Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

86-NJY BAP

Ýiten ogul dolanyp gelýär

Ýiten ogul dolanyp gelýär

LUKA 15:11—32

  • ÝITEN OGUL BARADAKY MYSAL

Isa Iordan derýasynyň gündogarynda ýerleşýän Pereýada wagyz edende, ýiten goýun we ýiten teňňe hakdaky mysallary gürrüň beripdi. Isa olary gürrüň bermek bilen, toba eden günäkäriň Hudaýa dolanandygyna begenmelidigini düşündirjek boldy. Sebäbi Isa şeýle adamlar bilen gepleşende, fariseýler we kanunçylar ony ýazgarýardylar. Eýsem, olar Isanyň gürrüň beren mysallaryndan bir zatlar öwrendilermi? Toba eden günäkär üçin gökdäki Atamyzyň begenýändigine bir düşündilermikä? Isanyň indiki gürrüň berjek mysaly şeýle ýagdaýda begenmegiň wajypdygyna düşünmäge kömek eder.

Gürrüň ata we onuň iki ogly barada gider. Esasy rolda oýnaýan adam — onuň kiçi ogly. Kiçi ogul bilen bolan waka diňleýjileriň ählisine, ýagny fariseýlere, kanunçylara we başga-da adamlara peýdaly bolar. Emma onuň kakasy we dogany baradaky aýdyljak zatlara-da ünsli bolmaly, sebäbi olardan hem köp zatlary öwrense bolar. Geliň, häzir Isanyň şu üç adam hakda gürrüň beren hekaýasyny diňläliň.

«Bir adamyň iki ogly bardy. Onuň kiçi ogly kakasyna: „Kaka, emlägiňden maňa degişli bölegini ber“ diýdi. Şonda kakasy emlägini iki ogluna bölüp berdi» (Luka 15:11, 12). Adatça, miras atasy dünýäden ötensoň paýlanýardy, emma üns beren bolsaňyz, kiçi ogly özüne degişli mirasy heniz atasy dirikä alýar. Ol erkin ýaşamak we mirasy öz islegine görä ulanmak isleýärdi. Indi näme bolarka?

Isa şeýle düşündirýär: «Bary-ýogy birnäçe günden soň, kiçi ogly ähli zatlaryny ýygnap, uzak ýurda gitdi we akylsyz ýaşap, bar emlägini ýele sowurdy» (Luka 15:13). Çagalaryny eý görýän we olaryň aladasyny edýän kakasynyň penasynda howpsuz öýde ýaşamaga derek, bu ogul başga ýurda gidýär. Ol keýpi-sapada ýaşap, bar mirasyny ýoklaýar. Soňra onuň başyna agyr günler gelýär. Isa muny şeýle gürrüň berýär:

«Ähli puluny sowanda, onuň ýaşaýan ýurdunda güýçli açlyk düşüp, ol mätäçlik çekip başlady. Ol hatda şol ýurduň ýaşaýjylarynyň biriniň ýanyna bardy-da, oňa hyzmat edip başlady. Ol hem ony meýdanyndaky doňuzlaryny bakmaga iberdi. Ol doňuzlara berilýän iýmitden garnyny doýurmak isleýärdi, ýöne oňa hiç kim bermeýärdi» (Luka 15:14—16).

Hudaýyň Kanunyna görä, doňuzlar haram hasaplanýardy. Emma bu ogul doňuzlary bakmaga mejbur bolýar. Ol açlykdan şeýle bir ejir çekýärdi welin, hatda doňuzlara berilýän iýmitden iýmäge-de razydy. Elbetde, şeýle agyr ýagdaýda onuň göwnüçökgünlige düşendigini göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek. Ýöne ol özüne gelende, şeýle diýýär: «Kakamyň hakyna tutan işçileriniň bol çöregi bar, men bolsa bärde açlygymdan ölüp barýaryn! Gowusy gidip, kakamyň ýanyna baraýyn-da, oňa: „Kaka, men gökdäki Hudaýa we saňa garşy günä etdim. Men seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däldirin. Meni hakyna tutulan işçileriň biri edäý“ diýeýin». Şeýdip, ol kakasynyň ýanyna gidýär (Luka 15:17—20).

Kakasy ogluny nähili garşylarka? Nebir öýüni terk edip, akylsyz hereket edeni üçin kakasy gaharlanyp, ogluna käýärmikä ýa-da sowuk-sala garşy alarmy? Eger siz onuň ýerine bolsaňyz näme ederdiňiz? Siz onuň ogly ýa gyzy bolsaňyz näme ederdiňiz?

ÝITEN OGUL TAPYLÝAR

Isa kakasynyň duýgularyny şeýle beýan edýär: «Ol (ogly) heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi gyýyldy we ylgap bardy-da, ony gujaklap, mähirli ogşady» (Luka 15:20). Kakasy oglunyň ahlaksyz durmuş alyp barandygyny eşitse-de, ony gujak açyp garşylaýar. Agzyny dolduryp Ýehowany tanaýarys we oňa sežde edýäris diýýän dini ýolbaşçylar bu mysaly diňläp, gökdäki Atamyzyň toba eden günäkäre nähili garaýandygyna düşünermikä? Olar Isanyň hem şeýle adamlara kömek etmek isleýändigine akyl ýetirip bilermikä?

Göwnüçökgünlikden ýaňa başyny aşak salyp gelýän ogluny görende, kakasy onuň toba edendigine düşünen bolmaly. Söýýän kakasy gujak açyp garşylanda, ogluna etmişini boýun almak aňsat bolandyr. Isa muny şeýle gürrüň berýär: «Şonda ol kakasyna: „Kaka, men gökdäki Hudaýa we saňa garşy günä etdim. Men seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däldirin“ diýdi» (Luka 15:21).

Soňra kakasy hyzmatkärlerine şeýle tabşyryk berýär: «Hany, çaltrak gidiň-de, iň gowy uzyn dony getirip, oňa geýdiriň, barmagyna ýüzük dakyň, aýagyna-da aýakgap beriň! Şeýle-de bakylan öküzi getirip soýuň. Geliň, iýip-içeliň-de, toý tutalyň. Sebäbi meniň oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi bolsa tapyldy». Şeýdip, olar şatlanmaga başlaýarlar (Luka 15:22—24).

Şol wagt uly ogly ekin meýdanyndan dolanyp gelýär. Isa muny şeýle gürrüň berýär: «Ol... öýüne golaý gelende, aýdym-sazyň we tans edýänleriň sesini eşitdi. Ol hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, ondan bolýan zatlary sorady. Hyzmatkär oňa: „Seniň doganyň dolanyp geldi. Onuň sag-aman dolanyp gelendigi üçin, kakaň bir semiz öküzi soýdurdy“ diýdi. Ol gaharlanyp, öýe-de girmedi. Şonda kakasy daşaryk çykyp, oňa ýalbaryp başlady. Ol hem kakasyna şeýle jogap berdi: „Ine, men ençeme ýyl bäri saňa hyzmat edip gelýärin we elmydama saňa gulak asýaryn. Ýöne sen dostlarym bilen şatlanmagym üçin, maňa ýekeje owlak hem bermändiň. Emma emlägiňi bozuk aýallara sowran ogluň geldi welin, sen onuň üçin semiz öküz soýdurtdyň“» (Luka 15:25—30).

Isanyň sada adamlara we günäkärlere rehim edip, olar bilen gatnaşýandygyny görende, kanunçylar hem-de fariseýler mysaldaky uly ogla meňzäp, ony tankytlapdylar. Olaryň şeýle garaýşy Isanyň gürrüň beren hekaýasynda gaty gowy beýan edilýär. Hudaýyň rehimdarlygyny tankytlaýan her kişi şu mysaldan özüne sapak edinse nähili gowy bolardy!

Isa gürrüňini kakasynyň uly ogluna aýdan sözleri bilen tamamlap: «Oglum, sen elmydama meniň bilendiň, zatlarymyň barysy seniňki ahyryn. Biziň şatlanyp toý tutmagymyzyň sebäbi, doganyň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi bolsa tapyldy» diýýär (Luka 15:31, 32).

Hekaýada uly ogluň nähili netijä gelendigi aýdylmaýar. Emma Isa aradan çykyp, direlenden soň, oňa «ençeme ruhanylar hem iman etdiler» (Resullaryň işleri 6:7). Ähtimal, olaryň arasynda Isanyň ýiten ogul baradaky mysalyny eşidenlerem bolandyr. Hawa, hatda şeýle adamlar hem toba edip, Hudaýa dolanyp bilýärler.

Şu günlerem Isanyň şägirtleri onuň şol gürrüň beren mysalyndan wajyp sapak edinýärler. Howpsuzlykda ýaşaýan Hudaýyň halkyny terk edip, «uzak ýurda» gitmek we keýpi-sapada ýaşamak barypýatan akylsyzlyk bolardy. Çünki gökdäki Atamyz bizi söýýär we aladamyzy edýär.

Eger aramyzda kimdir biri Hudaýyň ýolundan sowlan bolsa, onda pesgöwünlilik bilen Atamyzyň ýanyna dolanyp, ýene-de onuň merhemetini gazanjak bolmaly.

Rehimdar, geçirimli ata bilen öýkeli we barlyşyksyz uly ogluň mysalyndan hem köp zatlary öwrense bolar. Sürüden daşlaşan adam ýürekden toba edip, «Atasynyň öýüne» dolananda, Hudaýyň gullukçylary geçirimli bolup, ony güler ýüz bilen garşy almak isleýärler. Sebäbi doganymyz «ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi bolsa tapyldy» ahyryn.