15-NJI BAP
Isanyň görkezen ilkinji gudraty
-
KANADAKY TOÝ
-
ISA SUWY ŞERABA ÖWÜRÝÄR
Natanyýeliň Isanyň şägirdi bolandygyna üç gün geçdi. Häzir Isa ilkinji şägirtleri bilen öz welaýaty Jelilä, has dogrusy, Jeliläniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän Kana şäherine barýar. Natanyýel şol şäherdendi. Bu şäher Isanyň önüp-ösen Nazaretiň demirgazygyndaky daglyk ýerlerinde ýerleşýärdi. Olary Kana şäherindäki toýa çagyrypdylar.
Toýa Isanyň ejesini hem çagyrýarlar. Merýem toý tutýan maşgala bilen ýakyndan gatnaşýandygy üçin, ondan toýa gelen myhmanlaryň aladasyny etmegini haýyş edýärler. Ol toýda nämäniň ýetmezçilik edýändigine derrew üns berýär-de: «Bularyň şeraby ýok» diýip, Isa habar berýär (Ýahýa 2:3).
Merýem Isanyň kömek etmegini isleýär. Emma Isa ejesine: «Munuň bize näme dahylly ýeri bar?» diýýär (Ýahýa 2:4). Isa özüniň Hudaýyň bellän Patyşasydygyny bilýärdi, şonuň üçin ol görkezmä maşgala agzalaryndan ýa-da dost-ýarlaryndan däl-de, gökdäki Atasyndan garaşýardy. Şonda Merýem paýhasly hereket edýär. Ol ähli zady oglunyň eline tabşyrýar-da, hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony-da ediň» diýýär (Ýahýa 2:5).
Ol ýerde hersine 40 litre golaý suw sygýan alty sany daşdan ýasalan gap bardy. Isa hyzmatkärlere: «Gaplary suwdan dolduryň», soňra: «Ondan biraz alyň-da, toýuň guramaçysyna eltip beriň» diýýär (Ýahýa 2:7, 8).
Toýuň guramaçysy suwuň gudrat bilen şeraba öwrülendigini bilmese-de, hiliniň gaty gowudygyna üns berýär. Ol öýlenýän ýigidi ýanyna çagyryp: «Her kes öňürti gowy şeraby berýär, hili pes şeraby bolsa adamlar serhoş bolandan soňra berýär. Sen bolsa gowy şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň» diýýär (Ýahýa 2:10).
Bu Isanyň görkezen ilkinji gudratydy. Şägirtler muny görüp, Isa bolan imany berkeýär. Soňra Isa ejesi we doganlary bolup, Jelile deňziniň demirgazyk-günbatar kenarynda ýerleşýän Kapernaum şäherine ýola düşýär.