Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

88-NJI BAP

Baý adam bilen Lazaryň ýagdaýy özgerýär

Baý adam bilen Lazaryň ýagdaýy özgerýär

LUKA 16:14—31

  • BAÝ ADAM WE LAZAR BARADAKY MYSAL

Isa şägirtlerine maddy zatlaryny dogry ulanmalydygy barada gowy maslahat berýär. Emma bu maslahaty diňe şägirtler däl-de, fariseýler hem eşidýär, çünki olaram Isanyň maslahatyny kabul etmelidiler. Näme üçin? Sebäbi olar «puly söýýärdiler». Fariseýler Isanyň aýdanlaryny eşidende, «onuň üstünden gülüp başlaýarlar» (Luka 15:2; 16:13, 14).

Emma Isa aljyramaýar, gaýtam, olara: «Siz adamlaryň öňünde özüňizi dogry hasaplaýarsyňyz, emma Hudaý siziň ýürekleriňizi görýär. Sebäbi adamlaryň wajyp saýýan zady Hudaýyň nazarynda ýigrenjidir» diýýär (Luka 16:15).

Adamlar fariseýleri şu wagta çenli «wajyp saýyp» beýgeltdiler. Ýöne indi düýpli özgerişligiň bolmaly wagty geldi. Syýasy ýolbaşçy, dindar we uly abraýa eýe bolan bu baýlar peselmelidi. Ruhy zerurlyklaryna düşünýän sada adamlar bolsa beýgelmelidi. Isa şeýle uly özgerişligiň boljakdygyny aýdyň görkezýär:

«Musanyň kanuny we Pygamberler ýazgylary Ýahýanyň günlerine çenli yglan edildi. Şondan bäri Hudaýyň Patyşalygy hoş habar hökmünde wagyz edilýär we adamlar oňa yhlas bilen ymtylýarlar. Aslynda, asman we ýer geçip biler, ýöne Kanunyň ýekeje harpynyň çyzygy-da ýerine ýetmän galmaz» (Luka 3:18; 16:16, 17). Isanyň bu sözleri özgerişligiň bolup durandygyny nädip görkezýär?

Ýehudy dini ýolbaşçylary Musanyň kanunyna eýerýändigine buýsanýardylar. Ýadyňyzda bolsa, Isa Iýerusalimde kör adamyň gözüni açanda, olar gopbamsylyk bilen: «Biz... Musanyň şägirtleri. Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris» diýipdiler (Ýahýa 9:13, 28, 29). Musanyň kanuny pesgöwünli adamlara Mesihi, ýagny Isany kabul etmäge kömek etmelidi. Suwa çümdürýän Ýahýa Isanyň Hudaýyň Guzusydygyny aýdypdy (Ýahýa 1:29—34). Ýahýanyň gulluk edip başlany bäri pesgöwünli ýehudylar, esasan-da, garyplar «Hudaýyň Patyşalygy» hakdaky habary eşidip gelýärler. Hawa, Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmak we onuň bereketlerini almak isleýän adamlaryň ählisine «hoş habar» wagyz edilýärdi.

Ýöne Musanyň kanuny ýerine ýetmedi diýmek nädogry bolardy; sebäbi ol halky Mesihi kabul etmäge taýýarlapdy. Galyberse-de, ony berjaý etmegiň möwriti dolup gelýärdi. Meselem, Kanunda är-aýala dürli sebäbe görä aýrylyşmaga rugsat berilýärdi, emma Isa: «Aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlenýän adam zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen adam hem zyna edýändir» diýýär (Luka 16:18). Elbetde, ähli zat üçin düzgün çykarmagy gowy görýän fariseýler bu sözleri eşidip, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolandyr!

Häzir Isa bir mysal arkaly ýagdaýyň nähili derejede özgerjekdigini görkezer. Ol ýagdaýy düýpgöter özgeren iki adam hakda gürrüň berer. Isanyň hekaýasyny puly söýýän we öwlüp arşa çykarylýan fariseýleriň hem diňläp oturandygyny unutmaň.

«Bir baý adam bardy. Ol gyrmyzy reňkli gymmatbaha eşik geýýärdi we her gün wagtyny hoş geçirerdi. Onuň derwezesiniň öňünde tutuş endamyny ýara basan Lazar atly bir garyp adamy goýup giderdiler. Ol baý adamyň saçagyndan gaçýan zatlar bilen garnyny doýurmak isleýärdi. Itler hem gelip, onuň ýaralaryny ýalardy» (Luka 16:19—21).

Biz ýokarda fariseýleriň puly söýýändiklerini agzapdyk, şol sebäpli «baý adamyň» kimi suratlandyrýandygyny bilmek kyn bolmasa gerek. Şeýle-de ýehudy dini ýolbaşçylary gymmat bahaly eşik geýmegi gowy görýärdiler. Olar diňe bir baý bolman, eýsem, aýratyn hukuklara eýe bolup, köp mümkinçilikden peýdalanyp bilýärdiler. Hawa, mysaldaky baý adamyň gyrmyzy reňkli gymmatbaha eşik geýmegi onuň wezipeli adamdygyny we özüne göwni ýetýändigini görkezýärdi (Danyýel 5:7).

Baý we gopbamsy ýolbaşçylar garyp-gasarlara nähili garaýardylar? Olary Kanuny bilmeýän, näletlenen adamlar hasaplaýardylar we kemsidip, em-haares, ýagny «ýer adamlary» diýýärdiler (Ýahýa 7:49). Bu aç we hor bolan «Lazar atly garyp adamyň» ýagdaýyny suratlandyrýardy. «Ol baý adamyň saçagyndan gaçýan zatlar bilen garnyny doýurmak isleýärdi». Lazaryň tutuş endamynyň ýara bolşy ýaly, sada adamlary hem Hudaýa gerekmejek hasaplap, olara göwnüýetmezçilik bilen seredýärdiler.

Şeýle gözgyny ýagdaý eýýäm ençeme wagtdan bäri dowam edip gelýärdi. Emma Isa tizden uly özgerişligiň boljakdygyny bilýärdi. Hawa, baý adamyň hem, Lazaryň hem ýagdaýy özgermelidi.

BAÝ ADAM BILEN LAZARYŇ ÝAGDAÝYNYŇ ÖZGERIŞI

Isa özgerişligi şeýle suratlandyrýar: «Bir gün şol garyp aradan çykýar we perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna alyp gidýärler. Baý adam hem aradan çykyp jaýlanýar. Ol Gabyrda ejir çekip ýörkä, gözüni galdyranda, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanynda duran Lazary görýär» (Luka 16:22, 23).

Diňleýjileriň bary Ybraýym pygamberiň birmahal dünýäden ötüp, Gabyrda ýatandygyny bilýärdi. Mukaddes Ýazgylara görä, Gabyrda, ýagny Şeolda ýatan adamlar şol sanda Ybraýym hem ne görüp, ne-de gepläp bilýärdi (Wagyz kitaby 9:5, 10). Onda dini ýolbaşçylar Isanyň mysalyna nähili düşündilerkä? Ol sada adamlar we puly söýýän dini ýolbaşçylar üçin nämäni aňladýardy?

Isa ýaňyja: «Musanyň kanuny we Pygamberler ýazgylary Ýahýanyň günlerine çenli yglan edildi. Şondan bäri Hudaýyň Patyşalygy hoş habar hökmünde wagyz edilýär» diýipdi. Diýmek, Ýahýanyň we Isanyň wagzy arkaly Lazaryň-da, baý adamyň-da ýagdaýy özgerdi, ýagny olar Hudaýyň öňünde başga orna eýe bolýarlar.

Pesgöwünli garyp adamlar uzak wagtlap ruhy iýmitden mahrum bolupdy. Emma olara kömek edildi; olar ilki Ýahýanyň, soňra Isanyň Patyşalyk baradaky hoş habaryna seslendiler. Öň olar dini ýolbaşçylaryň ruhy saçagyndan gaçýan zatlar bilen iýmitlenýärdiler. Indi bolsa olara Ýazgylardaky wajyp hakykatlar gürrüň berilýär. Hawa, ahyrsoňy olar Ýehowa Hudaýyň merhemetini gazanyp bildiler.

Emma baý we atly-abraýly dini ýolbaşçylar Ýahýanyň-da, bütin ýurdy aýlanyp wagyz eden Isanyň-da habaryny inkär etdiler (Matta 3:1, 2; 4:17). Aslynda, bu habar olary gynaýar, ýagny Hudaýyň ot bilen geljek hökümi olaryň gaharyny getirýär (Matta 3:7—12). Eger Isa we onuň şägirtleri Hudaýyň habaryny yglan etmeseler, puly söýýän dini ýolbaşçylar özüni rahat duýardylar. Olar mysaldaky baý adama meňzedilýär. Ol: «Ybraýym ata, maňa rehimiň insin. Lazary iberäý, goý, ol barmagynyň ujuny suwa batyryp, dilimi sowatsyn. Sebäbi oduň ýalny meni öldürip barýar» diýýär (Luka 16:24).

Ýöne bu bolmaýar, sebäbi dini ýolbaşçylaryň aglabasy özgermek islemeýär. Olar Hudaýyň Mesihini we onuň bellän Patyşasy Isany kabul etmelidigi hakda ýazan «Musanyň kitabyna we Pygamberler ýazgylaryna» gulak asmadylar (Luka 16:29, 31; Galatýalylar 3:24). Isany kabul eden we Hudaýyň merhemetini gazanan garyp adamlary diňlär ýaly, özüni kiçeltmek islemediler. Isanyň şägirtleri bolsa hakykaty ýoýman wagyz edýärler, çünki olar dini ýolbaşçylara ýaranmak islemeýärler. Isa muny «Ybraýym atanyň» baý adama aýdan sözleri bilen görkezýär:

«Oglum, sen ýaşan döwrüň gowy zatlary alandygyňy, Lazaryň bolsa diňe erbet zatlary görendigini ýadyňa sal. Indi ol bu ýerde rahat ýaşaýar, sen bolsa ejir çekýärsiň. Üstesine-de, biziň aramyzda uly uçut goýlupdyr. Şonuň üçin biri size tarap geçmek islese-de, baryp bilmeýär, sizden-de bize hiç kim gelip bilmeýär» (Luka 16:25, 26).

Nähili ýerlikli özgerişlik! Dogrudan-da, gopbamsy dini ýolbaşçylar bilen Isanyň boýuntyrygyny dakyp, ruhy iýmitden lezzet alýan pesgöwünli adamlaryň arasyndaky tapawut gaty uly (Matta 11:28—30). Bary-ýogy birnäçe aýdan Kanun ähti täze äht bilen çalşyrylanda, bu tapawut has-da aýan bolar (Ýermeýa 31:31—33; Koloslylar 2:14; Ýewreýler 8:7—13). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mukaddes ruh inende, fariseýleriň we olaryň tarapyny tutýan adamlaryň däl-de, Isanyň şägirtleriniň Hudaýyň merhemetini gazanandyklary mese-mälim bolar.