Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

80-NJI BAP

Gowy Çopan we goýun agyllary

Gowy Çopan we goýun agyllary

ÝAHÝA 10:1—21

  • ISA GOWY ÇOPAN WE GOÝUN AGYLLARY HAKDA GÜRRÜŇ BERÝÄR

Isa Ýahudanyň ýaşaýjylaryna tälim bermegini dowam edýärdi. Ol märekä tanyş bolan mysaly, ýagny goýun we agyl hakda gürrüň berýär. Şonda ýehudylar Dawudyň: «Reb meniň Çopanymdyr; men hiç bir zada mätäçlik çekmerin. Ol meni ýaşyl örülerde ýatyrýar» diýen sözlerini ýatlandyrlar (Zebur 23:1, 2). Dawut başga bir mezmurynda: «Geliň... bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeliň. Çünki Ol biziň Hudaýymyz, biz Onuň örüsiniň halkydyrys, elindäki goýunlardyrys» diýipdi (Zebur 95:6, 7). Hawa, Kanunyň astynda ýaşaýan ysraýyllylar öňden bäri goýun sürüsine meňzedilýär.

Goýunlaryň agylda saklanyşy ýaly, ysraýyllylar hem Musanyň kanun ähtiniň astynda ýaşaýardylar. Bu Kanun olary haýat kimin beýleki halklaryň azgyn täsirinden goraýardy. Emma Hudaýyň sürüsine azar berýän ysraýyllylar hem bardy. Isa olar hakda şeýle diýýär: «Size dogrusyny aýdýaryn, agyla gapydan däl-de, başga ýol bilen girýän adam ogry hem talaňçydyr. Gapydan girýän adam bolsa goýunlaryň çopanydyr» (Ýahýa 10:1, 2).

Bu sözleri eşiden märeke özüne Mesih diýýän adamlar hakda pikir eden bolmaly. Olar ogry hem talaňçy ýalydy. Halk şeýle adamlaryň yzyna däl-de, «goýunlaryň çopanynyň» yzyna eýermelidiler. Isa bu barada şeýle diýýär:

«Garawul oňa gapyny açýandyr, goýunlar hem onuň sesine gulak asýandyr. Çopan goýunlarynyň adyny tutup çagyrýar we olary agyldan çykarýar. Ol goýunlarynyň ählisini çykaryp, olaryň öňünden ýöreýär, goýunlar bolsa onuň sesini tanaýandygy üçin, yzyna düşüp gidýär. Goýunlar nätanyş adamyň yzyna düşmez, gaýtam, ondan gaçar, sebäbi nätanyş adamyň sesini tanaýan däldirler» (Ýahýa 10:3—5).

Suwa çümdürýän Ýahýa garawul kimindi; ol Kanun astynda ýaşaýan goýunlara, ýagny ysraýyllylara Isany tanadyp, onuň yzyna eýermelidigini görkezdi. Jeliläniň we Ýahudanyň ýaşaýjylarynyň käbiri Isanyň sesini tanadylar. Eýsem, Isa olary nirä alyp barar? Onuň yzyna eýermegiň nähili peýdasy bar? Bu mysaly eşidip, käbirleri geň galan bolmaly, sebäbi «olar onuň näme hakda aýdýandygyna düşünmediler» (Ýahýa 10:6).

Isa şeýle düşündirýär: «Size dogrusyny aýdýaryn, men goýunlar üçin gapydyryn. Meniň ornumy tutup, özüni hakyky çopan hasaplaýanlar ogry hem talaňçydyr; goýunlar hem olara gulak asýan däldir. Men gapydyryn; meniň üstüm bilen girýän her kes halas bolar. Ol girer çykar-da, öri meýdany tapar» (Ýahýa 10:7—9).

Görşümiz ýaly, Isa başga bir pikiri aýtjak bolýar. Märeke Isanyň ýüzlerçe ýyl dowam eden Kanun ähtiniň gapysy däldigini bilýärdi. Isa goýunlary başga agyla saljak bolýar. Bu olara nähili peýda berer?

Isa özüniň tutýan orny hakda düşündirip: «Men olaryň ýaşamagy we ebedi ýaşaýşy almagy üçin geldim. Men gowy çopandyryn; gowy çopan goýunlary üçin janyny gurban edýändir» diýýär (Ýahýa 10:10, 11). Ol öňräk şägirtlerine: «Gorkma, eý kiçi süri, çünki Ataňyz size Patyşalygy bermegi makul bildi» diýip, teselli beripdi (Luka 12:32). Diýmek, «kiçi süri» ýaşamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin täze agyla girmelidi. «Kiçi süri» üçin bu nähili uly hormat!

Isa ýene bir pikiri aýtjak bolýar. Ol: «Meniň bu agyldakydan başga-da goýunlarym bar; men olary-da getirmelidirin, olar hem meniň sesimi eşider. Şonda bir süri, bir çopan bolar» diýýär (Ýahýa 10:16). Hawa, «başga goýunlar» bu agyldan däl. Olaryň agyly Patyşalygy miras aljak «kiçi süriniňkiden» tapawutlanýar. Görşümiz ýaly, iki süriniň gelejegi meňzeş däl. Muňa garamazdan, Isanyň gelejekde etjek işleri iki sürä-de peýda getirer. Ol: «Ine, şonuň üçin hem Atam meni söýýändir, sebäbi men janymy gaýtadan almak üçin, ony gurban edýärin» diýýär (Ýahýa 10:17).

Bu sözleri eşidenleriň köpüsi: «Ol jynly, akylyndan azaşypdyr» diýýärler. Beýlekiler bolsa Isany höwes bilen diňläp, Gowy Çopanyň yzyna eýermek islediler. Olar: «Bu sözler jynly adamyň aýtjak sözler-ä däl. Eýsem, jyn kör adamyň gözüni açyp bilermi?» diýýärler (Ýahýa 10:20, 21). Olar bu sözleri Isanyň dogabitdi kör adamy sagaldyşyny göz öňünde tutup aýdan bolmaly.