9). Şonuň üçin bigünä ýanýoldaşy aýrylyşmagy ýüregine düwse, Ýehowanyň ýigrenýän işini etdi diýip hasaplanylmaýar. Emma dogan-uýalar hiç kime aýrylyşmagy maslahat bermeli däl. Käbir ýagdaýda zyna eden adam ýürekden toba etse, bigünä ýanýoldaşy onuň bilen ýaşap biler. Her näme bolsa-da, Mukaddes Ýazgylar esasynda aýrylyşmaga haky bolan adamlaryň özleri karara gelip, netijesi üçin hem özleri jogap bermeli (Galatýalylar 6:5).

Seýrek ýagdaýlarda mesihçileriň käbiri ýanýoldaşy zyna etmese-de, ondan aýry ýaşamak ýa-da aýrylyşmak kararyna gelýärler. Mukaddes Ýazgylar şeýle ýagdaýda aýrylyşan aýal «başga birine durmuşa çykmasyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn» diýip şert goýýar (1 Korinfliler 7:11). Diýmek, şeýle mesihçileriň täzeden durmuş gurmaga haky ýok (Matta 5:32). Indi bolsa birnäçeleriň (Mukaddes Ýazgylara esaslanman) aýry ýaşamaga ýa-da aýrylyşmaga esas hasaplaýan käbir aýratyn ýagdaýlaryna seredeliň.

Maşgalany eklemekden bilgeşleýin ýüz öwürse. Äriniň ýagdaýy bolup-da, maşgala agzalary barada alada etmese, olar garyp düşüp, iň gerek zatlara-da mätäç bolarlar. Injilde şeýle diýilýär: «Dogan-garyndaşlarynyň, esasan-da, öz maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir, ol Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir» (1 Timoteos 5:8). Eger şeýle adam pälinden gaýtmak islemese, onda aýaly özüniň hem-de çagalarynyň aladasyny edip, aýry ýaşamaly ýa-da (Mukaddes Ýazgylara esaslanmasa-da) aýrylyşmaly diýen karara gelip biler. Elbetde, mesihçi maşgalasyny eklemekden ýüz öwürýär diýen aýyplama, ýaşulular dykgat bilen seredip geçmeli. Maşgalasy barada alada etmeýän är ýygnakdan çykarylmagy mümkin.

Janyna howp abansa. Äri ýa-da aýaly rehimsizlik bilen ýanýoldaşynyň saglygyna zyýan ýetirip, hatda janyna howp salmagy mümkin. Eger özüni gazaply alyp barýan ýanýoldaşy mesihçi bolsa, onda ýygnagyň ýaşululary bu aýyplamany barlap görmeli. Gahar-gazap we rehimsizlik ýygnakdan çykarylmaga sebäp bolup biler (Galatýalylar 5:19—21).

Ruhy saglygyna zyýan ýetse. Äri ýa-da aýaly ýanýoldaşyna hak Hudaýa sežde etmäge elmydama päsgel berip, hatda Hudaýyň tabşyryklaryny bozdurjak bolsa, howp astyna düşen ýanýoldaşy «adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asyp», (Mukaddes Ýazgylara esaslanman) kazyýetiň karary bilen aýry ýaşamaly ýa-da aýrylyşmaly diýen netijä gelip biler (Resullaryň işleri 5:29).

Ýokarda agzalan aýratyn ýagdaýlaryň hiç birinde-de, bigünä dogany ýa-da uýany ýanýoldaşyndan gitmäge ýa onuň bilen galmaga mejbur etmeli däl. Ruhy taýdan ýetişen dostlar we ýaşulular kömek edip, Mukaddes Ýazgylar esasynda maslahat berip bilseler-de, olar är-aýalyň arasynda bolýan ähli jikme-jiklikleri bilmeýärler. Muny diňe Ýehowa bilýär. Eger mesihçi uýa ýa-da dogan ýanýoldaşyndan aýry ýaşamak üçin maşgalasyndaky kynçylyklary ulaldyp aýtsa, Hudaýa we nika hormat goýmadygy bolar. Adamlar aýry ýaşamagyň ýa-da aýrylyşmagyň düýp sebäbini her näçe gizlejek bolsalar-da, Ýehowa ähli zady bilýär. Dogrudan-da, «ähli zat onuň öňünde açyk hem aýdyňdyr, biz hem oňa jogap bermelidiris» (Ýewreýler 4:13). Emma maşgalada ýaşamak juda howply bolsa, aýry ýaşamagy ýa-da aýrylyşmagy ýüregine düwen mesihçini hiç kim ýazgarmaly däl. Iň soňy, «biziň ählimiz Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durarys» (Rimliler 14:10—12).