Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

73-NJI BAP

Samariýaly ýagşy adam

Samariýaly ýagşy adam

LUKA 10:25—37

  • EBEDI ÝAŞAÝŞY MIRAS ALMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

  • SAMARIÝALY ADAMYŇ EDEN ÝAGŞYLYGY

Isa henizem Iýerusalimdedi, onuň ýanyna her hili ýehudylar gelýärdi. Käbiri ondan tälim almak üçin gelse, başgalary ony synamak üçin gelýärdi. Ine-de, Kanuny gowy bilýän bir adam gelip, Isadan: «Mugallym, ebedi ýaşaýşy miras almak üçin men näme etmeli?» diýip soraýar (Luka 10:25).

Isa onuň ýöne ýere beýle soragy bermändigini aňýar. Ol Isadan ýehudylaryň gaharyny getirtjek bir zatlary aýdar diýip tama edýärdi. Isa bu mesele babatda onuň öz pikiriniň bardygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol onuň beren soragyna özi jogap berer ýaly edýär.

Isa ondan: «Kanunda näme ýazylgy? Oňa nähili düşünýärsiň?» diýip soraýar. Hudaýyň Kanunyny öwrenýän bu adam Kanun taglymaty 6:5-e we Lewiler 19:18-e salgylanyp: «„Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý“ hem-de „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“» diýip jogap berýär (Luka 10:26, 27). Onuň beren jogaby dogrumyka?

Isa oňa: «Sen dogry jogap berdiň; olary berjaý etseň, ebedi ýaşaýşa gowşarsyň» diýýär. Gürrüň munuň bilen gutarmasa gerek. Sebäbi ol adam soragyň jogaby bilen kanagatlanmaýar; ol özüni aklamak isleýärdi, şonuň üçin garaýşynyň dogrudygyny we adamlar bilen özüni gowy alyp barýandygyny subut etjek bolýar. Şoňa görä-de ol Isadan: «Meniň ýakynym kim?» diýip soraýar (Luka 10:28, 29). Göräýmäge, bu sorag ýönekeý ýalydy, emma onuň çuň manysy bardy.

Ýehudylar «ýakynyň» diýlende, diňe ýehudy halkynyň däp-dessury boýunça ýaşaýan adamlar degişlidir öýdýärler. Göräýmäge, Lewiler 19:18-däki sözler hem muny tassyklaýan ýalydy. Olar hatda özge milletli adamlar bilen gatnaşmagy-da «Kanuna görä» nädogry hasaplaýardylar (Resullaryň işleri 10:28). Diýmek, bu adam diňe ýehudylar bilen gatnaşmak dogry diýip pikir edýärdi. Isanyň käbir şägirtleri-de şeýle pikir edýän bolmaly. Emma özge milletlilere ýagşylyk etmek hökman däl diýýärdiler, sebäbi olary «ýakyny» hasaplamaýardylar.

Isa sorag beren adamyň we beýleki ýehudylaryň göwnüne degmän jogap berip bilermikä? Ol bir hekaýany gürrüň berýär: «Bir adam Iýerusalimden düşüp, Eriha barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini sypyryp alyp, özüni hem urup, çalajan halda taşlap gidýärler. Şol ýoldan ruhany düşüp gelýärdi. Ol ýaralanan adamy görende, ýoluň beýleki tarapyna geçip gidýär. Bir lewi hem ol ýerden geçip barýarka, ony görüp, ýoluň beýleki tarapyna geçýär. Emma şol ýerden bir samariýaly adam geçip barýarka, ony görende juda ýüregi awaýar» (Luka 10:30—33).

Isanyň mysalyny diňläp oturan ýehudy ybadathanada kömek edýän ruhanylaryň we lewileriň köpüsiniň Erihada ýaşaýandygyny bilýärdi. Olar ybadathanadan öýlerine gaýdyp gelmek üçin 23 km ýol sökmeli bolýardy. Bu ýol howply hasaplanýardy, sebäbi ol ýerde talaňçylar bolýardy. Ine, ruhany bilen lewi bir ýehudynyň betbagtçylyga uçrandygyny görýär. Olar oňa kömek edermi? Isa hekaýasynda olaryň kömek etmeýändigini aýdýar. Oňa samariýaly adam ýardam edýär, ýehudylar bolsa olary ýigrenýärdi (Ýahýa 8:48).

Samariýaly adam endam-jany ýaralanan ýehuda nädip kömek edýär? Isa şeýle gürrüň berýär: «Ol onuň ýanyna barýar-da, ýaralaryna ýag hem-de şerap guýup saraýar. Soňra ony göterip, eşegine mündürýär we bir kiçijik myhmanhana eltýär-de, aladasyny edýär. Ertesi gün ol myhmanhananyň eýesine iki dinar berip, oňa: „Bu adamyň aladasyny ediň, artykmaç çykdajy etseňiz, gaýdyp gelenimde bererin“ diýýär» (Luka 10:34, 35).

Ökde Mugallym Isa hekaýany gürrüň berip bolansoň, ýaňky adamdan: «Bu üçüsiniň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň ýakyny boldy?» diýip soraýar. Ol «samariýaly adam» diýmäge özüne kiçilik bilen bolmaly, şonuň üçin: «Rehimdarlyk eden adam» diýip jogap berýär. Soňra Isa hekaýanyň maksady düşnükli bolar ýaly, oňa: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýýär (Luka 10:36, 37).

Isa, gör, nähili gowy öwredýär! Eger ol sorag beren adama we beýleki ýehudylara özge milletden bolan adamlar siziň ýakynyňyz diýen bolsa, olar razylaşarmydy? Razylaşmasa gerek. Isa bolsa ýönekeý mysalyň üsti bilen diňleýjilerine «Meniň ýakynym kim?» diýen soragyň jogabyny bilmäge kömek edýär. Hawa, «ýakynyň» diýlende, söýýän we ýagşylyk edýän adam göz öňünde tutulýar. Mukaddes Ýazgylarda biziň hem söýýän we ýagşylyk edýän adam bolmalydygymyz hakda tabşyryk berilýär.