Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýol, hakykat we ýaşaýyş

Ýol, hakykat we ýaşaýyş

Gowy habary eşitmek ýakymly bolsa gerek. Emma bir habar sizi we dogan-garyndaşlaryňyzy has-da begendirer.

Ol habar Mukaddes Ýazgylarda, ýagny älem-jahanyň Ýaradyjysy Ýehowa Hudaýyň ençeme ýyl mundan ozal ýazdyran kitabynda ýerleşýär. Şu edebiýatda Mukaddes Ýazgylaryň dört kitabyna üns berilýär. Olarda biziň ählimizi begendirjek iň şatlykly habar aýdylýar. Bu dört kitap olary ýazan adamlaryň, ýagny Mattanyň, Markusyň, Lukanyň we Ýahýanyň atlaryny göterýär.

Adatça, bu dört kitaba Injiliň dört hoş habary diýilýär. Olaryň ählisinde Isa hakda hoş habar, ýagny Hudaýyň ol arkaly adamzady halas etjekdigi gürrüň berilýär. Şeýle-de Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde Isanyň özüne iman edýän adamlaryň ählisini ebedi ýaşaýyş bilen sylaglajakdygy hakda aýdylýar (Markus 10:17, 30; 13:13).

NÄME ÜÇIN DÖRT KITAP?

Belki-de, siz Isanyň ýaşaýşy we taglymatlary hakda Hudaýyň dört kitap ýazdyrandygyna geň galýansyňyz.

Isanyň aýdan sözlerini we eden işlerini gürrüň berýän kitabyň dördüsi-de peýdalydyr. Geliň, meşhur mugallymyň daşyna üýşüp, ony diňleýän dört adamyň mysalyna seredeliň. Mugallymyň öňünde duran adam salgytçy, sag tarapyndaky lukman, çep tarapynda duran adam balykçy; şeýle-de ol mugallymyň iň ýakyn dosty. Mugallymyň arka tarapynda durup, ony diňleýän dördünji adam bolsa beýlekilerden ýaşdy. Olaryň dördüsi-de dogruçyldy we gyzyklanýan hem-de üns berýän zatlary birmeňzeş däldi. Hemmesi-de mugallymyň aýdýan sözlerini we edýän işlerini ýazýarlar. Olaryň ýazýan jikme-jiklikleri we gürrüň berýän wakalary bir-birinden tapawutlanýar. Eger siz beýan edilişi ýa-da maksady bilen tapawutlanýan bu ýazgylary okasaňyz, mugallymyň aýdan sözleri we eden işleri hakda doly maglumat alarsyňyz. Edil şonuň ýaly-da Beýik Mugallym Isa hakda ýazylan kitaplaryň dördüsi-de peýdalydyr.

Salgytçy öz kitabyny ýehudylar üçin ýazýar. Şol sebäpli onuň ýazan taglymatlaryna we wakalaryna ýehudylar has gowy düşünýär. Lukman bolsa syrkawlaryň ýa-da agsaklaryň sagalyşyna has köp üns berýär. Şoňa görä-de ol salgytçynyň ýazan käbir zatlaryny ýazmaýar ýa-da olary başga tertipde görkezýär. Mugallymyň ýakyn dosty onuň duýgularyna we häsiýetlerine üns berýär. Olaryň arasyndaky iň ýaş adam bolsa gysga we örän çäklendirip ýazýar. Muňa garamazdan, olaryň bary dogry maglumat berýär. Bu mysal bize dört kitapda beýan edilýän Isanyň eden işleri, taglymatlary we häsiýetleri baradaky düşünjämizi has-da artdyrýar.

Adamlar köplenç «Mattanyň hoş habary» ýa-da «Ýahýanyň hoş habary» diýýärler. Bu nädogry däl, sebäbi olaryň hersinde «Isa Mesih baradaky hoş habar» bar (Markus 1:1). Ýöne, umuman aýdanyňda, Isa hakda bir hoş habar bar, çünki Injiliň bu dört kitaby bir-biriniň üstüni doldurýar.

Hudaýyň Sözüni öwrenýän adamlaryň köpüsi Mattanyň, Markusyň, Lukanyň we Ýahýanyň hoş habaryny deňeşdirip, ondaky wakalary bir-birine gabat gelşini barlap okaýarlar. Takmynan b. e. 170-nji ýylynda Tatian atly siriýaly ýazyjy hoş habarlary şeýdip okapdyr. Ol bu kitaplaryň dördüsini-de dogry hasaplaýardy we Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna ynanýardy. Şol sebäpli ol dört kitapdaky Isanyň ýaşaýşyny we gullugyny gürrüň berýän wakalary birikdirip, «Diatessaron» atly kitabyny ýazýar.

«Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş» kitaby hakda hem şeýle diýse bolar. Ýöne bu kitap has dogry we doly maglumat berýär. Biz häzir Isa hakdaky pygamberlikleri we onuň gürrüň beren mysallary barada giňişleýin bilýäris. Şonuň üçinem Isanyň aýdan sözlerine we eden işlerine hem-de wakalaryň yzygiderliligine has gowy düşünýäris. Şeýle-de arheologik tapyndylar bize dört hoş habarçynyň ýazan käbir jikme-jiklikleri we beýan ediş stiline düşünmäge kömek edýär. Elbetde, wakalaryň yzygiderliligi babatda belli bir karara gelmek kyn. Emma «Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş» atly kitapdaky wakalar ýerlikli we logiki yzygiderlikde görkezilen.

ÝOL, HAKYKAT WE ÝAŞAÝYŞ

Siz bu kitaby okanyňyzda, özüňiz we dogan-garyndaşlaryňyz üçin peýdaly boljak esasy pikirlere üns berjek boluň. Isa Mesihiň Tomas resula: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn. Hiç kim mensiz Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýen sözlerini unutmaň (Ýahýa 14:6).

«Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş» kitaby bize Isanyň haýsy manyda «ýoldugyna» düşünmäge kömek eder. Biz diňe ol arkaly Ýehowa doga edip bilýäris. Galyberse-de, Isa bizi Hudaý bilen ýaraşdyrýan «ýoldur» (Ýahýa 16:23; Rimliler 5:8). Şol sebäpli biz diňe ol arkaly Hudaýa ýakynlaşyp bilýäris.

Isa — «hakykat». Ol hakykata laýyk sözleýärdi we ýaşaýardy; başgaça aýdanyňda, onuň durmuşy hakykatyň nämedigini görkezýär. Isa ençeme pygamberlikleri berjaý etdi, «olar Isa arkaly „hawa“ bolýandyr» (2 Korinfliler 1:20; Ýahýa 1:14). Şeýle pygamberlikler bize Hudaýyň niýetinde Isanyň tutýan esasy ornuny görmäge kömek edýär (Ylham 19:10).

Isa Mesih — «ýaşaýyş». Isanyň kämil ýaşaýşy we gany, başgaça aýdanyňda, onuň töleg gurbany arkaly biz «hakyky ýaşaýşa», ýagny «ebedi ýaşaýşa» gowşup bileris (1 Timoteos 6:12, 19; Efesliler 1:7; 1 Ýahýa 1:7). Şeýle-de ol millionlarça ölen, ýöne direlip, Jennetdäki ebedi ýaşaýşa gowuşjak adamlar üçin «ýaşaýyş» bolar (Ýahýa 5:28, 29).

Biziň ählimiz Hudaýyň niýetindäki Isanyň tutýan ornuna düşünip, gadyryny bilmeli. Geliň, «Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş» kitabyny okap, Isa hakda bilimimizi artdyralyň!