Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

6-NJY BAP

Peýdaly göwün açmalary saýlaň

Peýdaly göwün açmalary saýlaň

«Hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň» (1 KORINFLILER 10:31).

1, 2. Göwün açmalar babatda näme etmeli?

AÝDALY, sen tagamly miwe iýjek bolýaň, ýöne biraz ýeriniň zaýadygyny görýäň. Näme edersiň? Sen miwäni zaýa ýeri bilen iýip bilersiň ýa zyňsaňam bolar. Ýa-da bolmasa, zaýa ýerini aýryp, galanyny iýersiň. Eýsem, sen şeýle ýagdaýda näme edersiň?

2 Göwün açmalary hem şeýle miwä meňzetse bolýar. Käwagt sen dynç aljak bolanyňda, bu dünýäniň hödürleýän göwün açmalarynyň köpüsiniň ahlak taýdan erbetdigini, hatda zaýa miwä meňzeşdigini görýänsiň. Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Käbir adamlar erbetligi halaýarlar we dünýäniň hödürleýän göwün açmalaryny höwes bilen kabul edýärler. Başgalar erbet täsire düşmezlik üçin göwün açmalaryň ählisinden gaça durýarlar. Käbiri bolsa zyýanly göwün açmalardan gaça durýarlar, ýöne käte wagtyny peýdaly göwün açmalar bilen geçirýärler. Eýsem, özüňi Hudaýyň söýgüsinde saklamak üçin nähili göwün açmalary saýlamaly?

3. Biz nämä serederis?

3 Biziň köpümiz ýokarda agzalanlaryň üçünjisini saýlarys. Sebäbi biz göwün açmalaryň gerekdigini bilýäris, ýöne olaryň ahlak taýdan arassa bolmagyny isleýäris. Şonuň üçin biz haýsy göwün açmanyň peýdalydygyny, haýsysynyň bolsa zyýanlydygyny bilmeli. Emma ilki bilen, geliň, saýlan göwün açmamyzyň Ýehowa bolan seždämize edýän täsirine seredeliň.

«HEMME ZADY HUDAÝY ŞÖHRATLANDYRMAK ÜÇIN EDIŇ»

4. Özümizi Hudaýa bagyş eden bolsak, göwün açmalary saýlaýşymyza nähili täsir etmeli?

4 1946-njy ýylda suwa çümdürilen gartaşan bir Ýehowanyň Şaýady şeýle diýýär: «Men suwa çümdürilýänler üçin nutuk okalanda, özüm çümdüriljek ýaly, olaryň her birine gatnaşyp, üns bilen diňlemegi maksat edindim». Näme üçin? Ol şeýle düşündirýär: «Wepaly galmak üçin özüňi Hudaýa bagyşlandygyňy unutmazlyk örän wajyp». Sen, elbetde, onuň aýdýanlary bilen razylaşarsyň. Eger sen özüňe bütin ömrüme Ýehowa gulluk ederin diýip beren sözüňi ýatladyp dursaň, kynçylyklara döz gelersiň (Wagyz kitaby 5:4-i okaň). Dogrudan-da, özüňi Hudaýa bagyş edendigiň barada oýlansaň, bu diňe bir mesihi gullugyňa däl-de, durmuşyň ähli pudaklaryna, şol sanda, göwün açmalaryňa-da täsir eder. Pawlus resul muny öz döwründäki mesihçilere ýazan hatynda şeýle belledi: «Iýseňiz-de, içseňiz-de, başga her näme etseňiz-de, hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň» (1 Korinfliler 10:31).

5. Lewiler 22:18—20-nji aýatlar Rimliler 12:1-däki gizlin duýduryşy görmäge nädip kömek edýär?

5 Seniň durmuşda edýän ähli zatlaryň Ýehowa edýän seždäň bilen bagly bolýar. Pawlus hakykat imandaşlaryň ýüreginde berk ornaşar ýaly, Rimlilere ýazan hatynda güýçli söz ulandy. Ol şeýle diýdi: «Bedeniňizi diri, mukaddes we Hudaýa ýaramly gurban hökmünde hödürläň» (Rimliler 12:1). «Bedeniňizi» diýlende adamyň düşünjesi, ýüregi, güýji göz öňünde tutulýar. Hudaýa gulluk edeniňde, sen bularyň ählisini ulanýarsyň (Markus 12:30). Pawlus bütin janyň bilen gulluk etmegi gurban hödürlemek bilen deňeşdirdi. Bu sözde birbada görünmeýän duýduryş bar. Musanyň kanunyna görä, malyň kemçiligi bar bolsa, Hudaý ony kabul etmeýärdi (Lewiler 22:18—20). Şonuň ýaly-da, eger mesihçileriň getirýän ruhy gurbanynyň kemçiligi bolsa, Hudaý ony kabul etmeýär. Bu nähili beýle bolup biler?

6, 7. Mesihçi bedenini nädip hapalap biler we bu nämä elter?

6 Pawlus Rimdäki mesihçilere: «Bedeniňizi günä etmek üçin» ulanmaň diýip maslahat berdi. Soňra «günäli işleri öldüriň» diýdi (Rimliler 6:12—14; 8:13). Ol biraz öň hatynda şeýle «günäli işleriň» käbirini agzap geçipdi. Günäli adamlar barada şeýle sözleri okaýarys: «Olaryň agzy gargyşdan... dolu», «aýagy gan dökmäge howlugýar», «Olar Hudaýdan gorkmaýarlar» (Rimliler 3:13—18). Eger mesihçi «bedenini», ýagny beden agzalaryny günäli işler üçin ulansa, ol bedenini hapalaýar. Meselem, eger mesihçi bilgeşleýin pornografiýa ýa-da rehimsiz zorluk ýaly azgyn zatlary görse, ol gözi bilen günä edip, bütin bedenini hapalaýandyr. Onuň gullukda edýän islendik işini mukaddes gurban hasaplap bolmaz, Hudaý hem kabul etmez (Kanun taglymaty 15:21; 1 Petrus 1:14—16; 2 Petrus 3:11). Diýmek, peýdasyz göwün açma nähili zyýanly!

7 Dogrudan-da, mesihçiniň saýlan göwün açmasy erbetlige eltip biler. Şol sebäpli biz saýlan göwün açmamyz arkaly Hudaýa berýän gurbanymyzy hapalaman, ony bezemek isleýäris. Geliň, häzir haýsy göwün açmanyň peýdaly, haýsysynyň zyýanlydygyna seredeliň.

«ERBETLIGI ÝIGRENIŇ»

8, 9. a) Göwün açmalary nähili iki topara bölse bolýar? b) Biz nähili göwün açmalary ret etmeli we näme üçin?

8 Aslynda, göwün açmalary iki topara bölse bolýar. Birinjisine mesihçileriň hökman gaça durmaly göwün açmalary, ikinjisine bolsa mesihçileriň ýerlikli ýa ýerliksiz hasaplaýan göwün açmalary degişli. Geliň, häzir mesihçileriň gaça durmaly göwün açmalaryna seredeliň.

9 Birinji bapda bellenilişi ýaly, käbir göwün açmalar Mukaddes Ýazgylarda çürt-kesik ýazgarylýar. Meselem, zorlukly, arwah-jynly, pornografiýaly, nejis we ahlaksyz işlere iterýän Internet sahypalary hem-de filmler, telegepleşikler, aýdym-sazlar barada oýlanyp görüň. Şeýle ýaramaz göwün açmalarda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine we kanunlaryna garşy gelýän işler gowy edip görkezilýändigi üçin, mesihçiler olardan gaça durmaly (Resullaryň işleri 15:28, 29; 1 Korinfliler 6:9, 10; Ylham 21:8). Şeýle zyýanly göwün açmalary ret edip, sen dogrudan-da «erbetligi ýigrenýändigiňi» we elmydama «ýamanlykdan saklanýandygyňy» Ýehowa subut edýärsiň. Şeýtmek bilen, sen «hilesiz imanyňy» görkezersiň (Rimliler 12:9; Zebur 34:14; 1 Timoteos 1:5).

10. Göwün açmalar barada nähili pikir etmek howply we näme üçin?

10 Emma käbiri ahlaksyzlygy açyk görkezýän filmler täsir etmeýär diýýärler. Olar: «Men şeýle filmleri ýa telegepleşikleri görsem-de, özüm hiç haçan beýle iş etmerin» diýip pikir edýärler. Emma beýle pikir etmek nädogry we howply (Ýermeýa 17:9-y okaň). Eger Ýehowanyň ýazgarýan zatlary biziň göwnümize ýarasa, onda hakykatdan-da «erbetligi ýigrenýärismi»? Biz ýaramaz zatlary elmydama görsek, okasak ýa-da diňlesek, onda ynsabymyz küteler (Zebur 119:70; 1 Timoteos 4:1, 2). Bu zatlar biziň edýän işlerimize ýa-da başgalaryň günälerine bolan garaýşymyza täsir eder.

11. Göwün açma babatda Galatýalylar 6:7-däki sözleriň hakykatdygyny näme subut edýär?

11 Şeýle wakalar dogrudanam boldy. Käbir mesihçiler ahlaksyzlyk etdiler, sebäbi olara endik edinen göwün açmalary täsir etdi. Olar «adam näme ekse şony-da orar» diýleni öz başyndan geçirip gördüler (Galatýalylar 6:7). Emma beýle gynançly ýagdaýyň öňüni alsa bolýar. Eger sen aňyňa ahlak taýdan arassa zatlary ekmäge jan etseň, gowy zatlary hezil edip orarsyň (« Men nähili göwün açmany saýlamaly?» diýen çarçuwa seret).

MUKADDES ÝAZGYLARA ESASLANYP KARARA GELIŇ

12. Göwün açma saýlanda Galatýalylar 6:5-i nädip ulanyp bolýar we karara gelende haýsy görkezmä eýermeli?

12 Häzir bolsa ikinji topara degişli, ýagny Hudaýyň Sözünde açyk ýazgarylmaýan göwün açmalar barada gürrüň edeliň. Şeýle göwün açmalary saýlanda, her bir mesihçiniň özi karara gelip, peýdaly zady anyklamaly (Galatýalylar 6:5-i okaň). Emma şeýle ýagdaýda-da biziň üçin görkezme berilýär. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň pikirini bilmäge kömek edýän prinsipler ýa-da esasy taglymatlar berilýär. Şu prinsiplere ünsli bolsak, ähli zatda, şol sanda göwün açma saýlamakda hem «Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünjek bolarys» (Efesliler 5:17).

13. Ýehowa ýaramaýan göwün açmalardan gaça durmaga näme kömek eder?

13 Elbetde, ähli mesihçileriň ahlak düşünjesi deň bolmaýar (Filipililer 1:11). Şeýle-de olar göwün açma babatda islegleriniň tapawutlanýandygyna düşünýärler. Şol sebäpli ähli mesihçiler birmeňzeş karara geler diýip bilmeris. Muňa garamazdan, Hudaýyň prinsipleriniň aňymyza we ýüregimize täsir etmegine ýol bersek, Ýehowa ýaramaýan göwün açmalaryň islendiginden gaça durarys (Zebur 119:11, 129; 1 Petrus 2:16).

14. a) Göwün açma saýlanda nämäni göz öňünde tutmaly? b) Biz Patyşalygy nädip birinji orunda goýup bileris?

14 Göwün açma saýlanda, ýene bir wajyp zady — sarp edilýän wagty göz öňünde tutmaly. Seniň nämäni ýerlikli hasaplaýandygyňy saýlan göwün açmaň görkezýär, oňa sarp edýän wagtyňdan bolsa, seniň üçin nämäniň wajypdygyny bilse bolýar. Elbetde, mesihçiler üçin ruhy zatlar birinji orunda durýar (Matta 6:33-i okaň). Şonuň üçin sen Patyşalygy durmuşyňda birinji orunda goýýandygyňa nädip göz ýetirip bilersiň? Pawlus resul şeýle diýdi: «Nähili ýaşaýandygyňyza üns beriň. Nadanlar ýaly däl-de, danalar ýaly ýaşaň. Her bir pursatdan degerli netije çykaryň» (Efesliler 5:15, 16). Dogrudan-da, göwün açmalara çäkli wagt sarp etseň, bu «iň wajyp zatlara düşünmäge», ýagny ruhy taýdan ösmegiňe kömek eder (Filipililer 1:10).

15. Göwün açma saýlanda näme üçin çäkden çykmazlyk paýhasly?

15 Şeýle-de göwün açma saýlanda, goýlan çäkden hem çykmaly däl. Bu näme aňladýar? Ýokarda agzalan miwe baradaky mysala seredeliň. Sen onuň zaýa ýerini iýmejek bolup, diňe çüýrük ýerini däl, eýsem, biraz gowy ýerini hem kesip aýrarsyň. Şonuň ýaly-da, göwün açma saýlanda, onuň çägine hem ünsli bolmaly. Paýhasly mesihçi diňe bir Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine aç-açan garşy gelýän göwün açmalardan gaça durmak bilen çäklenmän, eýsem, şübheli ýa-da ruhy taýdan zyýan ýetirýänlerinden hem gaça durýar (Süleýmanyň tymsallary 4:25—27). Hudaýyň Sözündäki maslahatlara doly eýerseň, erbet göwün açmalardan gaça durmaga kömek eder.

«TÄMIZ BIR ZAT BAR BOLSA»

Göwün açmany Hudaýyň prinsipleri boýunça saýlasak, özümizi ruhy taýdan gorarys

16. a) Ahlak meselesine Ýehowa ýaly garaýandygymyzy nädip görkezip bileris? b) Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini ulanmak nädip seniň durmuş ýoluň bolup biler?

16 Mesihçiler göwün açma saýlanda, ilki bilen, Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutýarlar. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň duýgusy we kadalary hakda aýdylýar. Meselem, Süleýman patyşa Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny agzap geçdi: «Tekepbir gözler, ýalançy dil, günäsiz gany dökýän eller; bet pälleri oýlap tapýan ýürek, ýamanlyga ýortmak üçin howlugýan aýaklar» (Süleýmanyň tymsallary 6:16—19). Ýehowanyň garaýşy saňa nähili täsir etmeli? Mezmurçy: «Eý Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň!» diýdi (Zebur 97:10). Seniň saýlan göwün açmalaryň Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny dogrudanam ýigrenýändigiňi görkezmeli (Galatýalylar 5:19—21). Ýadyňda bolsun, seniň nähili adamdygyňy hemmeleriň ýanyndakaň däl-de, ýeke galanyňda edýän işleriň görkezýär (Zebur 11:4; 16:8). Diýmek, sen durmuşyň ähli pudaklarynda Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamagy ýüregiňe düwseň, onda elmydama Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä hereket edersiň. Wagtyň geçmegi bilen, bu seniň durmuş ýoluň bolar (2 Korinfliler 3:18).

17. Göwün açma saýlanymyzda, özümize nähili sowallary bermeli?

17 Ýehowanyň pikirine laýyk gelýän göwün açma saýlaýandygyňa nädip göz ýetirip bilersiň? Şu sowalyň üstünde pikirlen: «Bu maňa we Hudaý bilen gatnaşygyma nähili täsir eder?» Meselem, bir film görjek bolanyňda, özüňe şeýle sowal ber: «Bu film ynsabyma nähili täsir eder?» Geliň, şu babatda ulanylýan prinsiplere seredeliň.

18, 19. a) Filipililer 4:8-däki prinsip peýdaly göwün açmany saýgarmaga nädip kömek edýär? b) Peýdaly göwün açma saýlamaga ýene-de haýsy prinsipler kömek eder? (Çykgyda seret).

18 Filipililer 4:8-de wajyp prinsip berilýär: «Diňe hakyky, wajyp, dogry, päk, söýgä höweslendirýän, ýagşy, öwgä we şöhrata mynasyp zatlar hakda oýlanyň». Elbetde, Pawlusyň sözleri göwün açma barada däl. Ol ýüregimiziň oý-pikirleri Hudaýyň göwnünden turmaly diýýär (Zebur 19:14). Emma Pawlusyň sözleri göwün açma meselesine-de degişli diýse bolar. Nädip?

19 Özüňe şeýle sowal ber: «Meniň saýlan filmlerim, wideooýunlarym, aýdym-sazlarym ýa-da başga göwün açmalarym aňymy «tämiz» zatlardan doldurýarmy?» Mysal üçin, kino göreniňden soň, seniň aňyňda nähili şekiller galýar? Eger olar ýakymly, arassa we göwnüňi göterýän bolsa, onda saýlan göwün açmaňy peýdaly hasaplap bilersiň. Emma soňra ahlaksyz zatlar barada oýlanýan bolsaň, onda saýlan göwün açmaň peýdasyz, hatda zyýanly (Matta 12:33; Markus 7:20—23). Näme üçin? Sebäbi ahlaksyz zatlar barada pikir etseň, kalp rahatlygyň bozulýar, Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyň hapalanýar we Hudaý bilen dostlugyň gowşaýar (Efesliler 5:5; 1 Timoteos 1:5, 19). Diýmek, şeýle göwün açmalar zyýanly, şonuň üçin olardan gaça durmagy ýüregiňe düw (Rimliler 12:2) *. «Gözümi biderek zatlary görmekden sow» diýip, Ýehowa doga eden mezmurçydan görelde al (Zebur 119:37).

BAŞGALARYŇ PEÝDASYNY GÖZLE

20, 21. Peýdaly göwün açma saýlamaga 1 Korinfliler 10:23, 24-nji aýatlar nädip kömek edýär?

20 Pawlus şahsy meselelerde ulanylmaly esasy prinsipi agzap geçýär. Ol şeýle diýdi: «Hemme zat rugsat edilýändir, ýöne hemme zat ruhy taýdan berkidýän däldir. Goý, her kes öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin» (1 Korinfliler 10:23, 24). Bu prinsip peýdaly göwün açma saýlamaga nädip kömek edýär? Özüňe şeýle sowal ber: «Saýlan göwün açmam başgalara nähili täsir eder?»

21 Käbir göwün açmalara ynsabyň çatýandyr, şonuň üçin olary «rugsat edilen» ýa-da ýerlikli hasaplaýansyň. Emma ejiz ynsaply imandaşlaryň büdreýändigini görüp, belki-de, muny etmersiň. Näme üçin? Sebäbi sen «doganyňa garşy günä etmek» ýa-da Pawlusyň aýdyşy ýaly, «Mesihe garşy günä etmek» islemeýärsiň, çünki imandaşyňa Hudaýa wepaly galmak has-da kynlaşar. Şeýdip, sen «büdremäge sebäp bolmaň» diýen maslahata ýürekden gulak asýarsyň (1 Korinfliler 8:12; 10:32). «Rugsat edilýän», ýöne «ruhy taýdan berkitmeýän» göwün açmalardan gaça durup, biz Pawlusyň häzirki mesihçilere beren sypaýy hem paýhasly maslahatyna eýerýäris (Rimliler 14:1; 15:1).

22. Şahsy meselede näme üçin mesihçi öz diýenini etdirmeli däl?

22 Başgalaryň peýdasyny gözlemek meselesinde ýene-de bir zady unutmaly däl. Ynsaby ejiz mesihçi ýerlikli göwün açma babatda özüniň çäkli garaýşyna ýygnakdakylaryň ählisini eýertjek bolmaly däl. Eger ol şeýle etse, onda özi bilen uly ýoldan gidip barýan ähli sürüjilerden özüniňki ýaly tizlikde gitmegi talap edýän sürüjä meňzär. Bu akyla sygjak zat däl. Imandaşlarynyň göwün açma garaýşy özüniňkiden biraz tapawutlanyp, ýöne Hudaýyň prinsiplerine gabat gelse, ynsaby ejiz mesihçi şonda-da olara söýgi bilen garap, hormat goýmaly. Şeýlelikde, onuň «paýhaslylygy hemmelere görner» (Filipililer 4:5; Wagyz kitaby 7:16).

23. Peýdaly göwün açmany nädip saýlap bilersiň?

23 Gysgaça aýtsak, sen peýdaly göwün açmany nädip saýlap bilersiň? Hudaýyň Sözünde çürt-kesik ýazgarylýan, azgyn, ahlaksyz işleri görkezýän göwün açmalardan gaça dur. Käbir göwün açmalar Mukaddes Ýazgylarda ýörite agzalmasa-da, Hudaýyň prinsiplerine eýer. Ynsabyňy hapalaýan göwün açmalardan gaça dur we başgalary, ylaýta-da, imandaşlaryňy büdredäýjek göwün açmalary taşla. Şu maslahatlara eýermegi berk ýüregiňe düwüp, Ýehowany şöhratlandyr hem-de özüňi we maşgalaňy Hudaýyň söýgüsinde sakla.

^ abzas 19 Süleýmanyň tymsallary 3:31; 13:20; Efesliler 5:3, 4; Koloslylar 3:5, 8, 20-nji aýatlardaky prinsipler hem göwün açma saýlamaga kömek edýär.