77-NJI BAP
Isanyň baýlyk hakda beren maslahaty
-
BAÝ ADAM HAKDAKY MYSAL
-
ISA GARGALARY WE GÜLLERI MYSAL GETIRÝÄR
-
«KIÇI SÜRI» HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNDA HÖKÜM SÜRER
Isa fariseýiň öýünde myhmançylykda otyrka, daşarda oňa müňlerçe adam garaşyp durdy. Ol şeýle uly märekäniň üýşenini Jelilede hem görüpdi (Markus 1:33; 2:2; 3:9). Ýahudanyň ýaşaýjylary Isany görmek we onuň gürrüňlerini diňlemek üçin gelipdi. Olaryň garaýşy saçak başynda oturan fariseýleriňkiden düýpgöter tapawutlanýardy.
Isa märekä ýüzlenende, ilki şägirtlerine degişli sözleri aýdýar. Ol: «Fariseýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň, sebäbi olar ikiýüzlüdir» diýýär. Ol öňem bu hakda duýdurypdy, ýöne fariseýiň öýünde bolan waka onuň maslahatyna sowuk-sala garamaly däldigini tassyklaýar (Luka 12:1; Markus 8:15). Fariseýler özlerini hudaýhon hasaplasalar-da, aslynda, olar zalym, howply adamlardy we bu hakda hemmeler bilmelidi. Isa muny şeýle düşündirýär: «Pugta ýaşyrylsa-da, açylmajak we hiç hili bilinmejek gizlin zat ýokdur» (Luka 12:2).
Isanyň daşyny gurşap alan märeke onuň Jelilede öwreden we gürrüň beren zatlaryny eşitmedik bolmaly. Şonuň üçin ol öňki aýdanlaryny ýene-de gaýtalaýar. Ol diňleýjilerine: «Bedeni öldürip-de, başga hiç zat edip bilmeýän adamlardan gorkmaň» diýýär (Luka 12:4). Ol yzyna eýerýän adamlara Hudaýa bil baglamagyň wajypdygyny aýdýar, çünki Hudaý olaryň aladasyny eder. Şeýle-de Ynsan ogly hakda bilim almagyň ähmiýetlidigini we Hudaýyň olara kömek edip biljekdigini aýdýar (Matta 10:19, 20, 26—33; 12:31, 32).
Şonda märekäniň içinden bir adam biynjalyk edýän soragyny orta atyp: «Mugallym, doganyma aýt, goý, ol kakamdan galan mirasy meniň bilen paýlaşsyn» diýýär (Luka 12:13). Kanuna görä, miras paýlananda, nowbahar ogla iki esse paý berilmelidi, şonuň üçin şu meseläni orta atmagyň hajaty ýokdy (Kanun taglymaty 21:17). Diýmek, bu adam özüne berlen mirasdan köpräk almak isleýän bolmaly. Isa onuň tarapyny tutmaýar, gaýtam: «Eý adam, kim meni size kazy ýa-da araçy edip belledi?» diýýär (Luka 12:14).
Soňra Isa hemmelere ýüzlenip: «Hüşgär boluň, özüňizi her hili açgözlükden goraň. Sebäbi adamyň emlägi köp bolsa-da, onuň ýaşaýşy bu zatlara bagly däldir» diýip maslahat berýär (Luka 12:15). Adamyň ummasyz baýlygy bolsa-da, ol iru-giç ölýär we ýany bilen hiç zat äkidip bilmez. Isa muny düşündirmek we Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanmagyň wajypdygyny görkezmek üçin ýatdan çykmajak bir mysaly gürrüň berýär.
«Bir baý adamyň mellegi bol hasyl berýär. Ol öz ýanyndan: „Men näme etsemkäm, dänämi ýygnamaga ýerim ýok?“ diýip pikir edýär. Soňra ol: „Gowusy, men şeýle edeýin: ammarlarymy ýykyp, has ulularyny guraýyn we ähli bugdaýymy hem-de bar emlägimi şol ýere ýygnaýyn. Soňra öz-özüme şeýle diýerin: Men köp ýyllara ýetjek zat ýygnadym. Şonuň üçin iýip-içip, janymy hoşal edeýin“ diýýär. Emma Hudaý oňa: „Eý akmak, şu gijäniň özünde seniň janyňy alarlar. Şonda ýygnan zatlaryň kime galar?“ diýdi. Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin baýlyk ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýle bolýandyr» (Luka 12:16—21).
Isanyň şägirtleri-de, başga adamlar hem baýlygyň yşgyna düşmegi ýa-da gündelik zatlar hakda alada edip, Ýehowadan daşlaşmagy mümkindi. Şol sebäpli Isa takmynan bir ýarym ýyl mundan öň Dagdaky wagzynda beren maslahatlaryny gaýtalap, şeýle diýýär:
«Näme iýerin diýip janyňyz hakda ýa-da näme geýerin diýip bedeniňiz hakda alada etmäň... Gargalara serediň: olar ne ekýärler, ne-de ammarlara Luka 12:22—31; Matta 6:25—33).
ýygnaýarlar; ýöne şonda-da Hudaý olary iýmitlendirýär. Eýsem, siz guşlardan has gymmatly dälmi näme? ...Gülleriň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de özleri üçin eşik örýärler. Size diýýärin, hatda şan-şöhrata eýe bolan Süleýman patyşa-da şeýle owadan geýinmändi... Şonuň üçin näme iýerin, näme içerin diýip alada etmegiňizi bes ediň... Ataňyz size näme gerekdigini bilýändir... Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň, şonda bu zatlaryň hemmesi size berler» (Hudaýyň Patyşalygyny kim agtarar? Isa Hudaýa wepaly adamlary «kiçi süri» diýip atlandyrýar. Birnäçe wagtdan olaryň sany 144 müň boljakdygy mälim bolar. Olara gelejekde näme garaşýar? Isa olary: «Eý kiçi süri, çünki Ataňyz size Patyşalygy bermegi makul bildi» diýip ynandyrýar. Olar ýer ýüzünde hazyna agtarmazlar, çünki olary ogrular alyp biler. Gaýtam, olaryň ýüregi «gökde hiç haçan gutarmajak hazyna» bilen bolar, sebäbi gökde olar Mesih bilen bile höküm sürerler (Luka 12:32—34).