Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

91-NJI BAP

Lazar direlýär

Lazar direlýär

ÝAHÝA 11:38—54

  • LAZARYŇ DIRELIŞI

  • SINEDRION ISANY ÖLDÜRMEK ÜÇIN DIL DÜWÜŞÝÄR

Isa Betaniýanyň golaýynda Marta hem-de Merýem bilen görşüp, soňra hemmesi bile Lazaryň jaýlanan ýerine gidýärler. Ony bir gowakda jaýlapdylar, mazaryň agzyna-da daş goýlupdy. Isa: «Daşy aýryň» diýip buýurýar. Marta Isanyň näme etjek bolýandygyna düşünmän, biynjalyk bolup: «Halypam, onuň ölenine dört gün boldy, bedeni eýýäm porsandyr» diýýär. Emma Isa: «Men saňa iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýýär (Ýahýa 11:39, 40).

Şeýlelikde, daşy aýyrýarlar. Şonda Isa göge bakyp: «Atam, dogamy eşidendigiňe minnetdar. Aslynda, meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin; ýöne muny şu ýerde duran märekäniň meni seniň iberendigiňe iman etmekleri üçin aýtdym» diýýär. Ol hemmeleriň öňünde doga etmek bilen, muny Hudaýyň beren güýji arkaly edýändigini görkezýär. Soňra Isa batly ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!» diýýär. Şonda eli, aýagy we ýüzi kepene dolangy adam daşaryk çykýar. Isa adamlara: «Onuň kepenini aýryň, goý, ýöresin» diýýär (Ýahýa 11:41—44).

Marta bilen Merýeme teselli bermäge gelen ýehudylaryň köpüsi Isanyň görkezen gudratyny görüp, oňa iman edýär. Başgalar bolsa gidip, Isanyň eden işini fariseýlere ýetirýärler. Şonda fariseýler uly ruhanylar bilen birlikde Sinedriony, ýagny ýehudylaryň Ýokary kazyýetini ýygnaýarlar. Kaýafa atly baş ruhany hem onuň agzasydy. Käbiri nägilelik bildirip: «Bu adam köp gudratlary görkezýär, biz näme etsekkäk? Eger oňa ýol bersek, köp adamlar oňa iman eder. Şonda rimliler gelip, ybadathanamyzy-da, halkymyzy-da ýok ederler» diýýär (Ýahýa 11:47, 48). Olar köp adamlaryň öz gözi bilen Isanyň «köp gudratlar görkezendigini» bilseler-de, Hudaýyň ol arkaly edýän işlerine begenmeýärler. Sebäbi olar özi hakda alada edip, ygtyýaryny elden gidermekden gorkýardylar.

Lazaryň direlmegi saddukeýleri masgara edýärdi, çünki olar direlişe ynanmaýardy. Kaýafa hem saddukeýdi; ol: «Siz ýagdaýa asla düşünmeýärsiňiz. Özüňize geljek peýdany görmeýärsiňiz. Eýsem, bütin halk heläk bolandan, halk üçin bir adamyň öleni gowy dälmi?» diýýär (Ýahýa 11:49, 50; Resullaryň işleri 5:17; 23:8).

Kaýafa mukaddes wezipäni eýeleýärdi we bu sözleri ol «öz-özünden aýtmandy», olary Hudaý aýtdyrypdy. Kaýafa Isanyň ölmegini isleýärdi, sebäbi halk ýehudy dini ýolbaşçylaryň yzyna eýermez öýdüp gorkýardy. Aslynda, ol pygamberlik sözlerini aýdýar. Sebäbi Isa diňe bir ýehudylar üçin däl, eýsem, «Hudaýyň (ähli) dagynyk çagalary» üçin hem ölmelidi (Ýahýa 11:51, 52).

Ýokary kazyýet Kaýafanyň täsiri bilen Isany öldürmeli diýen karar çykarýar. Isany gowy görýän Nikodim bu zatlary oňa baryp gürrüň beren bolmaly. Her näme-de bolsa, Isa şol bada Iýerusalimden gaýdyp, janyny halas edýär, sebäbi heniz Hudaýyň bellän wagty gelmändi.