79-NJY BAP
Imansyz ýehudylar heläk bolar
-
IKI PAJYGALY WAKA ARKALY BERLEN SAPAK
-
SABAT GÜNI BILI BÜKÜLGI AÝALYŇ SAGALYŞY
Isa ençeme gezek adamlary Hudaýyň olara nähili garaýandygy hakda oýlanmaga höweslendiripdi. Ine, häzirem ol fariseýiň öýüniň ýanynda ýygnanan märekä kömek etmek üçin jan edýär.
Märekäniň arasynda duranlaryň käbiri Pilatusyň (Rim häkimi Pontius) ybadathanada gurban getirip duran jelileli adamlary öldürendigini Isa habar berýärler (Luka 13:1). Olar şu wakany gürrüň bermek bilen näme diýjek bolýarlar?
Pilatus ybadathana berlen pullardan alyp, Iýerusalime suw geçirmek üçin desgalary gurmaga ulanýar. Elbetde, ol muny ybadathananyň ýolbaşçylaryndan rugsat alyp edendir. Ýehudylar muny bilende, gozgalaň turuzýarlar. Şonda Pilatus hem olary öldüren bolmaly. Bu wakany Isa gürrüň beren märeke bolsa, olar öz eden erbet işleri üçin öldürilendir öýdýär. Isa munuň bilen razylaşmaýar.
Ol märekeden: «Siziň pikiriňizçe, şol öldürilen jelileliler beýleki jelileli adamlardan has günäkärmi?» diýip soraýar. Soňra özi: «Ýok» diýip jogap berýär. Emma Isa şu waka arkaly ýehudylary habardar etmekçidi. Şonuň üçin ol: «Ýöne toba etmeseňiz, siziň ähliňiz hem şol adamlar ýaly heläk bolarsyňyz» diýýär (Luka 13:2, 3). Soňra Isa ýaňy-ýakynda bolan başga bir pajygaly wakany ýatlaýar. Ol hem şol suw desgalaryny gurmak bilen bagly bolmaly.
Isa märekeden: «Siz üstlerine Siloam binasy ýykylyp ölen 18 adamy Iýerusalimde ýaşaýan beýleki adamlardan has günäli hasaplaýarmysyňyz?» diýip soraýar (Luka 13:4). Märeke ol adamlar öz eden günäsi üçin ölendir öýdýär. Isa munuň bilen hem razylaşmaýar. Sebäbi köplenç şeýle betbagtçylyga «wagt we tötänlik» sebäp bolýar (Wagyz kitaby 9:11). Adamlar şu wakadan hem sapak edinmelidiler, sebäbi Isa: «Ýöne toba etmeseňiz, siziň ähliňiz hem şol adamlar ýaly heläk bolarsyňyz» diýýär (Luka 13:5). Isa muny näme üçin şu wagt aýdýarka?
Isanyň ýer ýüzündäki gullugy tamamlanyp gelýärdi. Ol muny şeýle mysal arkaly düşündirýär: «Bir adamyň üzümçiliginde oturdan injir agajy bardy. Ol miwe almaga gelende, ondan hiç zat tapmaýar. Şonda ol bagbana: „Men bu injir agajyndan miwe almak üçin üç ýyl bäri gelsem-de, hiç zat tapmaýaryn. Ony çap-da, aýyr! Miwe bermeýän agajy saklamak nämä gerek?“ diýdi. Bagban oňa: „Hojaýyn, gel, muňa ýene bir ýyl degmäli. Men onuň düýbüni ýumşadaryn-da, oňa dökün dökerin. Belki, ol miwe berer. Eger bermese, şonda ony çapyp aýraý“ diýýär» (Luka 13:6—9).
Isa üç ýyldan gowrak ýehudylaryň imanyny ösdürmäge jan etdi. Emma bary-ýogy birnäçe adam onuň şägirdi boldy, göçme manyda bu Isanyň ýetişdiren miwesidi. Häzir Isanyň wagyz edip ýörenine üç ýarym ýyl bolup barýardy we ol has-da köp tagalla edýärdi. Ol Ýahudada we Pereýada wagyz edip, adamlara tälim berýärdi. Başgaça aýdanyňda, ol injir agajynyň düýbüni ýumşadyp, oňa dökün dökýän ýalydy. Bu nähili netije berdi? Ýehudylaryň diňe sanlyjasy hoş habara seslendi. Galanlary bolsa, umuman alanyňda, toba edesi gelmedi we indi olar ýok edilmäge ýakyndy.
Luka 13:12). Isa oňa elini degrende, ol şol bada dikelip, Hudaýa alkyş aýdyp başlaýar.
Ýehudylaryň toba etmeýändigini ýene bir wakadan görse bolýar. Sabat günüdi. Isa sinagogada tälim berip durdy. Ine, ol jyn sebäpli 18 ýyl bäri bili bükülen bir aýaly görýär. Isanyň oňa ýüregi awap: «Sen derdiňden açyldyň» diýýär (Sinagoga ýolbaşçysy muny görende, gahary gelip: «Iş etjek bolsaňyz alty gün bar. Sagalmak üçin Sabat güni däl-de, şol günler geliň» diýýär (Luka 13:14). Bu adam Isanyň syrkawlary sagaltmaga güýjüniň bardygyny inkär etmeýär. Geň galaýmaly, ol adamlaryň Sabat güni sagalmaga gelendikleri üçin nägile bolýar! Şonda Isa ýerlikli mysal getirip: «Eý ikiýüzlüler, siz Sabat güni öküziňizi ýa-da eşegiňizi suwa ýakmak üçin, onuň ýüpüni çözüp, malýatakdan çykarmaýarmysyňyz? Onda Şeýtanyň 18 ýyl bäri baglap saklan Ybraýymyň bu gyzyny Sabat güni azatlyga çykarmaly dälmi näme?» diýýär (Luka 13:15, 16).
Isanyň duşmanlary utanyp, ýere giräýjek bolýardy, halk bolsa Isanyň eden işlerini görüp begenýärdi. Soňra Isa Ýahudanyň ýaşaýjylaryna iki mysal getirip, Patyşalyk barada pygamberlik edýär. Ol bu mysallary öňem Jelile deňzinde gaýykda durup aýdypdy (Matta 13:31—33; Luka 13:18—21).