Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Matta 5—7-nji baplar

Matta 5—7-nji baplar

5 Isa märekäni görüp, dagyň eteginde oturdy, şägirtleri hem ýanyna geldi. 2 Şonda Isa olara öwredip başlady:

3 «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar a bagtlydyr, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr.

4 Hasrat çekýän adamlar bagtlydyr, sebäbi olara göwünlik berler.

5 Pesgöwünli b adamlar bagtlydyr, sebäbi olar ýeri miras alarlar.

6 Adalatyň dikelmegini isleýänler bagtlydyr, sebäbi olar arzuwyna ýeterler c.

7 Rehimli adamlar bagtlydyr, sebäbi olara rehim ediler.

8 Ýüregi päk adamlar bagtlydyr, sebäbi olar Hudaýy görerler.

9 Parahatlyk döredýän adamlar bagtlydyr, sebäbi olara Hudaýyň ogullary diýerler.

10 Dogruçyllyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr.

11 Meniň adym üçin size sögenlerinde, yzarlanlarynda, her hili ýalan we erbet sözleri aýdanlarynda bagtlysyňyz. 12 Şatlanyň, begeniň, sebäbi gökdäki sylagyňyz uludyr. Sizden öň ýaşan pygamberler-de şeýle yzarlandylar.

13 Siz ýeriň duzy. Eger duz tagamyny ýitirse, ony ýene-de nädip tagamly edip bolar? Ol hiç zada ýaramaz, ony aýak astyna zyňaýmaly bolar.

14 Siz dünýäniň yşygy. Dagyň üstünde gurlan şäheri gizläp bolmaz. 15 Adamlar çyrany ýakyp, sebediň aşagynda däl-de, şemdanyň üstünde goýýarlar. Şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýär. 16 Siziň hem yşygyňyz adamlara şeýle nur saçsyn welin, ýagşy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar.

17 Men Töwrady ýa-da Pygamberler kitabyny bozmaga gelendirin öýtmäň. Men bozmaga däl, olary berjaý etmäge geldim. 18 Size hakykaty aýdýaryn, asman we ýer geçip gitse-de, Töwradyň ýekeje harpy, ýekeje nokady-da d bozulmaz, ählisi berjaý bolar. 19 Kim iň kiçi tabşyryklaryň birini bozup, muny başgalara-da öwretse, gökdäki Patyşalyga girmäge mynasyp däldir. Emma olary berjaý edýän we başgalara-da öwredýän adam gökdäki Patyşalyga girmäge mynasypdyr. 20 Şuny bilip goýuň: eger siz kanunçylardan-da, fariseýlerden-de dogruçyl bolmasaňyz, gökdäki Patyşalyga girip bilmersiňiz.

  21 Gadymy döwürde ýaşan adamlaryň şeýle diýenini eşidensiňiz: „Adam öldürme. Kim adam öldürse, kazyýetde jogap berer“. 22 Emma men size diýýärin, doganyna gaharlanýan adam kazyýetde jogap berer. Biri erbet söz aýdyp, doganynyň göwnüne degse, Ýokary kazyýetde jogap berer. Biri doganyna: „Sen akmak!“ diýse, Jähennem e oduna zyňlar.

23 Gurbanlyk ojagyna f gurbanlygyňy g alyp barýarkaň, doganyň senden öýkelidigi ýadyňa düşse, 24 gurbanlygyňy gurbanlyk ojagynyň ýanynda goý-da, gidip, ilki doganyň bilen ýaraş. Soňra gurbanlygyňy ber.

25 Dawagäriň bilen ýüze çykan meseläňi kazyýete ýetmänkäň derrew çöz. Ýogsam ol seni kazyýetde günäkär edäýmesin. Şonda kazy seni garawula tabşyrar, garawul bolsa türmä basar. 26 Saňa hakykaty aýdýaryn, soňkuja teňňäňi berýänçäň, ol ýerden çykmarsyň.

27 Siz: „Zyna etme“ diýlenini eşidensiňiz. 28 Emma men size diýýärin, bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde eýýäm zyna edendir. 29 Eger sag gözüň günä etdirýän h bolsa, oýup taşla. Bütin bedeniň Jähenneme i zyňlandan, bir gözüň ýok bolany gowudyr. 30 Eger sag eliň günä etdirýän j bolsa, kesip taşla. Bütin bedeniň Jähenneme k zyňlandan, bir eliň ýok bolany gowudyr.   

31 Siz: „Aýrylyşýan adam aýalynyň talak hatyny bersin“ diýlenini-de eşidensiňiz. 32 Emma men size diýýärin, aýaly bilen zynadan l başga sebäbe görä aýrylyşýan adam aýalynyň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen hem zyna edýändir.

33 Gadymy döwürde ýaşan adamlaryň şeýle diýenini-de eşidensiňiz: „Biderek ýere ant içme. Eger ant içen bolsaň, Ýehowanyň öňünde berjaý et“. 34 Emma men size diýýärin, asla ant içmäň, gökden hem ant içmäň, sebäbi gök Hudaýyň tagtydyr. 35 Ýerden hem ant içmäň, sebäbi ýer Hudaýyň aýagynyň basgançagydyr. Iýerusalimden hem ant içmäň, sebäbi ol beýik Patyşanyň şäheridir. 36 Öz başyňyzdan hem ant içmäň, sebäbi saçyňyzyň ýekeje taryny ak ýa-da gara edip bilmersiňiz. 37 Goý, siziň „hawa“ diýeniňiz „hawa“, „ýok“ diýeniňiz „ýok“ bolsun. Bulardan artygy Şeýtandandyr.

38 Siz: „Göz ýerine göz, diş ýerine diş“ diýlenini eşidensiňiz. 39 Emma men size diýýärin, ýamanlyk edýäne garşylyk görkezme. Biri sag ýaňagyňa ursa, oňa çep ýaňagyňy hem tut. 40 Eger biri kazyýetiň üsti bilen köýnegiňi aljak bolsa, donuňy-da ber. 41 Eger ygtyýarly adam bir çakrym a ýol ýöremegi talap etse, onuň bilen iki çakrym ýol ýöre. 42 Kömek sorana kömek et, karz sorandan ýüzüňi sowma.

43 Siz: „Ýakynyňy b söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini eşidensiňiz. 44 Emma men size diýýärin, duşmanlaryňyzy söýüň, sizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň. 45 Şonda gökdäki Ataňyzyň perzendi bolarsyňyz. Sebäbi ol Güni hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar, ýagmyry hem dogrularyň, hem egrileriň üstünden ýagdyrýar. 46 Eger siz özüňizi söýýänleri söýseňiz, başgalardan näme tapawudyňyz bar? Salgytçylar hem şeýle etmeýärmi? 47 Eger diňe doganyňyz bilen salamlaşýan bolsaňyz, näme artykmaç zat edýäňiz? Başga halklar hem şeýle etmeýärmi? 48 Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň.

6 Ýagşy işleri göz üçin etmäň, ýogsam gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz. 2 Mätäje sadaka bereniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly sinagogalarda we köçelerde jar çekmäň c. Ikiýüzli adamlar alkyş almak üçin şeýle edýärler. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar. 3 Emma mätäje sadaka bereniňizde, sag eliňiziň näme edýändigini çep eliňiz bilmesin. 4 Mätäje kömek edeniňizi başgalar bilmesin. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar.

5 Hudaýa doga edeniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly bolmaň. Olar adamlara görünmek üçin sinagogalarda we uly ýollaryň çatrygynda durup doga edýärler. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar. 6 Emma siz doga edeniňizde, otagyňyza girip, gapyňyzy ýapyň-da, göze görünmeýän Ataňyza doga ediň. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar. 7 Doga edeniňizde, başga halklar ýaly şol bir sözleri gaýtalap durmaň. Sebäbi olar köp söz aýtsalar Hudaý eşider öýdýärler. 8 Siz olara meňzemäň, sebäbi Ataňyz size nämäniň gerekdigini dilemänkäňiz bilýär.

9 Siz şeýle doga ediň:

„Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun! 10 Patyşalygyň gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegiň amala aşsyn! 11 Her günki çöregimizi ýetirip dur d. 12 Adamlaryň günäsini e bagyşlaýşymyz ýaly, sen hem biziň günälerimizi f bagyşla. 13 Bize synaga düşmäge ýol berme, Şeýtanyň elinden halas et“.

14 Siz adamlaryň günäsini bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem sizi bagyşlar. 15 Emma adamlaryň günäsini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlamaz.

16 Agyz bekläniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly ýüzüňizi sallamaň. Sebäbi şeýle adamlar agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup ýüzüni sallaýarlar g. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar. 17 Emma siz agyz bekläniňizde, ýüzüňizi ýuwuň, başyňyza ýag çalyň. 18 Agyz bekleýäniňizi adamlar däl-de, göze görünmeýän Ataňyz görsün. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar.

19 Ýer ýüzünde baýlyk ýygnamaň, sebäbi olary güýe we pos iýýär, ogrular ogurlaýar. 20 Muňa derek gökde baýlyk ýygnaň. Gökde ýygnan baýlygyňyzy ne güýe, ne pos iýýär, ne-de ogrular ogurlap bilýär. 21 Baýlygyňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.

22 Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sada h bolsa, bütin bedeniň ýagty bolar. 23 Emma gözüň erbet i bolsa, bütin bedeniň garaňky bolar. Şonda bedeniňdäki garaňkylyk, gör, nähili gorkunç bolar!

24 Hiç kim iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez. Sebäbi birini ýigrenip, beýlekisini gowy görer, birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezçilik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz.

25 Men bolsa size diýýärin, mundan beýläk näme iýip içeris diýip janyňyzy alada etmäň, näme geýeris diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Adamyň jany çörekden, bedeni egin-eşikden gymmatly dälmi? 26 Guşlara syn ediň. Olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara däne ýygnaýarlar. Emma şonda-da gökdäki Ataňyz guşlary iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmi? 27 Siziň haýsyňyz alada edip, ömrüňizi biraz uzaldyp bilýäňiz? 28 Egin-eşik hakda näme üçin alada edýäňiz? Çigildemleriň ösüşine syn ediň. Olar ne zähmet çekýärler, ne-de eşik tikýärler. 29 Emma men size diýýärin, şan-şöhratly Süleýman patyşa-da şeýle owadan geýnen däldir. 30 Eger şu gün ösüp, ertir ojaga atylýan gülleri we otlary Alla şeýle geýindirýän bolsa, onda sizi has-da gowy geýindirmezmi näme, eý imany azlar?! 31 Şonuň üçin „Näme iýeris?“, „Näme içeris?“ ýa-da „Näme geýeris?“ diýip, hiç haçan alada etmäň. 32 Şeýle zatlaryň aladasyny başga halklar edýär. Ýöne gökdäki Ataňyz size nämäniň gerekdigini bilýär.

33 Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýuň, şonda gerekli zatlar üstüne goşulyp berler. 34 Şeýlelikde, hiç haçan ertirki günüň aladasyny etmäň, sebäbi ertir hem başga aladalar bolar. Her günüň öz derdi özüne ýetikdir.

7 Adamlary ýazgarmaň j, şonda sizi-de ýazgarmazlar. 2 Siz adamlary nädip ýazgarsaňyz k, olar hem sizi şeýdip ýazgararlar. Nähili ölçeg bilen ölçäp berseňiz, size-de şeýle ölçeg bilen ölçäp bererler. 3 Sen näme üçin doganyň gözündäki çöpi görýäň-de, öz gözüňdäki agajy görmeýäň? 4 Öz gözüňde agaç barka, nädip doganyňa: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýip bilýäň? 5 Eý ikiýüzli! Ilki öz gözüňden agajy çykar, şonda doganyň gözünden çöpi çykaryp bilersiň.

6 Mukaddes zady itlere bermäň, merjen monjuklary doňuzlaryň öňüne taşlamaň, ýogsam olary depeläp, soňra size-de topulaýmasynlar.

7 Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açarlar. 8 Sebäbi dilän alar, agtaran tapar, gapyny kakana açarlar. 9 Çagaňyz çörek sorasa, haýsyňyz daş berersiňiz? 10 Ýa-da balyk sorasa, ýylan berersiňiz? 11 Eger siz erbet adam bolup, çagalaryňyza gowy zatlary berýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz dileýänlere ýagşy zatlary bermezmi näme?

12 Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, sizem olara şeýle ediň. Sebäbi Töwratda-da, Pygamberler kitabynda-da şeýle öwredilýär.

13 Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy giň, ýol inli, ondan geçýänler köpdür. 14 Emma ebedi ýaşaýşa eltýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr.

15 Ýalan pygamberlerden ägä boluň. Olar goýun derisine girip gelýändir, aslynda welin ýyrtyjy möjekdir. 16 Olary miwesinden l tanarsyňyz. Tikenekden üzüm ýa-da ýandakdan injir ýygylýarmy? 17 Gowy agaç gowy miwe berýär, erbet agaç bolsa erbet miwe berýär. 18 Gowy agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç hem gowy miwe berip bilmez. 19 Gowy miwe bermeýän agaç çapylyp, oda taşlanýandyr. 20 Şeýlelikde, olary miwelerinden tanarsyňyz.

21 Maňa „Halypam, Halypam!“ diýýän adam gökdäki Patyşalyga girmez, oňa diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý edýän girer. 22 Şol gün köp adamlar maňa: „Halypam, Halypam! Biz seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi, seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy, seniň adyň bilen gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler. 23 Şonda men olara: „Sizi asla tanamaýaryn, eý kanuny bozýanlar, ýanymdan gidiň!“ diýerin.

24 Şeýlelikde, meni diňleýän we sözlerimi ýerine ýetirýän her kes öýüni gaýanyň üstünde guran paýhasly adama meňzeýär. 25 Ýagyş ýagyp, sil gelse-de, ýel turup, öýe ursa-da, öý ýykylmaz, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy. 26 Meni diňleýän, ýöne sözlerimi ýerine ýetirmeýän her kes öýüni çägäniň üstünde guran akylsyz adama meňzeýär. 27 Ýagyş ýagyp, sil gelse, ýel turup, öýe ursa, öý ýykylyp, ýer bilen ýegsan bolar».

28 Isa sözüni tamamlady, märeke hem onuň öwredişine haýran galdy. 29 Sebäbi ol kanunçylar ýaly däl-de, ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi.

a Sözme-söz: Ruhy garyplar.

b Ýa-da: Ýumşak.

c Ýa-da: Dogruçyllyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, sebäbi olar doýup ganarlar.

d Sözme-söz: çyzygy-da.

e Iýerusalimiň daşynda zir-zibil ýakylýan ýer. Hennem jülgesiniň ady. Gadymy Iýerusalimiň günorta-günbatarynda ýerleşýärdi. Şol jülgä jeset taşlanjakdygy pygamberlik edilipdi. Emma haýwanlary we adamlary diriligine ýakmak ýa-da gynamak üçin Jähenneme taşlanandygy hakda hiç ýerde aýdylmaýar. Jähennem ölen adamyň otda baky gynalýan ýeri däl. Isa bilen şägirtleri «Jähennem» diýende, ebedilik ýok edilmegi göz öňünde tutupdy. Başgaça «ikinji ölüm» hem diýilýär.

f Palçykdan, daşdan ýa-da agaçdan ýasalýardy. Agaçdan ýasalan ojaklary altyna we mise gaplaýardylar. Üstünde gurbanlyk ýakylýardy.

g Ýa-da: sadakaňy.

h Sözme-söz: büdredýän.

i  5:22-däki çykgyda serediň.

j 5:29-daky çykgyda serediň.

k  5:22-däki çykgyda serediň.

l Grekçe «porneýa». Hudaýyň gadagan eden ahlaksyz işlerini aňladýar. Zyna, gomoseksualizm, jelepçilik, nikadan öň jynsy gatnaşyk ýa-da haýwanlar bilen jynsy gatnaşyk etmek degişli.

a Rim çakrymy takmynan 1,5 km deň.

b Sözme-söz: Goňşyňy.

c Sözme-söz: surnaý çalmaň.

d Sözme-söz: Şu günki iýjegimizi şu gün ber.

e Sözme-söz: bergisini.

f Sözme-söz: bergilerimizi.

g Ýa-da: üst-başyna seretmeýärler.

h Ýa-da: diňe bir zada seredýän.

i Sözme-söz: zalym.

j Ýa-da: tankytlamaň.

k Ýa-da: tankytlasaňyz.

l Edýän işleri göz öňünde tutulýar.