Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

96-NJY BAP

Isanyň baý ýolbaşça beren jogaby

Isanyň baý ýolbaşça beren jogaby

MATTA 19:16—30; MARKUS 10:17—31; LUKA 18:18—30

  • BAÝ ADAM EBEDI ÝAŞAÝYŞ HAKDA SORAÝAR

Isa henizem Pereýanyň içi bilen Iýerusalime barýardy. Şonda bir baý, ýaş ýolbaşçy ylgap gelýär-de, onuň öňünde dyza çökýär. Oňa «ýehudylaryň bir ýolbaşçysy» diýilýär, diýmek, ol sinagoga ýolbaşçylarynyň biri ýa-da Sinedrionyň agzasy bolmaly. Ol Isadan: «Ýagşy Mugallym, ebedi ýaşaýşy miras almak üçin men näme etmeli?» diýip soraýar (Luka 8:41; 18:18; 24:20).

Isa oňa: «Sen näme üçin maňa ýagşy diýýärsiň? Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir» diýip jogap berýär. Ýaş ýolbaşçy «ýagşy» diýende, ýehudy mugallymlaryna degişli tituly göz öňünde tutup aýdan bolmaly. Elbetde, Isa öwretmekde ussatdy, ýöne ol «Ýagşy» diýen titula diňe Hudaýyň mynasypdygyna düşünýärdi.

Isa baý ýolbaşça: «Eger ýaşaýşa gowuşmak isleseň, tabşyryklary berjaý et» diýip maslahat berýär. Şonda ol: «Haýsy tabşyryklary?» diýip soraýar. Isa On tabşyrygyň bäşisini agzaýar: adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňi syla. Ahyrynda bolsa: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň wajyp tabşyrygy aýdýar (Matta 19:17—19).

Ýaş ýigit: «Men bularyň ählisini berjaý edýärin» diýýär-de, soňra: «Men ýene näme etmeli?» diýip soraýar (Matta 19:20). Belki-de, ol ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin ýagşy işleri az edýändirin ýa-da gahrymanlarça bir hereket etmelidirin öýdýän bolmaly. Isa ol adamyň akýüreklidigini görüp, ony «gowy görýär» (Markus 10:21). Ýöne bu ýaş ýigide bir zat päsgel berýärdi.

Baý adam emlägini juda gowy görýärdi, şonuň üçin Isa oňa: «Saňa birje zat ýetmeýär: git-de, bar zadyňy satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar; soňra gel-de, meniň şägirdim bol» diýýär. Ol puluny yzyna gaýtaryp bilmeýän garyp-gasarlara paýlap, Isanyň şägirdi bolup bilerdi. Ýöne ol gynanyp, ýerinden galýar-da, tukat bolup gidýär. Sebäbi onuň «mal-mülki köpdi», baýlyga bolan söýgi oňa hakyky hazynany görmäge päsgel berýärdi (Markus 10:21, 22). Şonda Isa: «Puly köp adama Hudaýyň Patyşalygyna girmek, gör, nähili kyn bolar!» diýýär (Luka 18:24).

Bu sözleri eşidip, şägirtler haýran galýar, ýöne Isanyň indiki aýtjak sözleri olary has-da haýran galdyrýar: «Baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi aňsatdyr». Şonda şägirtler: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soraýarlar. Eýsem, halas bolmak şeýle kynmy, adamlar ony başarmazmy? Isa şägirtlerine göni seredýär-de: «Adamlar üçin mümkin bolmadyk zat Hudaý üçin mümkindir» diýip jogap berýär (Luka 18:25—27).

Şonda Petrus resul baý adamdan tapawutlylykda özleriniň başga ýol saýlandygyny belläp: «Ine, biz ähli zadymyzy goýup, seniň yzyňa düşdük; munuň üçin bize näme berler?» diýip soraýar. Isa olaryň saýlan ýolunyň nähili bereket berjekdigini görkezip: «Hudaý ähli zady täzelände, Ynsan ogly şöhratly tagtynda oturar, şonda siz hem tagtlarda oturyp, ysraýylyň 12 taýpasyna kazylyk edersiňiz» diýýär (Matta 19:27, 28).

Hawa, Isa «ähli zat täzelenende» diýmek bilen, gelejekde ýer ýüzüniň Erem bagy ýaly boljak döwri göz öňünde tutýar. Şonda Petrus we beýleki şägirtler gökde Isa bilen bile ýer ýüzündäki Jennetiň üstünden höküm sürerler. Eýsem, bu sylag olaryň ähli zadyndan geçendigine degmeýärmi näme?!

Ýöne Isanyň şägirtleri diňe gelejekde däl, eýsem, häzirem käbir sylaglaryň eýesi bolýarlar. Isa bu hakda şeýle diýýär: «Hudaýyň Patyşalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ata-enesini ýa-da çagalaryny taşlan her kes şu döwürde has köp esse edip alar, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar» (Luka 18:29, 30).

Hawa, şägirtler nirede bolsalar-da, olaryň bütin dünýäde doganlary bar. Bütindünýä doganlygymyz maşgala gatnaşygyndan-da ýakyn hem-de gymmatlydyr. Gynansak-da, ýaňky baý adam özüni şu bereketden, şol sanda Hudaýyň gökdäki Patyşalygynda höküm sürmek hormatyndan hem mahrum etdi.

Isa sözüni şeýle dowam edýär: «Emma ilkinji bolanlaryň köpüsi soňky, soňkular bolsa ilkinji bolarlar» (Matta 19:30). Bu nämäni aňladýar?

Ýaş ýigit ýehudy ýolbaşçylarynyň biri hökmünde «ilkinjileriň» hataryndady. Ol Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýärdi, şonuň üçin Isanyň şägirdi bolup, hakyky Mesihiň yzyna eýerýän adamlar bilen has köp ýagşy işleri edip bilerdi. Emma ol baýlygyny we emlägini birinji orunda goýýar. Sada adamlar bolsa Isanyň taglymatlaryny hakykat hasaplaýarlar we onuň ýaşaýşa eltýändigine ynanýarlar. Olara «soňkular» diýilse-de, «ilkinji bolarlar». Olar Isa bilen bilelikde tagtlarda oturyp, ýer ýüzündäki Jennetiň üstünden höküm sürmäge sabyrsyzlyk bilen garaşyp bilerler.