Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

68-NJI BAP

«Hudaýyň Ogly — «dünýä üçin ýagtylykdyr»

«Hudaýyň Ogly — «dünýä üçin ýagtylykdyr»

ÝAHÝA 8:12—36

  • ISA YNSAN OGLUNYŇ KIMDIGINI DÜŞÜNDIRÝÄR

  • ÝEHUDYLAR HAÝSY MANYDA GULDULAR?

Çatma baýramynyň iň soňky, ýagny ýedinji günüdi. Isa «ybadathananyň pul atylýan ýerinde» adamlara tälim berip durdy (Ýahýa 8:20; Luka 21:1). Bu aýallaryň howlusy bolmaly, adamlar hem getiren köp sowgatlaryny şu ýerdäki gutulara atýardylar.

Baýramçylyk günleri ybadathananyň bu howlusy has ýagty bolýardy. Ol ýerde hersinde ýagdan doly dört jamly ullakan dört çyradan bardy. Olar daş-töwerege, hatda uzak ýerlere-de ýagty saçýardy. Isanyň: «Men dünýä üçin ýagtylykdyryn. Meniň yzyma eýeren adam garaňkylykda gezmez, gaýtam, ýaşaýyş berýän ýagtylygy alar» diýen sözleri adamlara şu çyradanlary ýatladan bolmaly (Ýahýa 8:12).

Fariseýler Isanyň aýdan sözlerine garşy çykyp: «Sen özüň hakda şaýatlyk edýärsiň; seniň şaýatlygyň biderekdir» diýýärler. Isa olara: «Men özüm hakda şaýatlyk etsem-de, şaýatlygym hakykydyr. Sebäbi nireden gelendigimi we nirä barýandygymy bilýärin. Ýöne siz meniň nireden gelip, nirä barýandygymy bilmeýärsiňiz» diýip jogap berýär. Soňra sözüni dowam edip: «Siziň öz Kanunyňyzda-da: „Iki adamyň edýän şaýatlygy hakykydyr“ diýilýär. Men özüm hakda şaýatlyk edýärin, meni iberen Atam hem men hakda şaýatlyk edýändir» diýýär (Ýahýa 8:13—18).

Fariseýler Isanyň getiren delilleri bilen ylalaşmaýarlar, gaýtam, olar: «Hany seniň Ataň?» diýip soraýarlar. Isa: «Siz meni-de, Atamy-da tanamaýarsyňyz. Eger siz meni tanan bolsadyňyz, onda Atamy-da tanardyňyz» diýip, pert jogap berýär (Ýahýa 8:19). Fariseýler ýene-de Isany tussag etjek bolýarlar, emma bu olara başartmaýar.

Soňra Isa öňki aýdanlaryny gaýtalap: «Men gidip barýaryn, siz meni gözlärsiňiz, ýöne şonda-da günäli halyňyza ölersiňiz. Meniň barýan ýerime-de baryp bilmersiňiz» diýýär. Ýehudylar bu sözlere asla düşünmeýärler. Olar geň galyp, şeýle diýişýärler: «Ol janyna kast etjek bolýan-a däldir? Sebäbi ol: „Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz“ diýýär». Isanyň gelip çykyşyny bilmeýändikleri üçin, onuň näme diýjek bolýandygyna olaryň akyly çatmaýardy. Şonda Isa: «Siz ýerdensiňiz; men bolsa ýokardandyryn. Siz şu dünýädensiňiz; men bolsa bu dünýäden däldirin» diýip düşündirýär (Ýahýa 8:21—23).

Şeýdip, Isa gökdäki ýaşaýşy hakda agzap, özüniň wada edilen we dini ýolbaşçylaryň kabul etmeli Mesihdigini aýdýar. Emma olar Isanyň aýdanlaryny äsgermezçilik edip: «Sen kim?» diýip soraýarlar (Ýahýa 8:25).

Isa özüni inkär edýän garşydaşlaryna: «Men siziň bilen näme üçin gepleşip durun diýsene?» diýýär. Emma Isa şonda-da olaryň ünsüni Atasyna çekýär we ynsan Ogluna gulak asmagyň wajypdygyny düşündirip: «Men özümi şu dünýä Iberenden eşiden zatlarymy aýdýaryn. Ol elmydama dogruçyldyr» diýýär (Ýahýa 8:25, 26).

Isa ýehudylardan tapawutlylykda Atasyna doly bil baglaýardy. Şol sebäpli ol: «Siz Ynsan ogluny pürsden asanyňyzda, meniň şol gelmeli adamdygyma we öz-özümden hiç zat etmeýändigime göz ýetirersiňiz; ýöne men Atamdan öwrenen zatlarymy aýdýaryn. Meni Iberen meniň bilendir; ol meni ýeke goýan däldir, sebäbi men hemişe oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýýär (Ýahýa 8:28, 29).

Isa bu sözleri aýdanda, ýehudylaryň käbiri oňa iman edýär. Şonda ol: «Eger siz meniň sözümi berjaý etseňiz, hakykatdan-da, meniň şägirdim bolarsyňyz. Siz hakykat barada bilim alarsyňyz, hakykat hem sizi azat eder» diýýär (Ýahýa 8:31, 32).

Isanyň «azat eder» diýen sözleri käbirine geň görnen bolmaly. Olar: «Biz Ybraýymyň neslidiris we hiç haçan hiç kimiň guly bolan däldiris. Sen nädip „Siz azat bolarsyňyz“ diýip bilýärsiň?» diýýärler. Ýehudylar käte özge milletleriň goly astynda bolýandyklaryny bilseler-de, özlerini gul hasaplamak islemeýärdiler. Emma Isa olaryň henizem gulduklaryny görkezip: «Size dogrusyny aýdýaryn, günä edýän adam günäniň guly bolýandyr» diýýär (Ýahýa 8:33, 34).

Hawa, ýehudylar günäniň goly astyndadygyny boýun alman, özlerini howply ýagdaýa salýardylar. Isa olara: «Gul öýde hemişelik galýan däldir; ogul hemişelik galýandyr» diýip düşündirýär (Ýahýa 8:35). Guluň miras almaga hiç hili haky ýokdy, ony islendik wagt kowup bilýärdiler. Diňe ogul ýa-da ogulluga alnan adam öýde «hemişelik» galyp bilýär, ýagny şol öýde ýaşap bilýär.

Diýmek, Isa hakdaky hakykat adamlary ölüme eltýän günäden azat edip bilýär. Ol muny şeýle düşündirýär: «Eger Ogul sizi azat etse, hakykatdan-da, azat bolarsyňyz» (Ýahýa 8:36).