Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

81-NJI BAP

Haýsy manyda Isa we onuň Atasy bir?

Haýsy manyda Isa we onuň Atasy bir?

ÝAHÝA 10:22—42

  • «ATAM IKIMIZ BIRDIRIS»

  • ISA ÖZÜNI HUDAÝA DEŇEMEÝÄR

Isa ybadathananyň açylyşyna bagyşlanan baýramçylygy bellemek üçin Iýerusalime gelýär. Bu baýramçylyk ybadathananyň gaýtadan bagyş edilmeginiň şanyna bellenilýärdi. 100 ýyldan gowrak mundan öň Siriýanyň patyşasy Antioh Epifan IV Iýerusalimi basyp alýar we Hudaýyň ybadathanasynda ullakan gurbanlyk sypasyny gurýar. Birnäçe wagtdan Mattatiýa atly ruhanynyň ogullary göreşip, Iýerusalimi gaýdyp alýarlar we şonda ybadathanany Ýehowa ikilenç bagyş edýärler. Şondan bäri her ýyl kislew aýynyň 25-inde şol güni baýram edýärdiler. Häzir ol aý noýabryň aýagy we dekabryň başy hasaplanýar.

Gyş aýlarydy, howa-da sowukdy. Isa ybadathananyň «Süleýmanyň sütünleri» diýilýän ýerindedi. Şol wagt onuň daşyny ýehudylar gurşap alyp: «Sen haçana çenli bizi kösäp ýörjek? Mesih bolsaň, bize açyk aýt-da» diýip başlaýarlar (Ýahýa 10:22—24). Isa näme diýerkä? Ol: «Men size aýtdym, ýöne siz ynanmaýarsyňyz» diýip jogap berýär. Isa olara samariýaly aýala aýdyşy ýaly, özüniň Mesihdigini açyk aýtmaýar (Ýahýa 4:25, 26). Ýöne ol şonda özüniň kimdigini gizlemän: «Ybraýym heniz dogulmanka, men bardym» diýipdi (Ýahýa 8:58).

Eger adamlar Isanyň edýän işlerini Mesih baradaky pygamberlikler bilen deňeşdirseler, olar onuň Mesihdigine göz ýetirerdiler. Isa hut şuny-da isleýärdi. Şonuň üçin hem ol şägirtlerine özüniň Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrypdy. Emma häzir ol duşmanlaryna: «Atamyň adyndan edýän işlerimiň özi men hakda şaýatlyk edýär. Ýöne siz ynanmaýarsyňyz» diýip, göni aýdýar (Ýahýa 10:25, 26).

Olar Isanyň Mesihdigine näme üçin ynanmaýarka? Isa şeýle diýýär: «Siz ynanmaýarsyňyz, sebäbi siz meniň goýunlarym däl. Goýunlarym meniň sesime gulak asýandyr, men olary tanaýaryn, olar hem meniň yzyma düşýär. Men olara ebedi ýaşaýyş bererin, olar hiç haçan heläk edilmez we hiç kim olary elimden alyp bilmez. Atamyň maňa beren goýunlary ähli zatdan wajypdyr». Soňra ol özüniň gökdäki Atasy bilen ýakyn dostdugyny aýdyp: «Atam ikimiz birdiris» diýýär (Ýahýa 10:26—30). Isa şol wagt ýerde ýaşaýardy, Atasy bolsa gökde. Diýmek, bu sözler olaryň bir şahsyýet däl-de, maksadynyň birdigini we ikisiniň agzybirdigini görkezýär.

Bu sözleri eşidende, ýehudylaryň gany depesine urýar, olar ýene-de Isany daşlajak bolýarlar. Emma Isa gorkmaýar, gaýtam: «Men size Atamyň tabşyran köp ýagşy işlerini görkezdim. Olaryň haýsysy üçin meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýýär. Olar: «Biz seni ýagşy işleriň üçin däl-de, Hudaýa dil ýetirendigiň üçin daşlajak bolýarys. Sebäbi sen... özüňi Hudaý hasaplaýarsyň» diýýärler (Ýahýa 10:31—33). Isa hiç haçan özüne hudaý diýmändi. Onda olar näme üçin oňa töhmet atýarlar?

Isanyň sözleri Hudaýyň oňa ygtyýar berendigini görkezýärdi, emma ýehudylaryň pikirine görä, bu ygtyýar diňe Hudaýa degişlidi. Meselem, Isa «goýunlar» babatda: «Men olara ebedi ýaşaýyş bererin» diýipdi. Muny hiç bir ynsan başarmaýar (Ýahýa 10:28). Ýehudylar Isanyň Atasyndan alan ygtyýary hakda hemmeleriň öňünde aýdan sözlerine ähmiýet bermeýärler.

Isa olaryň ýalňyşýandygyny görkezmek üçin şeýle diýýär: «Siziň öz Kanunyňyzda (Zebur 82:6) Hudaý: „Siz taňrysyňyz“ diýmeýärmi näme? Eger Hudaý sözüni tankytlaýan adamlara „taňrylar“ diýýän bolsa... onda siz nädip maňa, ýagny Atanyň mukaddes eden we dünýä iberen adamsyna „Men Hudaýyň Ogly“ diýendigi üçin „Hudaýa dil ýetirýär“ diýip bilýärsiňiz?» (Ýahýa 10:34—36).

Hawa, Mukaddes Ýazgylarda hatda adalatsyz ynsan kazylaryna-da «taňry» diýilýär. Onda ýehudylar «Men Hudaýyň Ogly» diýen sözleri üçin Isany nädip aýyplap bilýärler? Ine, ol gaty gowy delil getirýär: «Eger men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda maňa iman etmäň. Eger edýän bolsam, aýdýanlaryma ynanmasaňyz-da, iň bolmanda, edýän işlerime ynanyň. Şonda siz Atamyň meniň bilendigini, meniň hem Atam bilen birlikdedigimi bilersiňiz» (Ýahýa 10:37, 38).

Ýehudylar Isany ýene-de tutjak bolup, oňa topulýarlar, ýöne ol gaçyp gutulýar. Soňra Isa Iýerusalimden gaýdyp, Iordan derýasyna, takmynan dört ýyl mundan öň Ýahýanyň adamlary suwa çümdürip başlan ýerine gelýär. Bu ýer Jelile deňziniň günorta tarapyna golaý bolmaly.

Märeke Isanyň ýanyna gelip: «Ýahýa birje gudrat görkezmese-de, şu adam hakda aýdanlarynyň bary hakykat eken» diýýärler (Ýahýa 10:41). Şol ýerde köp adamlar Isa iman edýär.