Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

83-NJI BAP

Myhmançylyga çagyrylmak

Myhmançylyga çagyrylmak

LUKA 14:7—24

  • PESGÖWÜNLILIK BARADAKY SAPAK

  • MYHMANÇYLYGA ÇAGYRLANLAR BAHANA TAPÝAR

Isa ýaňyja fariseýiň öýünde elleri we aýaklary çiş adamy sagaltdy. Ol myhmançylyga gelen adamlaryň jaýyň törüne geçýändigine syn edýär we pursatdan peýdalanyp, pesgöwünli bolmak barada öwredýär.

Ol şeýle diýýär: «Biri sizi toýa çagyrsa, iň hormatlanýan ýere geçip oturmaň. Belki-de, sizden has hormatlanýan biri hem çagyrylandyr. Şonda sizi myhmançylyga çagyran adam: „Sen oturan ýeriňi muňa ber“ diýer. Sen hem utanja galyp, has pes ýere geçmeli bolarsyň» (Luka 14:8, 9).

Soňra ol: «Emma myhmançylyga çagyrylanyňyzda, pes ýere geçip oturyň. Şonda öý eýesi seni ýanyna çagyryp: „Dostum, töre geçsene“ diýer. Sen-de hemmeleriň gözüniň alnynda hormata eýe bolarsyň» diýýär. Isa bu ýerde diňe bir edim-gylymly bolmak barada aýtmaýar. Ol sözüni dowam edip: «Sebäbi özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler» diýýär (Luka 14:10, 11). Hawa, Isa diňleýjilerine kiçigöwünli bolmak barada maslahat berýär.

Soňra Isa özüni öýüne çagyran fariseýe ýüzlenip, Hudaýa ýaramly tärde myhman almak üçin näme etmelidigini şeýle düşündirýär: «Adamlary günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyna çagyranyňda, oňa dostlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy ýa-da baý goňşularyňy çagyrma. Sebäbi olar hem öz gezeginde seni myhmançylyga çagyryp, edeniňi gaýtaryp bilerler. Emma sen toý-meýlis gurnanyňda, oňa garyplary, maýyplary, agsaklary we körleri çagyr. Şonda sen özüňi bagtly duýarsyň, sebäbi olar saňa gaýtaryp bilmezler» (Luka 14:12—14).

Elbetde, dostlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy ýa-da goňşularyňy myhmançylyga çagyrmak adaty zat, Isa hem muňa nädogry diýjek bolmady. Emma ol garyplar, agsaklar we körler ýaly mätäçleri myhmançylyga çagyran adamyň uly sylaga mynasyp bolup biljekdigini nygtaýar. Isa öý eýesine: «Dogry adamlar direlende, Hudaý saňa gaýtaryp berer» diýýär. Saçak başynda oturanlaryň biri: «Hudaýyň Patyşalygynda çörek iýjek adam bagtlydyr» diýýär (Luka 14:15). Ol adam munuň nähili uly hormatdygyna düşünen bolmaly. Emma beýleki myhmanlar şeýle pikir etmeýär. Isanyň indiki gürrüň berjek hekaýasy muny aýdyň görkezer.

Ol şeýle diýýär: «Bir adam uludan toý tutup, oňa köp adamlary çagyrdy... ol guluny myhmançylyga çagyrylanlaryň ýanyna iberip: „Hemme zat taýyn, geliberiň“ diýmegi tabşyrdy. Emma çagyrylanlaryň bary ötünç sorap başladylar. Birinjisi: „Men ekin meýdanyny satyn aldym, häzir gidip şony görmeli; meni bagyşlaň“ diýdi. Başga biri: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, häzir gidip şolary barlamaly; meni bagyşlaň“ diýdi. Üçünjisi bolsa: „Men ýaňyja öýlendim, şol sebäpli men baryp biljek däl“ diýdi» (Luka 14:16—20).

Bularyň bary bahanady. Adatça, ekin meýdanyny ýa-da mal-garany satyn alansoň däl-de, ondan öň barlaýarlar. Üçünji adam bolsa toýuna taýýarlyk görmeýärdi, sebäbi ol eýýäm öýlenipdi. Hormat bilen çagyran adamyň çakylygyny kabul etmäge oňa hiç zat päsgel bermeýärdi. Hojaýyn olaryň bahanasyny eşidende, gaharlanyp, şeýle diýýär:

«„Çalt git-de, şäheriň uly we kiçi köçelerine aýlanyp, garyplary, maýyplary, körleri we agsaklary getir“ diýdi. Gul dolanyp geldi-de, „Hojaýyn, men aýdyşyň ýaly etdim, ýöne henizem boş ýerler bar“ diýdi. Şonda hojaýyn guluna: „Bar-da, ýollara we ýodalara aýlanyp, öýüň içi dolar ýaly, adamlary zor bilen getir. Size diýýärin, myhmançylyga çagyrylanlaryň hiç biri taýýarlan naharymdan datmaz“ diýdi» (Luka 14:21—24).

Bu mysal Ýehowa Hudaýyň Isa Mesihe tabşyran ýumşuny gowy suratlandyrýar. Ol adamlary gökdäki Patyşalyga girmäge çagyrýardy. Oňa ilkinji bolup ýehudylar, esasanam, dini ýolbaşçylar çagyrylypdy. Isa ýer ýüzünde gulluk edende, olaryň köpüsi onuň çakylygyny kabul etmedi. Emma Patyşalyga başga adamlar hem çagyrylypdy. Isa gelejekde sada ýehudylar we özge milletliler üçin ikinji çakylygyň hem boljakdygyny aýdýar. Şeýle-de üçünji, ýagny soňky çakylyk hem bolar. Ýehudylar oňa çagyryljak adamlary Hudaýyň merhemetine mynasyp görmeýärler (Resullaryň işleri 10:28—48).

Ýadyňyzda bolsa, myhmanlaryň biri: «Hudaýyň Patyşalygynda çörek iýjek adam bagtlydyr» diýipdi. Isanyň aýdanlary hem şu sözleriň dogrudygyny tassyklaýar.